Zehin bäsleşigi geçirildi

29 Noýabr 2024
230

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Akyldar şahyryň edebi mirasy» atly zehin bäsleşigi geçirildi.

Beýik söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç şertden ybarat bolup, täsirliligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.