Täzelikler

25 Ýanwar 2021
1664

Köýtendagly telekeçi Baýpolat Ergeşowyň 3,5 gektar meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalarynyň 27-sinde ýetişdirýän gök we bakja önümleri diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem, paýtagtymyzyň hem bazarlarynda halkymyza terligine, elýeterli bahalardan hödürlenilýär.

Ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda hem bolgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda ekilen gök ekinler ýylyň ahyrynda ýetişdi. Olardan ýygnalan hasyl ilatyň Täze ýyl baýramçylyk saçaklarynyň berekedine bereket goşdy. Pomidordan 1 tonna, hyýardan 8 tonna golaý hasyl alyndy. Şu günlerde telekeçi bolgar burçunyň hasylyny ilata günübirin ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw-hemaýat bermegi, ýeňillikli şertleri döretmegi bilen ene ýerden bol hasyl alýan hususyýetçileriň ýüzlerçesiniň yhlasly zähmetiniň netijesinde welaýatymyzyň bazarlarydyr dükanlarynda gök we bakja önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Telekeçiler öz önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksporta hem iberýärler.