"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Jeýhunda» işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletli tutumlar uly rowaçlyklara beslenýär. Bu babatda döwletimiz tarapyndan önümçilik kärhanalaryna berilýän yzygiderli goldawdyr kömekler, döredilýän uly ýeňillikler welaýatymyzda hem oňyn netijelerini berýär. Azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň hatarynda welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň «Jeýhun» miwe we gök-bakja önümlerini gaplaýjy kärhanasyny hem görkezmek bolar. Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana dünýa ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, uly önümçilik mümkinçilige eýe. Onda her gije-gündizde gök-bakja önümleriniň we miweleriň alty tonna golaýy gaplanylyp, gaplamalaryň 10-dan gowrak görnüşi taýýarlanylýar.

Rowaçlyklaryň binýady berkidilýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanyp barýan ýylyň bize nämeleri bagyş edendigine göz aýlamak, gazananlarymyzy ölçerläp, geljege belent maksatlary tutunmak örän ýakymly. Ildeşlerimiziň saçaklaryndaky bolçulykdan, ýüz-gözlerindäki şatlykdan çen tutubam, hoşlaşyp barýan ýylymyzda garaşylýan tamalaryň, arzuwlaryň hasyl bolandygyny bilip bolýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şowly gadamlaryň buýsançly ýazgylaryny galdyrdy. Bu ýylda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýeriň hasyl berijiligini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri döretmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlarda edilen işler has-da göze görnümlidir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän syýasatlarynyň netijesinde welaýatymyzyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýan oba hojalygynda häzirki wagtda kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ýagdaý oba hojalyk ekinlerinden ýeterli hasyl ýygnalmagy üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şu ýyl bugdaý, şaly we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden meýilleşdirilen hasyl artygy bilen ýygnaldy. Welaýatymyzda gök-bakja önümleri bilen ilatyň bütin ýylyň dowamynda üpjün edilýändigi bolsa aýratyn begendirýär. Azyklyk önümleriň d

Türkmenabatda täze ýyl öwüşginleri

Türkmenabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramyny her ýyl üýtgeşik mähir we şadyýanlyk bilen garşylaýarlar. Şäheriň Garaşsyzlyk ýyllarynda gözelleşen keşbi, aýdyň gündizleri we ýagty gijeleri, owadan ýollary hem-de döwrebap seýilgähleri Täze ýyl baýramyna has-da gelşik berýär. Iň esasysy bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň ruhubelentligi dessine gözüňe ilýär. Baýramçylyk golaýlaşdygysaýyn özgerişlikler has-da ýakymly görünýär. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde döredilýän gowulyklaryň bu günki gün ildeşlerimiziň ruhubelentliginiň baş çeşmesidigini hem şu ýerde aýdasyň gelýär.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralarynyň döredilmegi, mekdep-gimnaziýalarynyň işe girizilmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda öňe sürülýär. Häzirki günlerde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumy we umumy ýaşaýyş jaýy bilen birlikde welaýat merkezimizde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Ýylyň-ýylyna iň çetki obadyr şäherlerimizde hem häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň işe girizilmegi ata Watanymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Şahyryň ýylynda şahyry ýatlap

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik babatynda ähli maksatlaryma ýetdimmikäm öýdýärdüm welin, ýylyň başynda başlap, soňa galan bir makalam hakydama geldi-de, ähli işimden elim sowady. Ol şahyr Italmaz Hudaýberdiýewi ýatlap, ýazyp başlan makalamdy. Şondan soňra bergidarlyk duýgusy bilen, şol başlan makalama nokat goýmagy maksat edindim. 2014-nji ýylyň maý aýydy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň işgäri jaň edip, «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolandygymy aýdyp, ertesi gün bäsleşigiň jeminiň jemlenjek ýerini we barmaly wagtyny aýdyp hoşlaşdy.

Beýik Akyldara bagyşlanan dessan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde we halka ýetirmekde ençeme işler amala aşyrylýar. Bu möhüm işe türkmen we daşary ýurtly alymlaryň giňden gatnaşýandyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow hem bar. Alym indi 1996-njy ýyldan bäri bu institutda talyplara edebiýaty öwreniş dersinden sapak berýär. Ol irginsiz ylmy-döredijilik gözlegleriniň netijesinde türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlap birnäçe ylmy işleri ýazdy. Olaryň arasynda «Magtymguly Pyragy bilen Dante Aligeriniň bakylyk pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň keşbi Wladislaw Bahrewskiniň «Şahyr» atly powestinde», «Syryň eýläp, paşa düşüp sen...», «Pyragynyň şanly ýyly — adamzadyň kämil ýoly» atly ylmy-publisistik makalalary hem bar. Bu makalalar okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Magtymguly Pyragy

Kalbymyza nagyş bolan gazal, şygra eýe sen,Ýürekleriň töründe sen, Magtymguly Pyragy!Şygryýetiň şalygynda göwünlere söýe sen,Ynsanýetiň serinde sen, Magtymguly Pyragy! Berkarar döwlet islediň eziz türkmen halkyna,Wysalyna ýetdi türkmen Hak tarapyn ýalkana,Bak, Lebaba, Daşoguza, Ahal, Mary, Balkana,Gül Diýaryň barynda sen, Magtymguly Pyragy!

Mähribanlyga ýugrulan aladalar

Çagalar durmuşyň gülüne meňzedilýär. Olar nurana ýylgyryşy bilen tutuş barlyga ýylylyk, mähir, söýgi paýlaýarlar. Durmuşyň lezzeti, ömrüň manysy çagalar bilen has-da goýazylaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler ýaş nesliň röwşen geljeginiň bähbidine amala aşyrylýar. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde seredilen meselelerden, kabul edilen möhüm çözgütlerden hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi operasiýalaryň 500-den gowragynyň, üstümizdäki ýylda bolsa 261-siniň geçirilmegi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylmagy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilmegi netijesinde körpeleriň ýüzlerçesi saglygyna gowuşdy, olaryň hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň bolsa iň uly ýürek arzuwy wysal tapdy.

Dürdäne şygyrlarda Watan waspy

Özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat kowmunyň öňünde bitiren hyzmaty ölçärden juda uludyr. Magtymgulynyň keşbi mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde kalbymyzda hemişe örboýuna galyp dur. Watançylyk, gahrymançylyk äheňli goşgular söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dana şahyr Watanyny janyndan eý görüpdir, söýüpdir, ezizläpdir. Gözleriniň garasyna deňäpdir. Şahyr öz ilini uçursyz söýşi, apalaýşy, baýdak edişi ýaly, onuň uly geljegine umytly garapdyr. Bu ýörelge şahyryň şu goşgy setirlerinde aýdyň beýanyny tapýar:

Saçlaryňyz sagdynmy?

Ynsan gözellikleriniň biri saçlarymyzdyr. Olaryň sagdyn, owadan bolmagy üçin dogry ideg etmek gerek. Häzirki wagtda kosmetiki serişdeleriň kämilleşmegi bilen şampun, sabyn, balzam, losýon ýaly önümleri ulanýarys. Ýöne ene-mamalarymyzdan gelýän öý şertlerindäki saç ideglerini ulanmak hem saçlarymyza örän gowy täsir edýär we olaryň gür, owadan bolmagyna ýardam berýär. Ene-mamalarymyz gadymdan bäri gatyga, süzmä saçlaryny ýuwupdyrlar. Gatyk, esasan-da, gyş paslynda saça ideg etmekde iň köp ulanylýan peýdaly serişdeleriň biridir. Çünki ol B we E ýokumlaryna, beloklara, kalsiýa hem-de beýleki ýokumly maddalara diýseň baýdyr. Bu ýokumlar bolsa saçy iýmitlendirmek bilen, olaryň gür we lowurdap durmagyna getirýär.

Uzak ýaşamagyň syry

Beden üçin işjeňlik fiziologiki zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Könelerimiz: «Hereket bereketdir» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Hakykatdan-da, hereket bereket bolmak bilen bir hatarda sagdyn, syratly bolmagyň hem ilkinji açarydyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olaryň biri fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak, beýlekisi bolsa dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa taýdan deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Munda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Munuň özi aşa semizlige eltýär. Şeýle-de gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoparozyna, ýürek-damar, oňurga, süýji, kelle-beýni keselleriniň we howply täze döremeleriň käbir görnüşiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şuňa görä günüň dowamynda 30 minut bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine ýardam edýär.

Tansyň saglyga täsiri

Taryhy ýazgylardan we arheologik tapyndylaryň ýüzündäki wakaly suratlardan milli tanslaryň döreýşi barada örän gyzykly maglumatlara göz ýetirýärsiň. Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym-sazlary we tanslary döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly, milli tanslar joşgunly ylhamyň, paýhas akabasynyň asyrlara ýaň salan ruhy ýörelgesidir. Milli tanslar ynsan kalbynyň şatlygynyň, bagtyýarlygynyň, buýsanjynyň hereketler arkaly beýanydyr. Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. Alymlaryň pikirine görä, tans adamlaryň saglygyna-da peýdaly. Üstesine-de, diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygyna-da oňat täsir edýär. Bilermenleriň geçiren barlagynyň netijesinde tansyň adamyň degna ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýandygy äşgär edildi. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün etmek bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

Ýönekeý kadalar, ygtybarly usullar

Gyş paslynyň gelmegi bilen ýiti respirator keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy has-da artýar. Kesel ýokuşanda, kellagyry, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak, bokurdagyň gyzarmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Keselden goranmak üçin ýaşaýyş we edara jaýlarynyň howasyny çalşyp durmak, ýelejiretmek zerur bolup durýar. Jaýlaryň howasyny tämiz saklap, ýokançlaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. Uzak wagtlap sowuk ýerde bolup, kesele garşy durnuklylygyň peselmegi sebäpli adamyň bedeni ýiti sowuklama keseliniň ýokançlaryna duýgur bolýar. Şol sebäpli otaglar ýelejiredilende, şemalyň öňünde durmaly däldir. Otaglarda çalt-çaltdan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Köpräk miwe we bakja önümlerini iýmeli. С ýokumyna baý narpyzly, ary bally we limonly çaýlary köpräk içmeli. Şeýle-de mäşli, noýbaly unaş örän peýdaly.

Miwesi hem, ýapragy hem peýdaly

Güneşli ülkämizde bitýän ösümlikleriň köpsanlysynyň bejerijilik häsiýete eýedigini ylmy maglumatlar tassyklaýar. Şolaryň hatarynda injir aýratyn orny tutýar. Onuň miwesi, ýapraklary melhemlik serişde hökmünde ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda bu barada giňişleýin durlup geçilýär. Injiriň düzüminde adamyň gan damarlarynda dykynyň döremeginiň öňüni almaga ukyply maddanyň bardygyny häzirkizaman ylmy kesgitledi. Şeýle hem injiriň düzümindäki asetilsalisil turşusyna (aspirin) meňzeş maddalar we efir ýaglary gany suwuklandyrýar we kelle-beýni gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Bu bolsa döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin has hem peýdalydyr. Halk lukmançylygynda injiriň süýtde gaýnadylan gaýnatmasy ýa-da sykylyp alnan şiresi ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerini, damagyň, traheýanyň, bronhlaryň sowuklamasyny, bronhoektaz keselini bejermekde ulanylýar. Degna ulgamyny berkidýändigi, öýjükleriň ýaşaýyş ukyplylygyny we bedeniň işjeňligini ýokarlandyrýandygy, ýadawlygy aýyrýandygy sebäpli ysgynsyzlykdan, gowşaklykdan saplanmak ýa-da agyr kesellerden soňky dikeldiş döwrüni tizleşdirmek, epilepsiýa tutgaýlarynyň öňüni almak üçin injiriň ter miwesini iýmek maslahat berilýär.

Omar Haýýamyň ylma goşan goşandy

Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,Zyýadadyr onuň akyly-huşy.Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,Ynsandyr zynaty, bezegi, gaşy. Bu ajaýyp goşgy setirleriniň haýsy şahyra degişlidigini her birimiz mekdep ýyllarymyzdan bäri bilýäris. Ol Giýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Haýýam Nişapurydyr. Şygryýet dünýäsinde öçmejek yz goýan Omar Haýýam öz döwrüniň meşhur alymy hem bolupdyr. Ol 1048-nji ýylyň 18-nji maýynda Horasan welaýatynyň Nişapur şäherinde eneden dogulýar. Omar Haýýam 8 ýaşynda matematika, astronomiýa, filosofiýa bilen gyzyklanyp başlaýar. 12 ýaşyndan başlap Nişapurdaky, Balhdaky, Samarkantdaky, Buharadaky medreselerde bilim alýar. Ol Gündogaryň we Günbataryň belli alymlarynyň matematika we astronomiýa bilen baglanyşykly işlerini içgin öwrenýär.

Baýramçylyk şadyýanlyga beslensin!

Ýene birnäçe günden bagtyýar ilimizde Täze ýyl giňden baýram ediler. Hut häzirki günlerde bolsa hemmeleriň söýgüli baýramyny garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Eýýäm Täze ýyl arçalarynyň köp öwüşginli çyralary ýakyldy. Her bir öýde hem bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Şonda maşgala ojaklarynyň törüni ajaýyp Täze ýyl arçalary bezeýär. Baýramçylyk dabaralary edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda hem geçirilýär. Bu baýramyň şadyýanlykda geçmegini gazanmak üçin bolsa ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegiň möhümdigine ildeşlerimiziň ünsüni çekmekçi bolýarys. Mälim bolşy ýaly, edara-kärhanalarda, ýokary, orta okuw mekdeplerinde we çagalar baglarynda Täze ýyl arçalary oturdylyp, olaryň ýanynda medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Baýramçylyk çäreleri geçirilýän wagtynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir. Olar bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini we ýangyna garşy gaýragoýulmasyz çäreleri öwrediji gözükdiriş geçirilmelidir.

Ýaş küştçülerimiziň üstünligi

Welaýatymyzyň ýaş küştçüleri Täze ýyl baýramyna uly sowgatlar bilen geldiler. Olar Tailandyň Bangkok şäherinde 7 — 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň birinjiliginde medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Abraýly ýaryşdan gelen medallaryň ikisi küştüň rapid, galan ikisi hem blis görnüşi boýunça gazanyldy. Rapid boýunça ýaryşlarda 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Maksat Awlýakulyýew 72 döwlete wekilçilik eden bäsdeşleriniň arasyndan saýlanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Küştüň şu görnüşi boýunça 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa welaýat merkezindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýa Baýramowa hem ýurdumyza kümüş medal bilen dolanyp geldi. Ol bu üstünligi 39 döwletiň wekilleriniň arasynda gazandy.

Tymsallar

Iň gymmatly zat näme? Ýaş oglan dana goja şeýle sowal beripdir:

Ýalkawly işe işjeň gatnaşyp

Ata-babalarymyz bag oturtmagy, olara ideg etmegi iň sogaply işleriň biri hasaplapdyrlar. Şahyr aýtmyşlaýyn, bir agaç oturdanyň ady dünýäniň kitabyna baky ýazylýar. Eždatlarymyzyň bu röwşen ýoly häzirki nesiller tarapyndan ynam bilen ýöredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda her ýylyň ýazynda we güýzünde bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde obadyr şäherlerimiz gür baglyga bürenýär. Şeýle möhüm işe ýaşlary çekmek üçin olarda çagalygyndan tebigata söýgi döretmek möhüm bolup durýar. Ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermek, olarda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endiklerini terbiýelemek bilim ojaklarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işiniň möhüm bölegidir. Olarda ene topragyň mukaddesdigi, baglara ideg etmegiň her bir ynsanyň perzentlik borjudygy hakynda berk düşünjeleri kemala getirmek işinden ene-atalar hem çetde durmaýarlar. Bilelikde hereket etmek arkaly beýik döwrümize mynasyp şahsyýetleriň kemala gelýändigi guwandyrýar.

Jümle-jahan habarlary

Iň peýdaly agaç