"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kiberhowpsuzlyk — ygtybarly goraglylyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, internet ulgamynyň elýeterliligini gazanmak, sanly ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ylmyň-tehnikanyň okgunly ösüşlere tarap ýol alýan ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzy has-da özgerdýän sanly ulgamyň täsiri ýylsaýyn artýar. Sanly ulgam diňe bir önümçiligi dolandyrmakda, ulgamlaýyn hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda ähmiýetli bolman, eýsem, internet ulgamynyň hyzmatlarynyň barha kämilleşýän döwründe her bir raýatyň ulgamdan peýdalanyp, maglumatlaryň elýeterliligini gazanmagy, işiniň ýeňilleşdirilmegi üçin hem zerurdyr. Şu bilen baglanyşyklylykda kiber giňişlikde elektron maglumatlaryň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy, kibergoraglylygyň gazanylmagy we üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Berkararlygyň egsilmez güýji

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna we hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagy bilen türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli özgerdi. Türkmenistany okgunly ösýän ýurt hökmünde bütin dünýä tanap başlady. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty geçen döwürde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barlyp, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlary, öňe sürýän başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmagyň, ösüş arkaly parahatçylygyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyjy giňden goldanylyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur many-mazmun jemlenýär. Bitaraplyk we parahatçylyk sözleri mazmun taýdan biri-birine ýakyn bolup, il-günüň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmak, ýurduň asudalygyny goramak bilen baglanyşykly düşün

Eşret getirýän kesp

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hususy ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, dokma önümlerimizi içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlara-da eksport edýän telekeçileriň sanynyň barha artmagy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Ynha, halyçylygy hünär edinip, ondan rysgal-bereket tapan ussat halyçynyň gyzy, işewür telekeçi Gülälek Umarowa-da bu kesbiň mynasyp dowam etdirilmegine we şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýar. Ol ýanýoldaşy Maksat Rozymyradow bilen 2013-nji ýylda ýüpek we ýüň halylaryň önümçiligini ýola goýdy. Çagalykdan belet bolan hünäri we ejesi Ogulsadap Umarowanyň halypalyk maslahatlary Gülälege bu işde uly goldaw boldy. Turuwbaşdan çuňňur oýlanyşykly girişilen haly önümçiligi günsaýyn rowaçlandy. Gülälek ilkibada haly dokamaga höwesek gelin-gyzlaryň birnäçesini jemläp, olar bilen zähmet şertnamasyny baglaşdy. Olary zerur bolan zähmet gurallary we amatly iş şertleri bilen üpjün etdi. Şeýle hem halyçylaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary barada aladalandy. Ynha, şeýdip, halyçylaryň hersi sargytlar esasynda haly dokamaklyga girişdiler.

Gazdan howpsuz peýdalanyň!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Şonuň netijesinde ilata durmuşy eşretler has elýeterli bolýar. Olaryň arasynda tebigy gaz hem bar. Bu arzan we amatly ýangyjyň giňden peýdalanylmagy netijesinde öýlerimiz ýyly, ojaklarymyz alawly bolýar. «Mawy ýangyçdan» tygşytly we howpsuz peýdalanmak ýaşaýşymyzyň rahat we abadan bolmagynyň esasy şertleriniň biridir. Bu mesele tebigy gazdan köp möçberlerde peýdalanylýan gyş paslynda has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gazdan peýdalanylanda, howply ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin aşakdaky düzgünleri berjaý ediň:

Dil bilen dünýä giňişligine ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmegi üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri goýýar. Köp dil öwrenmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dünýä dillerini öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Bagtyýar balalaryň bagt mekany

Türkmen halkynda çaga we onuň edebi bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu asylly ýörelge has-da rowaçlanyp, çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 16-njy «Bagtyýar nesil» çagalar bakja-bagy hem welaýatymyzda göreldeli bilim ojaklarynyň biri. Bu ýerde körpe nesle rus dilinde çuňlaşdyrylan ýörite sapaklar berilýär.

Süýji buýanyň ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanan ösümlikleriň köpsanlysynyň hatarynda süýji buýan barada hem giňişleýin maglumatlar berilýär. Buýan gadymy zamanlardan bäri Zeminiň dürli künjeklerinde gymmatly derman hökmünde tanalypdyr. Buýan köküni mundan ençeme asyr ozal hem derman hökmünde peýdalanypdyrlar. «Merkezi Aziýanyň ženşeni» ady bilen taryha giren türkmeniň süýji buýany adam bedenini berkidýän gymmatly serişde, melhem hökmünde biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl ozal tebipler tarapyndan ýazylan «Ýazuw wedi» (Ýaşaýyş hakyndaky ylym) atly gymmatly eserde hem ýatlanylypdyr. Tibet lukmançylygynda türkmeniň süýji buýany dermanlyk ösümlikleriň arasynda ženşenden soňra ikinji orny eýeläpdir. Ibn Sina süýji buýany adatdan daşary peýdaly melhem hasaplapdyr. Şundan ugur alnyp, türkmen dilinde «buýan» sözi «haýyrly nygmat», «bereketden, şypadan doly», «nepi degýän» diýen ýaly manylarda ulanylýar.

Bag ekmek — sogap iş

Biziň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu asylly işler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, tebigatyň baýlyklaryny we gözelliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen her ýyl miweli, saýaly we pürli agaçlar köpçülikleýin ekilýär. Bag ekişligi ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylykly geçirilýär. Bu çärelere ildeşlerimiziň uludan-kiçisi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem öz wagtynda alnyp barylýar.

Şahyryň pähim-paýhasy — durmuş ýörelgämiz

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw-umytlary bu gün doly hasyl boldy. Bize çeper söz ussadynyň ýürek arzuwlarynyň wysalyna gowşan bagtyýar döwründe, parahat, asuda, berkarar döwletinde ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi. Hut şuňa laýyklykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy has uludan, dabaraly bellenilip, şahyryň döredijiligini öwrenmek ugrunda düýpli gözlegler, ylmy işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýar. Çeper söz ussadynyň watançylyk, hoşniýetlilik, zähmetsöýerlik, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan dürdäne setirleri many-mazmun taýdan örän çuň hem güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Hut şuňa görä, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýüzlenilýän mowzuklar diňe bir türkmen halkyna degişli bolman, eýsem, dünýä halklaryna, umumadamzat meselelerine degişlidir.

«Hoş sözüň diý, gahryň gizle!»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen edebiýatynyň altyn hazynasynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür ýoly we çeper döredijiligi içgin öwrenilýär hem-de okyjylar köpçüligine giňden ýetirilýär. Şol beýik şahsyýetlerimiziň biri-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Akyldar şahyrymyzyň nusgalyk edebi mekdebi indi üç asyrdan bäri dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan daşary ýurtly magtymgulyşynaslar A.Wamberi, W.Bertels, A.Samoýlowiç dagy türkmen topragyna gelip, onuň edebi mirasyna degişli gymmatly maglumatlary topladylar. Mäti Kösäýew, Aşyrpur Meredow, Baýmuhammet Garryýew, Saýlaw Myradow, Annagurban Aşyrow, Nazar Gullaýew, Ahmet Bekmyradow, Muhammetguly Amansähedow, Aman Şyhnepesow, Akmyrat Täjimow ýaly alymlarymyz hem Magtymguly Pyragynyň kämil mekdebini öwrenmekde uly hyzmatlary bitirdiler.

Göwnümize ganat, geljegimize şamçyrag

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzat paýhasynyň söz sungatyndaky gudratydyr. Şahyryň çuň manyly goşgularyndan çeper söze teşne okyjylar ruhy teselli tapýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Hut şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanylýar.

Sazlarda uza öwrülen şygyrlar

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň milli mertebesini belende göterýär. Ol paýhaslylygyň, adamkärçiligiň, adyllygyň nyşany bolup, her bir türkmen üçin nusgalyk ýörelgedir. Beýik taryhy maksatlary nazarlaýan halk öňde goýýan wezipelerine ýetmek üçin etmeli hereketlerine çeşme bolarlyk gujury akyldar şahyryň döredijiliginden alýar. Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýeti indi üç ýüz ýyldan bäri türkmeniň ýüreginde ýaşap gelýär. Beýik şahyryň paýhasly şygyrlary halkyň kalbyna tenekar. Şeýle hem beýik Pyragynyň bütin döredijiligi milli ýörelgelere netijeli gulluk etmegiň aýdyň mysalydyr. Milletiň täze bir belentlige galmagy üçin zerur bolan ruhy gözýetimleri we ahlak gymmatlyklaryny açan Magtymguly Pyragydyr.

Gadymyýetden galan yzlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmäge, ýazuw çeşmelerini we arheologik maglumatlary seljermäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pähiminden dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltden ybarat ensiklopedik kitaby şöhratly taryhymyza sarpa goýýanlaryň ýankitabyna öwrüldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Köýtendag sebitinde orta asyrlarda joşgunly durmuş dowam edipdir. Muny sebitde henize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň yzlary-da tassyklaýar. Köýtendag sebitiniň taryhy-medeni ýadygärlikleri arheologlar tarapyndan yzygiderli öwrenilip gelindi. Taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýew ylmyň häzirki ösüş tapgyrynda Amyderýanyň Kerki — Kerkiçi geçelgesi bilen Köýtendagyň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleri geografik ýerleşişi boýunça üç sebite bölüp öwrenmek hem-de olary «Kerkiçi — Köýtendag etrap merkeziniň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler», «Köýtendag etrap merkezi — Garlyk — Gurşun magdan käni şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» hem-de «Köýtendag etrap merkezi — Kelif şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» diýip, şertli atlandyrmagyň maksada laýykdygyny belleýär.

Goňşular

Goňşulara barýan ýoly tämizle,Bir gez beýgelersiň kakylsa gapyň. Kalbyňa geňeş sal, päli tämizle,Ýakyn-ýat idemän, ýapylsa gapyň. Gabatlaşsa şam-u-säher goňşular,Hal-ahwalyn sora, ýagdaýyn sora.Saglykmy, işlimi, aladalymy,Sowuklyk hiç mahal düşmesin ara.

Çal, dutaryň, sözleşeli!

Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek, baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak baradaky tutumly işler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Şunuň netijesinde asyr yzlap, biziň günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mukaddesliklerine eýe bolup, ähladamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilýär. Türkmen dutary hem şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Hut şeýle bolansoň halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şan-şöhraty barha artýan milli saz guralymyzyň telim-telim asyrlary kökerip geçen taryhy ýoly, onuň ýokary kämillik derejesine göterilişi, elbetde, ildeşlerimizi gyzyklandyrýan mesele. Bu barada biz welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Mährem Jumaýew bilen söhbetdeş bolduk. — Mährem, söhbedimizi türkmen dutarynyň asyl kökleri baradaky gürrüň bilen başlaýaly.

Damjada jemlenen dünýä

Oglunyň ýaşlygyny ýele berýändigine göz ýetiren kakasy oňa özi bilen gezelenje çykmagy teklip edipdir. Şol gün howa asuda hem ýyly ekeni. Olar ýöräp baryşlaryna kölüň kenaryna gelip ýetipdirler. Şonda kakasy ogluna şeýle diýip ýüzlenipdir: — Daş-töweregiňi ünsli synla! Ähli barlyk: asmanam, Günem, daglaram, baglaram şu suwda şöhlelenýändir.

Arassaçylyk saglykdyr

«Arassaçylyk saglygyň girewidir» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Möwsümleýin kesellere ýolukdyrýan mörjewler arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin öý-içeriňizi arassa saklaň, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçiriň! Gündelik peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen yzygiderli süpüriň!

Jümle-jahan habarlary

Dünýäde ilkinji bolup

Bildirişler

Saýat etrabyndaky 23-nji orta mekdepden Altynaý Sapargeldiýewna Çaryýewa berlen A № 1783084 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny bellediler.