"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda «Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň medeniýet-sungat ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, kümüş saçly eneler, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä içre abraý-mertebesiniň barha belende galýandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çuňňur many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada söz açyp, eserde bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerde hem türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň tarapdary bolandyklary, umumadamzat medeniýetine saldamly goşant goşandygy barada gürrüň etdiler.

Şanly sene mynasybetli

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi mynasybetli biziň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümiziň gurnak agzalarynyň arasynda şadyýan bäsleşik geçirildi. Onuň esasy şerti her bir gurnagyň maksadyna laýyklykda dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklaryna degişli bir eseri çeper wasp etmekden, daşary ýurt dillerinde bir aýdymy ýa-da şygry ýerine ýetirmekden ybarat boldy. Bäsleşige döredijilik öýümizde hereket edýän 34 gurnagyň ählisiniň agzalary işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, gurnagyň maksadyna laýyklykda, dünýä döwletlerine degişli dürli gymmatlyklaryň çeperçilik, halyçylyk, agaç ussaçylygy ýaly sungatlaryň üsti bilen wasp edilmegi oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir döretdi. Zehinli okuwçylaryň birnäçesi daşary ýurt dillerinde joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Dürli dillerde okalan şygyrlar bu bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy.

Halkara olimpiadasy geçirildi

Biziň bilim ojagymyzyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 17-siniň, şol sanda, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukraina Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 450-si gatnaşdy. Olimpiada ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmekde uly ähmiýete eýe bolup, ol ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramaklyga, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri, tejribeleri derňemeklige giň mümkinçilik döretdi.

Zehinli okuwçylaryň üstünligi

Welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli okuwçylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan biologiýa we himiýa dersleri boýunça geçirilen açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada 10 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Biologiýa boýunça geçirilen olimpiadada Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Kerim Italmazow birinji orny eýeläp, welaýatymyz boýunça iň ýokary netijäni görkezdi. Şeýle hem bu olimpiadada 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda ýene şol mekdepden Bägül Çaryýewa ikinji, welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Mährijemal Döwletgeldiýewa üçünji, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Mukam Döwletmämmedow bilen Jemal Allakowa ikinji, Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdepden Aýna Ahmedowa, ýene şol etrabyň 3-nji orta mekdebinden Jennet Arslanowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden Selbi Kerimberdiýewa üçünji; şu okuw ýylynyň ahyrynda ak mekdepden uçurym boljak ýaşlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimyradowa ikinji, ýene şol mekdepden Mehri Suwhanowa bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinden Arslan Ýangibaýew üçünji orny eýelediler.

Futzal ýaryşy gyzgalaňly dowam edýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde ýetip gelýän şanly baýramçylyk ― hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryş badalga aldy. Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda «A» toparçada «Bäş dogan» we «Köpetdag» toparlary nobatdaky ýeňşini gazandylar. Şunda «Bäş dogan» «Gurluşykçy» toparyny 5:2 hasabynda ýeňen bolsa, «Amul» topary «Köpetdagyň» derwezesinden bäş gol geçirendigine garamazdan, güýçli garşydaşyndan asgyn geldi. Çünki topar öz derwezesinde sekiz gol gördi.

Döwrebaplyk ― işlerimiziň girewi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 4-nji dekabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda, kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin hem öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimize hasabat berlişi ýaly, ýylyň yzda galan on bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň, şol sanda biziň welaýatymyzyň kazyýet edaralarynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärlerimiziň kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi.

Kitap — ynsanyň baky hemrasy

Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň kitaphanalarynyň kitap gory barha baýlaşdyrylýar. Şu okuw ýylynyň ilkinji günlerinden bäri kitaphanalarymyza okuw gollanmalarynyň birnäçesi gelip gowuşdy. Olar, esasan, 11-nji we 12-nji synplarda peýdalanylmaga niýetlenilen okuw kitaplarydyr. Aglabasy üstümizdäki ýylda çap edilen bu okuw kitaplary mugallymlaryň we okuwçylaryň maglumat üpjünçiliginiň üstüni ýetirýär.

Talyplar ― abraýly olimpiadanyň ýeňijileri

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilen himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular. «A» we «B» derejelerinde geçirilen olimpiadanyň «A» derejesinde Türkmenabatdaky baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby Nariman Nyýazow bürünç medala mynasyp boldy. «B» derejesinde bolsa Serdar Myradow kümüş, Gülşat Ereşowa bürünç medalyň eýeleri boldular.

Bildirişler

Jeýhun Joraýewiç Babaýewiň ABC derejeli, TM-0919927 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Omanyň Soltany Haýsam bin Tarikden hat geldi. Onda: “Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, men jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär derejesi we ukyp-başarnyklary özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, bagtyýarlyk, ýurduňyza rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köptaraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.

Watan goragy mukaddesdir

Hormatly Prezidentimiziň asly halallyga, nuranalyga ýugrulan halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Watan goragçylary hakynda yzygiderli edýän aladalarynda aýdyň ýüze çykýar. Uly rowaçlyklara beslenýän galkynyşly döwrümizde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 4-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly kesgitlän wezipeleri bizi jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ugrundaky mukaddes borjumyza has-da jogapkärli çemeleşmeklige ruhlandyrýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargyt edişi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjiligini, edermenligini we mertligini mynasyp dowam etdirip, eziz Wat

Tagallalar birleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, hususan-da, goňşy ýurtlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň tutuş adamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz şu günler welaýatymyzdaky edara-kärhanalarda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda bolup, wagyz-nesihat çärelerini guranymyzda şular dogrusynda giňişleýin söhbet edýäris. Çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary sy

Şahyryň arzuwlan zamany geldi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasynyň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeperçilik eserleriniň bäsleşik-sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýatymyzdaky agzalarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de çagalar sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň eserleri hödürlenildi. Görkezilen eserlerde dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy, Bitaraplyk, asudalyk we parahatçylyksöýüjilik ýaly mowzuklar janlandyryldy. Çeper görnüşlere siňen eserler bu ýere gelip görýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Bäsleşigiň üçünji ornuna mynasyp boldy

Halaç etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rozymyrat Ýagşymyradow Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 7–12-nji synp okuwçylaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşikde ýaş taslamaçylar «Akylly öý» we «Robototehnika» ugurlary boýunça işlerini görkezdiler.

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna  Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropuludan  hat geldi. Onda: “Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Ýekaterini Ksagorarini Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary we yhlasy özüne ynanylan jogapkärli wezipäni Siziň makullamagyňyza, şeýle hem meniň ynamymy ödemäge mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ýekaterini Ksagorariniň meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin”  diýlip bellenilýär. 3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.

Resmi habar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Mämmet Aýmyradowiç Mämmedow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;