7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag, medeni-ynsanperwer ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.