"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nesil saglygynyň goragynda

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen ýaşlaryň sagdyn, bagtyýar ösüp ýetişmekleri barada aýratyn alada edilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününden esasy aladasynyň ýaş nesil barada boljakdygyny aýratyn belläp geçdi. Ata Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek üçin döwrebap hassahanalarymyzda we anyklaýyş-bejeriş merkezlerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Il saglygyny ähli zatdan ileri görýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýär. Saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda edilýän işler hem giň gerimlidir. Şonuň netijesinde raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygy birsyhly artýar, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňi alynýar, eneleriň we çagalaryň keselçiligi peselýär. Ýurdumyzda ysmaz, gyzzyrma, drakunkulýoz keselleri bolsa doly ýok edildi.

Magtymguly Pyragy — ýürekleriň çyragy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ylmy we çeper eserleriň ençemesi çap edilýär. Golaýda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym» atly goşgular ýygyndysy neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitapda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapdaky mähir-muhabbete ýugrulan goşgular üstümizdäki ýylda ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýan Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamyna, berkarar türkmen döwletiniň bu günki ýeten belent sepgitlerine şahyr zenan Gözel Şagulyýewanyň özboluşly seslenmesidir, ýürek owazydyr. Täze kitaba şahyryň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp ýazan söýgi, durmuş baradaky goşgulary hem girizildi. Many-mazmuna, çuňňur çeperçilige ýugrulan şygyrlar, olardaky pelsepewi pikirler okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ýolda ýatan daş hakda

Iňrik garalypdyr. Şol wagt iki dogan ýol bilen barýan ekeni. Uly dogany ýolda ýatan daşy görmän, oňa büdräpdir hem-de aýagyny agyrdypdyr. Ol agsaklap, daşdan sowlup geçipdir-de, dogany bilen ýoluny dowam etdiripdir. Ertesi olaryň ýoly ýene şol ýerden düşüpdir. Gün ýaşyp, daş-töwerek garaňkyrapdyr. Bu gezek şol daşy görmän, oňa doganlaryň kiçisi büdräpdir hem-de aýagyny erbet agyrdypdyr.

Jümle-jahan habarlary

Täze bioplastik gap

Bildirişler

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň Iran-Hodro O457 kysymly, 7599 LBD döwlet belgili, Iran-Hodro O457 kysymly, 7601 LBD döwlet belgili awtobuslarynyň hersiniň tehniki talonynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Bilim işgärleri Fransiýada saparda boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary we hünärmenleri «Emeli aň» tehnologiýalaryny, maglumat howpsuzlygyny ýakyndan öwrenmek hem-de olaryň okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine ornaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Fransiýa Respublikasynda iş saparynda boldular. Iş sapary döwründe bu baýry ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Pariž şäherindäki Sorbonn uniwersitetine, Amerikan işewürlik ýokary okuw mekdebine, Pariž şäher uniwersitetine baryp, nazary we amaly bilimiň guralyşy, okuw işine «Emeli aňyň» ornaşdyrylyşy, inženerçilik we fizika ugurlary boýunça 3D modelirleme, robototehnika ulgamlary üçin ulanylýan ýörite programmalary okuw işine ornaşdyrmakda täze, döwrebap tehniki serişdeleriň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Bu ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan «Emeli aň» tehnologiýalary bilen işleýän onlaýn okuw modelleri arkaly talyplaryň ukybyna görä okuw programmalaryny düzmegiň, okuw ulgamyny dolandyrmagyň döwrebap usullary barada özara pikir alyşdylar.

Welaýatymyzyň iň ökde gandbol toparlary kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebinde 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýat birinjiliginiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşa bäş, gyzlaryň ýaryşyna bolsa dört topar gatnaşdy. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenabat şäherine wekilçilik eden birinji topara taý tapylmady. Ýaryşda Dänew etrabynyň birinji topary ikinji, Köýtendag etrabyndan gelen gandbolçylar bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Maslahat ― tejribe meýdançasy

Welaýat çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde etrap-şäherlerde ýerleşýän şeýle maksatly edaralaryň usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Çagalarda zähmete söýgi döretmegiň we hünärlere ugrukdyrmagyň pedagogik esaslary» atly iki günlük usuly-amaly maslahat geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan geçirilen maslahatyň barşynda öňdebaryjy gurnak ýolbaşçylarynyň çykyşlary dişlenildi we olar tarapyndan guralan sergä tomaşa edildi. Soňra bu merkeziň göreldeli işgärleri myhmanlaryň gatnaşmaklarynda göreldeli açyk sapagyny berdiler. Sapak tamamlanandan soň, ol barada pikir alyşmalar geçirildi.

Lebaply dzýudoçylar ― döwlet ýaryşynyň ýeňijileri

Welaýatymyzyň dzýudo boýunça ýygyndysy ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi. Ýaryşa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinden iň güýçli dzýudoçy türgenler gatnaşdylar. Lebaply dzýudoçylary jogapkärli ýaryşa Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Baýramdurdy Halyllaýew, Nasiba Hallyýewa, Madina Babakulyýewa, Zarina Saparowa we Raşit Tursunow dagy taýýarladylar.

Mynasyp mertebe

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeşt şäherinde geçirilen mejlisinde eden çykyşy, orta atan teklipleri ýüregimize jaý boldy. Taryhçy mugallym hökmünde bu teklipleriň örän jaýdardygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Şol teklipleriň arasynda bu geňeşi mundan beýläk «Ýaşulular geňeşi» diýip atlandyrmak, geňeşiň neşirini çykarmak, onuň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny döretmek bilen bagly teklipler aýratyn uly orny eýeleýär. Islendik döwletde, esasan hem, dili, medeniýeti ýakyn döwletlerde ýaşululara aýratyn sarpa goýulýar. Çünki olaryň pähim-parasady döwletleriň okgunly ösüşine oňyn täsir edýär. Ýaşuly nesil ― şu günüň we geljegiň ýol görkezijisi. Hut şolaryň paýhasy, ak pata bermegi bilen belent tutumlara girişilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisinde orta atan teklipleri bu geňeşiň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has-da beýgelder. Mejlise gatnaşyjylaryň gyzgyn goldawyna eýe bolan başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň sözi diňlenilýän, pähimi oňlanylýan Liderdigini ýene bir ýola tassyklady.

Sazlaşykly iş — üstünliklere badalga

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler sebitleriň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bildirişler

Gülnur Bäşimowna Setdarowanyň II-LB 069102 belgili pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Türkmenistanyň KANUNY

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda 1-nji madda

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly geňeşiň agzalary we mejlise gatnaşyjylar! Bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma hem-de geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin. Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, halklarymyzyň dil, medeniýet we ruhy taýdan umumylygynyň döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Zehin bäsleşigi geçirildi

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Akyldar şahyryň edebi mirasy» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Beýik söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç şertden ybarat bolup, täsirliligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.