Baýramçylyk dabarasy geçirildi

1 gün öň
24

Saýat etrabynyň merkezindäki «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Hoş gelipsiň, Täze ýyl, gül Diýara!» diýlip atlandyryldy. Ony etrap häkimligi syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady.

Baýramçylyk dabarasyna etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň öňdebaryjylary hormatly myhman boldular. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda olaryň baýramçylyk gutlaglary hem diňlenildi. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Saýat etraby üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Etrabyň zähmetkeşleri iki ýylyň sepgidindäki baýrama öz sowgatlary bilen geldiler. Şu ýyl etrapda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze umumybilim berýän orta mekdep hem açylyp, ulanylmaga berildi.

Jeren KULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni.