Omar Haýýamyň ylma goşan goşandy

18 Dekabr 2024
105

Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,
Zyýadadyr onuň akyly-huşy.
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,
Ynsandyr zynaty, bezegi, gaşy.

Bu ajaýyp goşgy setirleriniň haýsy şahyra degişlidigini her birimiz mekdep ýyllarymyzdan bäri bilýäris. Ol Giýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Haýýam Nişapurydyr. Şygryýet dünýäsinde öçmejek yz goýan Omar Haýýam öz döwrüniň meşhur alymy hem bolupdyr. Ol 1048-nji ýylyň 18-nji maýynda Horasan welaýatynyň Nişapur şäherinde eneden dogulýar. Omar Haýýam 8 ýaşynda matematika, astronomiýa, filosofiýa bilen gyzyklanyp başlaýar. 12 ýaşyndan başlap Nişapurdaky, Balhdaky, Samarkantdaky, Buharadaky medreselerde bilim alýar. Ol Gündogaryň we Günbataryň belli alymlarynyň matematika we astronomiýa bilen baglanyşykly işlerini içgin öwrenýär.

Setdar MYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň III ýyl talyby.