Kalplary gandyrýan dury çeşme

16 Dekabr 2024
107

Gahryman Arkadagymyz her şanly senäniň, toý-dabaranyň öň ýanynda halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan ajaýyp kitaplary sowgat edýär. Ynha, Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby ellerimize gowuşdy. Bu şatlykly waka mynasybetli etrabymyzdaky edara-kärhanalarda, bilim-terbiýe ojaklarynda guralýan dabaraly çäreler ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döredýär. Bu ajaýyp kitap ýaş nesli ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesi esasynda, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde iňňän uly ähmiýete eýe bolmak bilen, pähim-parasatly sözlere, jaýdar jümlelere gadyr goýýan halkymyzyň akyl-paýhasa teşne kalbyny gandyrýan dury çeşmedir. Bu ajaýyp kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çap edilip, okyjylara gowuşmagynda özboluşly many bar. Täze neşirde halkymyzyň taryhy şahslarynyň birnäçesiniň çeper döredijiliginiň we ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş tejribesiniň öz beýanyny tapmagy onuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Güneşli ýurdumyzy öň görlüp-eşidilmedik derejede özgertmek bilen birlikde il-günümiziň ruhy islegini kanagatlandyrmak hem-de içki dünýäsini gözelleşdirmek barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň mydama oňuna bolmagyny arzuw edýäris.

Merdan SAPAROW,
Saýat etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.