Kitap okamagyň usuly

25 Ýanwar 2021
2723

Adamzadyň häzirki ösen ýokary derejesi, ilkinji nobatda, kitap bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynsanyň ýaşaýşynyň, çekýän zähmetiniň ähli ugurlary, jemgyýetiň geçmişi, şu güni we geljegi hakyndaky maglumatlar bu bahasyz baýlykda jemlenendir. Kitap bilimiň, ylmyň gözbaşydyr. Ondaky berilýän maglumatlar ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim ummanyna ynamly aralaşmaga ýardam berýär. Kitaba şeýle iňňän üýtgeşik, dykgat bilen üns berilmegi bolsa onuň adamzadyň durmuşynda deňi-taýy bolmadyk uly ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu gymmatly baýlyk üçin göz dikip oturan malyndan geçmäge taýýar türkmen kitaba bolan söýgüsini asyrlardan, heňňamlardan aşyryp, häzirki döwre ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiz kitaba sarpa goýmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär. Bu röwşen hakykat Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp eserleri bolan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda, «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda giňden we örän inçelik bilen açylyp görkezilýär.

Eždatlarymyzyň kitap, onuň peýdasy hakyndaky ýörelgeleri häzirki zamanda täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan kaşaň kitaphanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň kitap gorlarynyň üsti täze neşir edilýän kitaplar bilen baýlaşdyrylyp durulýar.

Aýjemal RAHIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.