"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylygyň we berkararlygyň dabaralanmasy

Şu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy — Halkara Bitaraplyk güni Lebap ilinde-de uludan baýram edildi. Baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyndan başlandy. Ir säherden bu ýere welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri we talyplar ýygnandylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Bag­ty­ýar we pa­ra­hat gel­jek üçin

«Suw — ke­ra­mat» diý­ýär türk­men. Oňa mu­kad­des­lik hök­mün­de se­red­ýär. Su­wuň ke­ra­mat, mu­kad­des­lik ke­mi ýok. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry bol­sa bu go­şa be­lent­li­giň öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy­na öw­rül­di. Ag­ram­ly bö­le­gi­ni üm­mül­mez säh­ra­lyk­lar eýe­le­ýän sa­ud top­ra­gy Ys­lam di­ni­niň mer­ke­zi hök­mün­de zy­ýa­rat edil­ýän me­kan­la­ra baý. Bu ýer­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti bol­sa mu­kad­des suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, onuň Ýer ýü­zü­niň ila­ty­na deň de­re­je­li paý­lan­ma­gy­ny ga­zan­mak bi­len bag­ly bol­dy. Sa­pa­ryň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­me­gin­den baş­la­nan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Mu­kad­des­lik­le­riň me­ka­ny­na her ge­zek gel­nen­de, ýö­ri­te­läp zy­ýa­rat et­mek hal­ky­my­zyň zan­dyn­da bar. Türk­men hal­ky Kä­be ýa­ly dün­ýä bel­li mu­kad­des­lik­ler­den däl, eý­sem, oba-ga­ra­da ga­bat gel­ýän zy­ýa­rat­ha­na­lar­dan sow­lup geç­me­gi hem una­ma­ýar. Mu­kad­des Kä­bä edi­len zy­ýa­rat bol­sa döw­let­li tu­tum­la­ra ro­waç­lyk çaý­ýan aý­ra­tyn­lyk­dyr.

Dur­mu­şyň be­ze­gi, döw­rüň buý­san­jy

Mil­li Li­de­ri­miz ge­çen ýyl­lar­da yla­hy ze­hi­nin­den, pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän yl­my- fi­lo­so­fik we çe­per eser­le­ri­niň en­çe­me­si­ni hal­ky­my­za peş­geş etdi. Yn­ha, go­laý­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by ne­şir edi­lip, ulus-ili­mi­ze go­wuş­dy. Bu gym­mat­ly eser ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 29 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­le­rin­de türk­me­nis­tan­ly­lar üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Köp­ýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz uzak geç­miş­de dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­dy. Da­na pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den bi­na­gär­lik eser­le­ri, sün­nä­läp kä­mil­leş­di­ren se­net­çi­lik, se­ýis­çi­lik däp­le­ri, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ne­pis el iş­le­ri umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň şu gün­ki ne­sil­le­re gal­dy­ran ede­bi mi­ra­sy hem pä­him-paý­has çeş­me­si hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ese­rin­de hem hal­ky­my­zyň şeý­le baý ta­ry­hy-me­de­ni dur­mu­şyn­dan söz aç­ýan yl­my ga­ra­ýyş­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz bu ki­ta­by dö­ret­mek­de şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşandygyny, şeýle-de ar­heo­log­la­ry­my­zyň tä­ze ta­pyn­dy­lar esa­syn­da top­

Bi­ta­rap­lyk — asyr­la­ryň owa­zy, Bi­ta­rap­lyk — röw­şen gün­leň do­wa­my

Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­nyKu­ýa­şyň ka­ma­tyn köň­le syg­dy­ranTürk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­ny.Pe­der­le­riň päh­min döw­re syg­dy­ranTürk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­ny. Ak daň­lar­dan alyp aý­dyň ýo­lu­ny,Heň­ňam­lar­dan alyp aý­dym-sa­zy­ny,Kal­by­na na­gyş­lap ba­har-ýa­zy­nyTürk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­lyk me­ka­ny.

Bi­tewülige binýat, ösüşlere badalga

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul ede­nin­den bä­ri ge­çen döw­rüň için­de türk­men Bi­ta­rap­ly­gy il-ul­su­my­zyň be­genç-buý­san­jy­na, mer­te­be­li hu­kuk de­re­je­si­ne, mil­li mu­kad­des­li­gi­ne öw­rül­mek bi­len, dün­ýä döw­let­le­ri­niň we halk­la­ry­nyň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de we ös­dür­mek­de uly ab­ra­ýa eýe bol­dy. Ýur­du­my­za Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň be­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ata-ba­ba ar­zuw­lan za­ma­na­sy­na eýe bo­lan­dy­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de dün­ýä ýaýyl­dy. Çün­ki ež­dat­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan we mil­le­ti­mi­ziň mil­li aňy­ýe­ti­ne or­nan dos­ta­na goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, döw­let­le­riň bi­rek-bi­re­gi­niň iç­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk, har­by to­par­la­ny­şyk­lar­dan daş­da dur­mak ýa­ly ýö­rel­ge­ler türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mi­ze­mez ka­da­la­ry hök­mün­de tä­ze­den da­ba­ra­lan­dy. Hut şeý­le bo­lan­soň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk hukuk de­re­je­si­ni ikin­ji ge­zek ýö­ri­te Ka­rar­na­ma bi­len ber­kit­di. Mu­nuň özi türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň dün­ýä yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­ter­di we

Bag­tyň me­kan tu­tan ül­ke­sin­de

Bi­ziň ýur­du­myz­da do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri­niň köp­san­ly­sy bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýar. Olar bi­ziň oba­daş­la­ry­myz, synp­daş­la­ry­myz, ta­lyp­lyk ýol­daş­la­ry­myz, hat­da ga­ryn­daş­la­ry­myz. Yk­ba­lyň em­ri bi­len ta­ry­hyň bir dö­wür­le­rin­de türk­men top­ra­gy­na dü­şüp, soň hem bu top­ra­gyň mäh­ri­ne aşyk bo­lup, ony mü­di­mi me­kan tu­tu­nan do­gan­la­ry­myz ra­ýat­syz­ly­gy azalt­mak bo­ýun­ça uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän türk­men döw­le­ti­niň sa­ýa­syn­da ýurt­daş­la­ry­my­za hem öw­rül­ýär­ler. Bu gün olar ýur­du­my­zyň deň­li-de­re­je­li ra­ýa­ty hök­mün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk to­ýu­ny toý­la­ýar­lar. Şan­ly se­nä­niň öň ýa­nyn­da Çär­jew et­ra­by­nyň Jen­di ge­ňeş­li­gi­niň Baş­sa­ka oba­syn­da ýa­şa­ýan şeý­le maş­ga­la­la­ryň bi­ri­niň öýün­de myh­man­çy­lyk­da bol­duk. Bu öý ga­zak do­gan­la­ry­myz Jol­das Hy­dyr­ba­ýew­le­riň maş­ga­la­sy­na de­giş­li. Bag­ty­ýar öý eýe­le­ri­niň ýe­di per­zen­di ýe­di ýer­den ga­la bo­lup, ata-ene­si­niň eli­ne iş ýe­ti­re­nok­lar. Soň­ky ýyl­lar­da ge­lin­ler, ag­tyk­lar bi­len maş­ga­la­nyň ge­ri­mi has gi­ňe­di. Maş­ga­la­nyň esa­sy iş­le­ri­niň bi­ri dü­ýe­dar­çy­lyk. Bu asyl­ly kär bu maş­ga­la­da ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär. Dü­ýe­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­mak üçin Gy­zyl­gu­muň gi­ňiş­lik­le­rin­de müm­kin­çi­lik nä­çe diý­seň bar. Yl­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur

Doganlygyň ak ýoly

Ara­da Ker­ki et­ra­byn­da ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri­ne gat­naş­mak­lyk mi­ýes­ser et­di. Onuň do­wa­myn­da us­sat aý­dym­çy­la­ryň, tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bi­len bir­lik­de ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren mil­li tans­la­ry hem baý­ram­çy­ly­ga ýyg­na­nan­la­ryň gyz­gyn el­çar­pyş­ma­la­ry­na my­na­syp bol­dy. Ça­ga­la­ryň göç­gün­li çy­kyş­la­ry­nyň tä­si­rin­den es­li wagt­lap çy­kyp bil­me­dik. Soň­ra des­si­ne bu to­pa­ryň dö­reý­şi, taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp baş­la­dyk. Ha­bar be­riş­le­ri ýa­ly, et­rap­da hereket edýän ki­çi we uly ýaş­ly ça­ga­lar­dan dü­zü­len «Ýyl­dyz» tans to­paryna in­di es­li wagt­dan bä­ri Iri­na Şu­wa­lo­wa ýol­baş­çy­lyk ed­ýär eken. Iri­na Şu­wa­lo­wa Ker­ki et­ra­byn­da­ky 1-nji ça­ga­lar sun­gat mek­de­bin­de for­te­pia­no mu­gal­ly­my bo­lup iş­le­ýär. Ol türk­men mil­li sun­ga­ty­nyň, esa­san-da, mil­li tans­la­ry­my­zyň muş­da­gy. Iri­na mu­gal­lym esa­sy işi­niň da­şyn­dan Ker­ki et­rap me­de­ni­ýet öýü­niň, öz iş­le­ýän sun­gat mek­de­bi­niň tan­sa hö­wes­li ze­hin­li ça­ga­la­ry­ny jem­läp, ola­ra mil­li tans­la­ry­my­zyň in­çe syr­la­ry­ny öw­red­ýär.

Baky Bitaraplyk, Gahryman Serdar

Keşbiň köňüllere salyp dur ýalkym,Gülleň gujagynda erkana halkym. Abadanlyk, asudalyk — ak bagtym,Baky Bitaraplyk, Gahryman Serdar. Diýarym jenneti, baky ýazlydyr, Senden özge gözel mekan barmydyr?! Goýny toý-baýramly, aýdym-sazlydyr, Baky Bitaraplyk, Gahryman Serdar.

Isleglerimiz myradyna gowuşýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýyly diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýy­ly­myz da­na Py­ra­gy­nyň gy­zyl­dan gym­mat­ly dö­re­di­ji­li­gi­ni çuň­ňur öw­ren­mek­de we dün­ýä ýaý­mak­da iň ne­ti­je­li ýyl­la­ryň bi­ri hök­mün­de şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da öç­me­jek yz goý­ýar. Akyl­dar şa­hy­ryň ýurt ber­ka­rar­ly­gy, hoş­me­ýil­li goň­şu­çy­lyk we dost-do­gan­lyk bi­len bag­ly ýü­rek ar­zuw­la­ry­nyň wy­sa­ly bo­lan Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gahryman Arkadagymyzyň Mag­tym­gu­ly Pyragynyň ede­bi mi­ra­sy­ny top­la­mak­da, yl­my esas­da öw­ren­mek­de, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň syn­maz sü­tün­le­ri­ne öw­rü­len mö­hüm sy­ýa­sy-fi­lo­so­fik, jem­gy­ýet­çi­lik, yn­san­per­wer­lik, ru­hy-ah­lak ga­ra­ýyş­la­ry­ny wa­gyz et­mek­de we dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­ti­ren gör­nük­li hyz­mat­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­nyl­ma­gy bi­ziň her bi­ri­mi­ziň ba­şy­my­zy Gö­ge ýe­tir­di. Milli Liderimize Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň gowşurylmagy —bu ulus-ilimiziň isleginiň myradyna gowuşmagydyr. Bu şat­lyk­ly wa­kalar şöh­rat­ly ýy­ly­my­zyň, gal­ky­nyş­ly döw­rü­mi­ziň şa­ny­na-şan goş­mak bi­len, türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry­na bo­lan sy­lag-sar­p

Kalba dolan ak alkyşlar

Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da ulu­dan tu­tul­ýan da­ba­ra­lar älem iç­re ýaň sal­ýan şan­ly wa­ka­la­ra ut­gaş­ýar. Yn­ha, toý-baý­ra­ma bes­len­ýän şu gün­le­ri­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ömür we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny yl­my esas­da çuň­ňur öw­ren­mek­de, onuň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­mak­da aý­ra­tyn uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren wa­tan­daş­la­ry­my­zyň bir­nä­çe­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly hem-de ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar top­lu­my bi­len sy­lag­la­mak ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di. Şeý­le be­lent döw­let sy­la­gy­na my­na­syp bo­lan­la­ryň ha­ta­ryn­da we­la­ýa­ty­my­zyň we­kil­le­ri hem bar. Ola­ryň kä­bi­ri ýü­rek buý­san­jy­ny şeý­le be­ýan ed­ýär.

Mil­li baý­ly­gy­myz aba­dan­çy­ly­gyň hyz­ma­tyn­da

Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri türk­men top­ra­gy­nyň ba­ha­syz baý­ly­gy­dyr. Şol baý­ly­gyň gor­la­ry­ny ag­ta­ryp tap­mak, meý­dan­ça­la­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek, te­bi­gy ga­zyň we ne­bi­tiň ga­zy­lyp alyn­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, çig mal­la­ry çuň­ňur gaý­ta­dan iş­le­mek we ola­ry sarp edi­ji­le­re ug­ra­tmak ýa­ly mö­hüm iş­ler ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Pu­da­gyň we­la­ýa­ty­myz­da­ky kär­ha­na­la­ry­nyň ba­şar­jaň iş­gär­le­ri bu işe yh­las­ly we mak­sa­da ok­gun­ly gat­naş­ýar­lar. Olar öz­le­ri­niň hü­när baý­ram­la­ry­ny hem zäh­met sow­gat­la­ry bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dyn­da çig mal­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň ha­sa­by­na ýo­ka­ry hil­li ne­bit önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de gu­wan­dy­ry­jy gör­ke­zi­ji­ler ga­za­nyl­ýar. Şan­ly ýy­lyň ge­çen on bir aýyn­da kär­ha­na­da çig mal­la­ryň 431,4 müň ton­na­sy gaý­ta­dan iş­le­nil­di we bu ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma 109,1 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Şon­ça çig mal­dan bol­sa geç­gin­li önüm­le­riň je­mi 375,7 müň ton­na go­la­ýy ön­dü­ril­di. Bu önü­miň 219 müň ton­na go­la­ýy dür­li ok­tan san­ly ben­zin­dir. Bu gym­mat­ly önü­mi ön­dür­mek­de ge­çen ýy­lyň de­ňeş­di­ril­ýän döw­rü­ne gö­rä 109,6 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni­niň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Şeý­le-de ge­çen dö­wür­de di­zel ýan­gy­jy­nyň 109,6 müň ton­na go­la­ý

Ösüşiň berk binýady

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ça­ga­la­ry, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, bagt­ly ne­sil­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­sin­de ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri, ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ry dur­muş taý­dan gol­da­mak, ola­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge ýar­dam ber­mek, bag­ty­ýar ýa­şa­mak­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da eden ta­ry­hy çy­ky­şy biz­de uly tä­sir gal­dyr­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň de­gi­şli dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da hem ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we ýaş­la­ryň şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, mil­li mi­ra­sy­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­lä aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şun­dan ugur al­nyp, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da saglygy goraýyş, bi­lim ul­ga­mlary­na de­giş­li tä­ze­lik­ler bar­ha art­ýar, hä­zir­ki­za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bilim we terbiýeçilik edaralary, sa­glygy goraýyş mer­kez­le­ri giň ge­rim­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa ýaş­la­ra dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­ga, bedenlerini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Biz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti

Geljek zehinli ýaşlaryň elinde

Bilim, ylym ähli döwürde hem uly ösüşleriň binýady bolup, adamzat durmuşynyň ilerlemegini üpjün edipdir. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler döwletleriň hem ösüşiniň gözbaşydyr. «Ýüz okasaň — ýat, müň okasaň — binýat», «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar» diýen parasatly ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini sargyt edipdirler. Ata-babalarymyzdan galan mirasy kämillik derejesine ýetirýän zehinli, işbaşarjaň, edenli ýaşlar ýurt ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy bolmalydyr» diýip, ýaşlaryň bilimli, ylymly, zähmetsöýer, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda ähli tagallalary edýär.

Hyzmatlaryň görnüşleri we hili gowulandyrylýar

Jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň jana-jan bähbitlerini goramak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle möhüm işe Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Guramamyz tarapyndan raýatlarymyzyň bähbidi üçin ätiýaçlandyryşyň täze-täze görnüşleri hödürlenilýär. Olar bilen halk köpçüligi yzygiderli habarly edilip durulýar. Oňa mysal edip «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan «Karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny» görkezmek bolar. Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky etrap guramalary şu kada laýyklykda Türkmenistanyň fiziki şahslary bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda, ätiýaçlandyryjy karz edarasyna, karzyň üzülmedik we degişli göterim möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemäge borçlanýar. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soňra 10 günüň dowamynda tölenilýär.

Tymsallar

Islegler daragty Bir gezek çölde teşnelikden hem-de açlykdan halys eňkamy agan, şirin janyndan el üzere gelen biri süýşenekläp barýarka öňünden gyrymsy agaç çykypdyr. Şonda ol:

Baş baýlygyň goragynda

Gyş paslynyň sowuk günlerinde saglygymyza has-da jogapkärli çemeleşmegimiz gerek. Şu babatda, ilkinji nobatdaky sagdynlyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmekligi ýatladýarys. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň;