«Gök salar sen daşdan, bugdaý!»

25 Ýanwar 2021
1148

Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Çärjew etrabynyň bugdaý kärendeçileri hem topraga ýaşyl ýorgan ýapan meýdanlara ikinji döküni bermek, altyn kükürt sepmek we suwarmak işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle bolansoň ekin meýdanlarynda gyşyň ortaky aýynda hem iş ýetik. Meýdanlaryň ählisinde maýsalaryň endigan boý alşyny görmek bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedine bolan ynamyňy has-da artdyrýar.«Gök salar sen daşdan, bugdaý!»

Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigi geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşen topragydyr. Daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Narmämmedowyň bugdaýly meýdanyndaky oraga ak pata beren Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy, Hydyr nazary ene ýeriň berekedine bereket goşupdy. Çärjewli daýhanlar bugdaýdan hem, pagtadan hem, aralyk ekinlerden hem bol hasyl ýygnap, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen utgaşan ýyly zähmet üstünliklerine besläpdiler. Gazanylan üstünlige «Watan» daýhan birleşiginiň daýhanlary hem uly goşant goşdular.

Batyr ADYLOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy.