Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

18 Dekabr 2024
94

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralarynyň döredilmegi, mekdep-gimnaziýalarynyň işe girizilmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda öňe sürülýär.

Häzirki günlerde paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumy we umumy ýaşaýyş jaýy bilen birlikde welaýat merkezimizde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Ýylyň-ýylyna iň çetki obadyr şäherlerimizde hem häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň işe girizilmegi ata Watanymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Yhlas BABAGELDIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.