"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nagyşlary çuň manyly keçeler

Talyp döwürlerimden bäri keçelere salynýan nagyşlaryň taryhyny öwrenýärin. Keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Olar özboluşlylygy, göwrümi, nagyşlary boýunça tapawutlanyp, öý-ojagyň mukaddesligini, maşgala gymmatlyklaryny, tebigatyň kada-kanunlaryny we gözelliklerini aňladýar. Keçä salynýan «jamy» nagşy — öýüň mukaddesliginiň, rysgal-döwletliligiň nyşany. Bu nagyş salnanda, tärim görnüşli öýjüklere dürli reňkdäki ýüňler salnyp güllenilýär. Şeýle nagyş türkmeniň hatar gurap oturan ak öýlerini, maşgala binýadynyň berkligini aňladýar. Şonuň üçin türkmen zenanlary köpelip, küren-küren oba, il bolmak baradaky arzuwlaryny keçe nagyşlarynda şöhlelendiripdirler.

Akylly iş — ganatly guş

Ata-babalarymyz rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen perzentlerine edep öwredipdirler. Suwy bir demde däl-de, bölüp-bölüp içmek bilen baglanyşykly ýörgünli rowaýat hem il arasynda nesilden-nesle geçip gelýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä, gadym zamanlarda emeldarlaryň biri dost-ýarlary bilen awa-şikara çykanmyş. Olar ýadap, örän suwsapdyrlar. Bir çopanyň goşuna baryp, suw sorapdyrlar. Çopanyň paýhasly aýaly bar eken. Ol buz ýaly çaldan doly jamy emeldara uzadypdyr. Ýöne çalyň içine sypal böleklerini taşlapdyr. Emeldar çaly içip duran wagty sypal bölekleri agzyna golaý gelende üfleýär ekeni. Emeldar şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan üfläp içip, suwsuzlygyny gandyrýar. Beýleki dostlary hem şeýle edýärler. Soň emeldar çopanyň aýalyndan: «Näme üçin çala sypal atdyň?» diýip soraýar. Onda ol akylly aýal: «Siz örän suwsap geldiňiz, eger men içine sypal atmadyk bolsam, onda siz çaly çalt-çalt içerdiňiz, onsoň çişerdiňiz, men sypal atdym weli, siz üfläp-üfläp haýallyk bilen içdiňiz, saglygyňyza zyýan ýetirmediňiz. Suwsanyňda çal içseňem, suw içseňem, bölüp-bölüp içmelidir» diýýär. Emeldar çopanyň aýalynyň ýiti pähimine haýran galypdyr.

Köken

«Köken», «Kökenli ýüzük» sözleriniň asyl manysy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Onuň birnäçe bölegi bir ulgama birleşdirilýän bezeg şaýdygyny aňýarys we köp halatda şol manyda ulanýarys. Aslynda, köken çarwaçylyk bilen bagly adalga bolup durýar. Özi-de ýazlagda goýun-geçileriň köpçülikleýin sagylýan döwri ulanylýan esbaby aňladýar.

Durnukly ösüş milli ykdysadyýetiň baş şertidir

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylan baýramçylyk desgalaryny öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meý

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. * * *

Täzelikler

Köýtendagly telekeçi Baýpolat Ergeşowyň 3,5 gektar meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalarynyň 27-sinde ýetişdirýän gök we bakja önümleri diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem, paýtagtymyzyň hem bazarlarynda halkymyza terligine, elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda hem bolgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda ekilen gök ekinler ýylyň ahyrynda ýetişdi. Olardan ýygnalan hasyl ilatyň Täze ýyl baýramçylyk saçaklarynyň berekedine bereket goşdy. Pomidordan 1 tonna, hyýardan 8 tonna golaý hasyl alyndy. Şu günlerde telekeçi bolgar burçunyň hasylyny ilata günübirin ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw-hemaýat bermegi, ýeňillikli şertleri döretmegi bilen ene ýerden bol hasyl alýan hususyýetçileriň ýüzlerçesiniň yhlasly zähmetiniň netijesinde welaýatymyzyň bazarlarydyr dükanlarynda gök we bakja önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Telekeçiler öz önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksporta hem iberýärler.

Parahatçylygyň owazy dünýä ýaň salýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ganatly şygara beslenen üstümizdäki ýylymyzyň ilkinji günlerinde badalga berlen döwletli tutumlar parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgelere eýerýän merdana halkymyzyň ýürek owazyny dünýä doldurdy. Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda ykdysady, medeni-durmuş babatda gazanylýan şanly ösüşler giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda güneşli Diýarymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan döwletdigini ykrar edýän giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Watan goragy mukaddesdir

Jeýhun bilen bahry Hazar arasy eý, eziz Diýar! Goýnuňda ýaşaýan her bir ynsan üçin senden uly gymmatlyk, uly baýlyk ýokdur. Çünki seniň topragyň asty hem, üsti hem — egsilmez hazyna! Seniň goýnuňda bagtyýarlyk höküm sürýär. Ýurt parahatçylygy, asuda ýaşaýyş we erkinlik Watana bolan söýgini has hem artdyrýar. Halkyna erkanalygy, özbaşdaklygy, gülläp ösüşi bagyş eden jan Türkmenistanym, saňa näçe buýsansaň hem, guwansaň hem az! Biz pederlerimiziň arzuwlan bagtyýar durmuşynyň bagty çüwenleridiris. Ata-babalarymyz şeýle ajaýyp ýurdy gurmak, berkarar etmek üçin ömürlerini bagyş etdiler. Muňa şöhratly taryhymyzyň her güni şaýat. Watany başynyň täjine deňän il ogullary seniň ýeke daban ýeriňi goramak ugrunda gör, nähili agyr hupbatlary başdan geçirdiler! Sarahs, Mary, Gazawat, Garrygala, Gökdepe söweşlerinde gör, näçe ärler seniň goragyňda başlaryny gurban etdiler! 1941 ― 1945-nji ýyllarda merdana gerçekleriň görkezen edermenligi hem öçmez-ýitmezdir. Biz Watanymyzy döş gerip goran şol gahrymanlarymyza, merdanalarymyza guwanýarys, olaryň mertebesini hemişe belentde tutýarys. Çünki nesilden-nesle geçip, halkyň kalbynda ebedi orun alan Watan ogullarynyň gahrymançylykly ýollary biziň üçin mähriban ýurduňy, onuň erkinligini söýmegiň we goramagyň beýik mekdebidir.

Geljegi nazarlaýan belent sepgitler

Geçen ýylyň aýagynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmäge ünsi çekip, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durandygyny nygtady. Biz — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýan şol wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna täze iş meýilnamalary bilen gadam basdyk. Bu günki gün baky Bitaraplygymyzyň, mizemez Garaşsyzlygymyzyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň alyp barýan yzygiderli işleri onuň halkara hukuk esaslaryny giňeltmäge oňyn şertleri döredýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmegine, dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň emele gelmegine, goldanylmagyna we ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň saýlap alan ugry ähli ýurtlar bilen parahatç

Garaşsyzlyk — beýik bagtymyz

Mundan otuz ýyl ozal ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen güneşli Diýarymyzyň nurana geljeginiň we şanly rowaçlyklarynyň sarsmaz binýady tutuldy. Hut şonuň üçin biz her ýyl Watanymyzyň berkararlygyny, milli bitewiligimizi şöhratlandyrýan mukaddes baýram hökmünde bu şanly senäni beýik watansöýüjilik ruhunda — ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşy alýarys. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk Watanymyzyň demokratik, dünýewi we hukuk döwleti hökmünde dünýä bileleşigine ynamly goşulmagyna mümkinçilik berdi, taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem-de merdana halkymyzyň dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini rowaçlandyrdy, bagtyýar hem-de abadan durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, parahatçylyksöýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýar. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ösüşli ýyllaryndaky gazanylanlary pugtalandyrmak bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni, ylmy-tehniki özgertmeleriň, tutumly maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmag

«Gök salar sen daşdan, bugdaý!»

Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Çärjew etrabynyň bugdaý kärendeçileri hem topraga ýaşyl ýorgan ýapan meýdanlara ikinji döküni bermek, altyn kükürt sepmek we suwarmak işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle bolansoň ekin meýdanlarynda gyşyň ortaky aýynda hem iş ýetik. Meýdanlaryň ählisinde maýsalaryň endigan boý alşyny görmek bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedine bolan ynamyňy has-da artdyrýar.«Gök salar sen daşdan, bugdaý!» Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigi geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşen topragydyr. Daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Narmämmedowyň bugdaýly meýdanyndaky oraga ak pata beren Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy, Hydyr nazary ene ýeriň berekedine bereket goşupdy. Çärjewli daýhanlar bugdaýdan hem, pagtadan hem, aralyk ekinlerden hem bol hasyl ýygnap, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen utgaşan ýyly zähmet üstünliklerine besläpdiler. Gazanylan üstünlige «Watan» daýhan birleşiginiň daýhanlary hem uly goşant goşdular.

Zybanynda Watan waspy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz aladalarynyň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ruhubelent ýaşlaryň döredijilik ylhamyny has-da joşdurýar. Ýaşajyk Watan waspçylary gül Diýarymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini şygyrlaryň, aýdymlaryň üsti bilen taryp edýärler. Watan waspyny dillerine sena edip, ýürek söýgüsini şygyrlaryna siňdirýän zehinli ýaşlaryň biri hem Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Söýli Muhamowadyr. Söýli heniz çagalar bagyna gatnaýarka «Bilgirje», «Zehin», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklerde çykyş edip, deň-duşlaryndan saýlanýar. Ejesi Sapargül gelnejäniň gürrüň bermegine görä, Söýli, ýaşdygyna garamazdan, teleradioýaýlymlarda goýberilýän hekaýalardyr goşgulary ünsli diňleýär. Dogany Mukamyň okap berýän goşgularyny bolsa onuň yzy bilen gaýtalap, ýatdan öwrenýär.

Sungatyň aşygy

Siziň synlaýan ajaýyp sungat eserleriňiz welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş hünäriniň IV ýyl talyby Zafar Soltanowyň çeken suratlary. Biz onuň okuwyndan boş wagtyna gabatlap döredijilik ussahanasynda myhmançylykda bolduk. Zafaryň çekýän suratlarynyň aglabasynda gözel tebigatymyzyň, behişdi bedewlerimiziň, gadymy galalarymyzyň ajaýyp keşbi janlanýar. Döredijilik adamsy bilen söhbetdeş bolmak juda ýakymly. Zafar esasan, açyk, ýagty reňkler bilen işlemegi gowy görýär. Bu reňkleri özüne has ýakyn hasaplaýar. Ol gülgüne, açyk sary, gök, ýaşyl reňkleriň sazlaşmagynda ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Hatda garaňky gijäni hem nurana Aýyň ýagtysy bilen bezemegi başarýar. Talyp ýigit çeper eserleri, aýratyn-da taryhy wakalary beýan edýän kitaplary köp okaýar. Onuň taryhyň gatlaryndaky gahrymançylykly wakalary göz öňüne getirmek esasynda döreden birnäçe sungat eserleri bar. Dürli mowzugda sungat eserlerini döredip, oňa döwrüň ruhuny siňdirýär. Ol eserleriniň süňňüne halkymyzyň milliligini, özboluşly ruhy dünýäsini çaýýar. Suratkeş çekýän suratlaryna öz içki dünýäsini, ýürek owazyny bagyş edýär. Onsoň onuň eserlerini synlap, diýjek bolýan sözlerini, kalbyndaky oý-pikirleri olardan okabermeli...

Rowaýat

Ir zamanda bir patyşanyň iki ogly bolupdyr. Ol ýaşlykdan ogullarynyň hersini bir adama terbiýelemäge beripdir. Garransoň, bir gün ogullarynyň birini öz ýerine tagta oturtmak isläp, olary synaga — aw awlamaga çagyrypdyr. Uly ogly kakasynyň ýanyna bezenip, beslenip, emma kiçi ogly sypaýy, arassa geýnip gelipdir. Patyşa kiçi ogluna: — Oglum, saňa şu bolçulykda geýmäge zat tapylmadymy? — diýipdir. Ogly:

Ýaşlaryň döredijiliginden

Arkadagyň paýhasy Bu gözel Diýaryň çar ýany rahat,Bagta beslenip dur ýyllar hem aýlar.Döwletli döwranda illerimiz şat,Bizde hatar-hatar tutumly toýlar.

Serdar — ezber pälwan

Çagalyk arzuwy, ýürek islegi Serdary 8 ýaşynda sportuň dzýu-do görnüşine getirdi. Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde önüp-ösen zehinli oglanjygyň sportuň bu görnüşine imrikmegine kakasy Jumanazar Rahymow sebäp boldy. Ol heniz başlangyç synpda okaýarka kakasynyň göreş tutuşyny synlap, «Menem ulalsam, kakam ýaly pälwan boljak» diýer eken. Halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlen pähim bar. Jumanazar aga oglunyň göreşe höwesekdigini bilip, ony etrapdaky 1-nji sport mekdebine eltýär. Serdara bu ýerde tälimçi Baýram Şerapow, öýünde bolsa Jumanazar aga göreşiň inçe syrlaryny irginsiz öwredýärler. Sporta höwesek Serdar etrapdyr welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, deň-duşlaryndan tapawutlanyp başlaýar. 2017-nji ýylda Serdar Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine okuwa girýär we öz agram derejesi boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliklerinde, çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. 2018-nji ýylda bolsa görkezen netijesine görä ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalygyna kabul edilýär. Häzirki wagtda hem ol ýygyndy toparyň düzüminde ýaryşlara taýýarlyk görýär.

Howsala

(hekaýa)Bu gün hem adatdaky ýaly, Gün ýaşansoň esli wagt oýna güýmendik. Ala-garaňkylykda mallary öňümize salyp, oba sary ýola düşdük. Birden wagtyň bir çene barandygy, mallaryň sanynyň tükelligi ýa däldigi baradaky howsala ýüregimi gysdyryp ugrady. Hawa, ýüregiň gysyp ugradymy, diýmek, bir ýakymsyzlyk bardyr. Ýa mallaryň sany tükel däldir ýa-da öýüňe baraňda, giç geleniň üçin igenç eşidersiň. Kelläme gelen pikirden hiç saplanyp bilmedim. Ýüregim bir zady syzan ýaly boldy. Süriniň gapdaly bilen ylgap, ýabyň raýşyna çykyp, mallary gaýta-gaýta sanadym. Hemmesi ýerbe-ýer, toklularyň sany tükel, işşekler hemişekileri ýaly biri-birine gysylyşyp barýarlar, öweçler hem süriniň öňünde. Birden üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Hemişe süriniň ortasynda ýöreýän maň goýun ýokdy. Yzyma dolanjak bolsam, eýýäm oba golaý gelipdik, garaňky hem mazaly düşüpdi. Näme bolsa-da, kakama aýdyp, onuň bilen bile gözlemäge gitmekden başga alajym ýokdy. Şonuň üçin tizräk öýe ýetmek üçin mallary haýdaberdim.

Ylham gorum — Watanym

Şygyrlar şadilli,  suratlar ajap,Watan waspy güberçekläp galyp dur.«Döret!» diýip, borçly edenok hiç kimÝene şygyr döredesim gelip dur. Gursagymda gözel-gözel niýet bar,Ak daňlary arzuw bilen atanym.Maksadym bir çemen bogmak şygyrdan,Ylham gorum sen — mähriban Watanym!

Kitap okamagyň usuly

Adamzadyň häzirki ösen ýokary derejesi, ilkinji nobatda, kitap bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynsanyň ýaşaýşynyň, çekýän zähmetiniň ähli ugurlary, jemgyýetiň geçmişi, şu güni we geljegi hakyndaky maglumatlar bu bahasyz baýlykda jemlenendir. Kitap bilimiň, ylmyň gözbaşydyr. Ondaky berilýän maglumatlar ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim ummanyna ynamly aralaşmaga ýardam berýär. Kitaba şeýle iňňän üýtgeşik, dykgat bilen üns berilmegi bolsa onuň adamzadyň durmuşynda deňi-taýy bolmadyk uly ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu gymmatly baýlyk üçin göz dikip oturan malyndan geçmäge taýýar türkmen kitaba bolan söýgüsini asyrlardan, heňňamlardan aşyryp, häzirki döwre ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiz kitaba sarpa goýmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär. Bu röwşen hakykat Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp eserleri bolan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda, «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda giňden we örän inçelik bilen açylyp görkezilýär. Eždatlarymyzyň kitap, onuň peýdasy hakyndaky ýörelgeleri häzirki zamanda täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllarynda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan kaşaň kitaphanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň kitap gorlarynyň üsti täze neşir edilýän kitaplar bilen baýlaşdyrylyp durulýar.

Jümle-jahan habarlary

Ak çägeli çöller Seýrek duş gelýän ak çägeli çöller Ýer ýüzüniň iň üýtgeşik ýeri hasaplanylýar. Şeýle çölleriň biri ABŞnyň NýuMeksika ştatynyň günortasynda ýerleşýär. Tebigatyň döreden bu täsinligi özüniň şeker ýaly ak çägesi bilen indi ençeme ýyldan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Täsin çölüň uzynlygy 36, ini 26 kilometre barabar bolup, ol deňiz derejesinden 1185 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu çöl özüniň diňe bir gar ýaly ak reňki bilen däl, eýsem, çägesiniň düzümi boýunçada tapawutlanýar. Hakykatda welin, ol çäge dälde, gipsdir. Alymlar millionlarça ýyl mundan ozal hek döwründe bu ýerde uly bolmadyk deňziň bolandygyny çaklaýarlar. Wagtyň geçmegi bilen deňiz birnäçe kölleri emele getiripdir. Kölleriň guramagy bilen duz we selen himiki elementi, olardan bolsa gips alaňlyklary döräpdir. Selen ýeriň üstki gatlaklarynda seýrek duş gelýän elementleriň biridir.