Çal, dutaryň, sözleşeli!

27 Noýabr 2024
210

Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek, baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak baradaky tutumly işler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Şunuň netijesinde asyr yzlap, biziň günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mukaddesliklerine eýe bolup, ähladamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilýär. Türkmen dutary hem şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Hut şeýle bolansoň halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şan-şöhraty barha artýan milli saz guralymyzyň telim-telim asyrlary kökerip geçen taryhy ýoly, onuň ýokary kämillik derejesine göterilişi, elbetde, ildeşlerimizi gyzyklandyrýan mesele. Bu barada biz welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Mährem Jumaýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Mährem, söhbedimizi türkmen dutarynyň asyl kökleri baradaky gürrüň bilen başlaýaly.

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.