Sungatyň aşygy

25 Ýanwar 2021
1138

Siziň synlaýan ajaýyp sungat eserleriňiz welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň IV ýyl talyby Zafar Soltanowyň çeken suratlary. Biz onuň okuwyndan boş wagtyna gabatlap döredijilik ussahanasynda myhmançylykda bolduk. Zafaryň çekýän suratlarynyň aglabasynda gözel tebigatymyzyň, behişdi bedewlerimiziň, gadymy galalarymyzyň ajaýyp keşbi janlanýar.

Döredijilik adamsy bilen söhbetdeş bolmak juda ýakymly. Zafar esasan, açyk, ýagty reňkler bilen işlemegi gowy görýär. Bu reňkleri özüne has ýakyn hasaplaýar. Ol gülgüne, açyk sary, gök, ýaşyl reňkleriň sazlaşmagynda ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Hatda garaňky gijäni hem nurana Aýyň ýagtysy bilen bezemegi başarýar. Talyp ýigit çeper eserleri, aýratyn-da taryhy wakalary beýan edýän kitaplary köp okaýar. Onuň taryhyň gatlaryndaky gahrymançylykly wakalary göz öňüne getirmek esasynda döreden birnäçe sungat eserleri bar. Dürli mowzugda sungat eserlerini döredip, oňa döwrüň ruhuny siňdirýär. Ol eserleriniň süňňüne halkymyzyň milliligini, özboluşly ruhy dünýäsini çaýýar. Suratkeş çekýän suratlaryna öz içki dünýäsini, ýürek owazyny bagyş edýär. Onsoň onuň eserlerini synlap, diýjek bolýan sözlerini, kalbyndaky oý-pikirleri olardan okabermeli...

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.