10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biatodan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we iri möçberli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de ol milli parlamentiň alyp barýan işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.