Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty

6 Dekabr 2024
185

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda «Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Oňa welaýatymyzyň medeniýet-sungat ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, kümüş saçly eneler, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä içre abraý-mertebesiniň barha belende galýandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çuňňur many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada söz açyp, eserde bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerde hem türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň tarapdary bolandyklary, umumadamzat medeniýetine saldamly goşant goşandygy barada gürrüň etdiler.

Gülälek BATYROWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy. Surata düşüren Roman TOHTAÝEW.