Öňdebaryjylar sylaglanyldylar
Türkmenabat şäherindäki «Aý-Gün» toý mekanynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap we şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň öňdebaryjy agzalary, welaýatymyzyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary, ýürek buýsançlary diňlenildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň ýol açýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy. Dabaranyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik özgertmeler syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlaryny, täze başlangyçlaryny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we etrap komitetleriniň partiýa hataryny ösdürmek, ony guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak, ilkinji partiýa guramalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen «Ýylyň göreldeli wagyzçysy», «Göreldeli partiýa guramaçysy», «Öňdebaryjy partiýa komiteti» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistan