10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň esasy maksatlary we wezipeleri barada gürrüň berdi. Durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.