4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.