Beýik Akyldara bagyşlanan dessan

18 Dekabr 2024
102

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde we halka ýetirmekde ençeme işler amala aşyrylýar. Bu möhüm işe türkmen we daşary ýurtly alymlaryň giňden gatnaşýandyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow hem bar.

Alym indi 1996-njy ýyldan bäri bu institutda talyplara edebiýaty öwreniş dersinden sapak berýär. Ol irginsiz ylmy-döredijilik gözlegleriniň netijesinde türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlap birnäçe ylmy işleri ýazdy. Olaryň arasynda «Magtymguly Pyragy bilen Dante Aligeriniň bakylyk pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň keşbi Wladislaw Bahrewskiniň «Şahyr» atly powestinde», «Syryň eýläp, paşa düşüp sen...», «Pyragynyň şanly ýyly — adamzadyň kämil ýoly» atly ylmy-publisistik makalalary hem bar. Bu makalalar okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.