«Hoş sözüň diý, gahryň gizle!»

27 Noýabr 2024
202

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen edebiýatynyň altyn hazynasynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür ýoly we çeper döredijiligi içgin öwrenilýär hem-de okyjylar köpçüligine giňden ýetirilýär. Şol beýik şahsyýetlerimiziň biri-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr.

Akyldar şahyrymyzyň nusgalyk edebi mekdebi indi üç asyrdan bäri dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan daşary ýurtly magtymgulyşynaslar A.Wamberi, W.Bertels, A.Samoýlowiç dagy türkmen topragyna gelip, onuň edebi mirasyna degişli gymmatly maglumatlary topladylar. Mäti Kösäýew, Aşyrpur Meredow, Baýmuhammet Garryýew, Saýlaw Myradow, Annagurban Aşyrow, Nazar Gullaýew, Ahmet Bekmyradow, Muhammetguly Amansähedow, Aman Şyhnepesow, Akmyrat Täjimow ýaly alymlarymyz hem Magtymguly Pyragynyň kämil mekdebini öwrenmekde uly hyzmatlary bitirdiler.

Süleýman BAÝRAMGELDIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.