"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ösüşleriň röwşen şuglasy

Güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen ýyllary ýurdumyzda möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy. Garaşsyzlyk merdana halkymyza ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öňegidişlikler gazanylyp, täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Ýurt garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi.

Gün tertibinde — sanly ulgam

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeni-durmuş ulgamynyň islendik ugruny alsaň hem, soňky ýyllarda uly ösüşleriň bolup geçendigini görmek bolýar. Geçen döwürde amala aşyrylan işleri seljereniňde bolsa, ösüşleriň her tapgyrynyň şol wagtyň talaplaryna laýyk gelýändiginiň şaýady bolýarsyň. Olaryň täze tapgyry bolsa ähli ugurlaryň sanly ulgama geçmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz degişli ministrlikleriň, pudaklaryň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde sanly ykdysadyýete geçmek wezipesini goýdy. Sebäbi bu diňe bir döwrüň talaby bolmak bilen çäklenmän, häzirkizaman dünýäsine giň ýol açýandygy bilen hem ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem diňe ykdysady pudaklary däl-de, döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem elektron görnüşe geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Biz hem partiýanyň ilkinji guramalarynda şu mesele boýunça öňde goýlan wezipeleri düşündirmek işlerini alyp barýarys. Eýýäm «Sanly ykdysadyýet — kämil hyzmatlar», «Sanly ulgam kämilleşýär», «Sanly ykdysadyýet durmuşa ornaşdyrylýar» ýaly mowzuklarda maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň giň toplumyny geçirdik. Olarda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen wezipeler, olaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň umumy ösüşi üçin ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.

Möhüm işleriň öň hatarynda

Ýaş nesli watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň biridir. Birek-biregiň arasynda özara paýhasly gatnaşygy berkitmek, ýaşlary jemgyýete peýdaly işe ugrukdyrmak, olarda asylly sypatlary terbiýelemek we ösdürmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Bu il-ýurt bähbitli işe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Ştatdan daşary habarçymyz Ödegeldi Kulyýew bu jemgyýetçilik guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa bilen söhbetdeş bolup, 2021-nji ýyl üçin olaryň öňünde kesgitlenilen wezipeler boýunça alyp barýan işleri hakynda gürrüň bermegini haýyş etdi. — Ýaş nesliň döwlet tarapyndan goraglylygynyň üpjün edilmegi, şu maksat bilen kabul edilýän maksatnamalar, durmuşa geçirilýän meýilnamalar bizi ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygy bilen 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisinde Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar baradaky komitetiň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmegi ýaşlar hakda edilýän aladanyň ähmiýetiniň iňňän uludygyny görkezýär.

Durmuş ýörelgesi işjeňleşýär

Eziz Diýarymyzda her bir raýatyň saglygy döwlet tarapyndan goralýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we şahsy göreldesi arkaly ony wagyz ediji bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine örän uly üns berýär. Bu ugurda giň gerimli anyk çäreler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan derwaýys işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirýän düýpli özgertmelerine mähriban Diýarymyzyň ähli künjeginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň häzirkizaman desgalarynyň mysalynda göz ýetirip gelýäris. Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenabat şäherinde gurduryp beren welaýat köpugurly hassahanasy hem munuň aýdyň beýanydyr. Hassahanada Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň belli kompaniýalarynyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna oňyn täsir edýär. Bu bolsa örän guwandyryjydyr. Biz talyplarymyza şular dogrusynda giňişleýin gürrüň bermek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy maslahat berýäris.

Möwsümiň bosagasynda

Golaýda Türkmenistanyň Oba hojalyk we tebigaty goramak ministrliginiň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Dört ýerde — Çärjew, Dänew, Kerki, Döwletli etraplarynda guralan tutumly çärä etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, daýhan birleşikleriniň baş agronomlary, pagta arassalaýjy zawodlaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň agronomlary, ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri gatnaşdylar. Okuw maslahaty gowaça we güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek, ekinlerden bol hasyl almak, tehnikalary ekişe göreldeli taýýarlamak, ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça öňde durýan jogapkärli wezipelere bagyşlandy.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz öz ösüşiniň rowaçlyklara beslenýän täze döwrüne ynam bilen gadam basdy. Eziz Diýarymyzda sanlyja ýylyň içinde asyrlara barabar düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak, medeni-durmuş çygrynda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmak, esasan bolsa, ilatyň ýaşaýşyny ozal görlüp-eşidilmedik ýokary derejelere ýetirmek ugrundaky işleriň gerimi barha giňelýär. Ýurduň-halkyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen möhüm meselelerde belent sepgitlere abraý bilen ýetilýär. Şunuň ýaly guwandyryjy ilerlemeler Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz özbaşdaklyk, erkinlik ýörelgelerine daýanyp, ata Watanymyzy gülläp ösýän, ýaşamak, döretmek üçin örän amatly ýurda öwürdi. Guwandyryjy we buýsandyryjy özgerişlikler gadymy Lebap topragyny hem giňden gurşap aldy. T

Saglygymyz — baýlygymyz

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Paýtagtymyzyň nusgalyk keşbi täze binalar bilen baýlaşýar

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Gözel Aşgabadymyzyň durmuş düzümi toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýar

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Irden hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli demokratiýanyň täze ýalkymy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde parahatçylyksöýüjilikli, döredijilikli ösüşler bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem-de agzybirligini üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen demokratik ýoly saýlap aldy. Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy mejlise gatnaşyjylara hödürlenildi. Bu hukuk resminamasy Halk Maslahatynyň karary bilen biragyzdan makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek bilen bagly başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly

Döwletliligiň egsilmez güýji

Şu ýyl biz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, giňden we dabaraly ýagdaýda belläris. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk güni mähriban halkymyz üçin aýratyn taryhy senedir. Bu senede berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhy, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi şöhlelenýär. Çünki şol gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özygtyýarly, Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-maksatlary hasyl boldy.

Rowaçlygyň röwşen menzili

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar häzirkizaman üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegini, onuň giň gerimli ösüşlerini göz öňünde tutýar. Olaryň gutarnykly amala aşyrylmagy bilen Türkmenistany dünýä bilen, dünýäni Türkmenistan bilen birleşdirýän üstaşyr ýollar we kämil aragatnaşyk ulgamy peýda bolýar. Türkmenistanyň ýollaryň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşmeginden ugur alnyp gurulýan desgalardyr ýollar sebitleriň arasyny ýakynlaşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurulýan döwrebap howa menziliniň hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ulanylmaga berilmegi diňe bir içerki däl, eýsem, sebitara gatnaşyklaryň hem has ýygjamlaşmagyna hyzmat eder. Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkez bolmakda öz paýyna düşýän işleri abraý bilen ýerine ýetirýär. Ösen döwletleriň hataryna goşulan Garaşsyz ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň sany artýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşinde ýatdan çykmajak, Kerki şäherinde döwrebap howa menzilini gurmak hakynda aýratyn möhüm Ka

Türkmen alabaýynyň şanyna şan goşulýar

Şu hepdäniň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy halkymyzyň wepaly ýoldaşyna ― alabaýyna goýýan belent hormatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşyklykda ilkinji gezek belleniljek Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň öňüsyrasynda ulanylmaga beriljek toplumdaky tanyşlyk «mawy ýaýlym» arkaly bu pursatlara tomaşa eden ildeşlerimiziň her birinde ýakymly duýgulary oýardy. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Halkara assosiasiýa degişli Lebapdaky merkez Farap gümrük nokadyna barýan awtomobil ýoluň ugrunda gurulýar.

Watansöýüjiligiň nusga alarlyk göreldesi

Ähli döwürlerde-de Watan goragy mukaddes we jogapkärli borç hasap edilipdir. Türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän çeşmeler ene topragy duşmanlardan goramak, ilatyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin gerçekleriň janyny aýamandyklaryna şaýatlyk edýär. Halk gahrymanlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Olaryň atlary ebedileşdirilýär, bitiren hyzmatlary adamlaryň ýadynda müdimi ýaşaýar, görkezen gaýduwsyzlyklary bu günki Watan goragçylary üçin görelde bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly ýaşlar bu gün ýurdumyzyň goragynda berk durýarlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hemişe aladalanýar. Milli goşunyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy, Watan goragçylary üçin ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hut ýakynda hem Kerki serhet birikmesinde serhet galasynyň täze binasy we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga tabşyryldy.

Döwrebap ösüşler we şowly üstünlikler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe boldy. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary ösen innowasion tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilýär, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşýarlar. Şol sanda biziň mekdebimiziň okuwçylary hem dürli ýyllarda halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, öňdeligi eýelediler. Hususan-da, 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Erudit» halkara internet bäsleşiginde Ogulgerek Seýilhanowa we Aýlar Abdurasulowa dagy ýeňiji bolup, altyn medala we birinji derejeli diploma eýe boldular. Şonuň ýaly-da mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýna Haýdarowa geçen ýylyň aprel aýynda «Enjoy English» atly hal

Edep başy salamdyr

Halkymyz sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Türkmen asylzadalygy, ynsanperwerligi, edep-ekramy müňlerçe ýylyň dowamynda kämilleşip, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzda we milli ýol-ýörelgelerimizde halkymyzyň ynsan gatnaşyklary bilen bagly belent adamkärçilik sypatlary açylyp görkezilýär. Toý däpleriniň halkymyzyň göwnaçyklygyny, jomartlygyny, şahandazlygyny, maşgala dessurlarynyň bolsa, lebzihalallygyny, agraslygyny örän aýdyň görkezişi ýaly, türkmeniň salamlaşmak bilen bagly edep kadalary hem il-günümiziň milli medeniýetini, baý mirasyny, mähirliligini, açyklygyny äşgär edýär. Salamlaşmak özboluşly sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen özüne mahsus ýörelgeleri, däpleri bar.

Ojagy otly eder, guýyny süýtli

Halkymyzyň arasynda: «Sözen odum söýgüli, gandym odum gaýgyly» diýen nakyl bar. Sebäbi sözen odunyň tüssesi bolmaýar. Gandym agajy bolsa tüsseläp ýanýar. Irki zamanlarda kerwenli uzak ýoly söken täjirler dynç almak üçin düşlänlerinde hem sözen oduny ýakmagy makul bilipdirler. Sebäbi tüssesiz sözen ody olary del gözlerden hem gorapdyr. Ot başynda gyzykly saz-söhbetler edilipdir. Şeýdibem halkymyzyň dil hazynasy, ruhy mirasy baýlaşypdyr. Sözen odunyna tüňçede gaýnadylan gök çaý ýolagçylaryň nepesini durlapdyr.

Buýsançly başlaryň bezegi

Heniz mekdepde okaýarkak, mugallymymyz türkmen telpekleriniň Orhan-Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygy hakynda gürrüň beripdi. Halkymyzyň buýsanjy we mertebesi, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan telpekler birnäçe asyrdan bäri meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Telpek jöwzaly yssydan, ýagyşdan-gardan, ýelden goraýar. Olaryň görnüşleri we reňkleri adamlaryň ýaşyna, jemgyýetdäki eýeleýän ornuna we belli taryhy döwre görä kesgitlenilýär. Çagalaryň telpegi agymtyl-çalymtyl baganadan bolýar. Ýetginjeklere we ýaş ýigitlere tokly derisinden açyk reňkli telpekler tikilýär. Orta ýaşly adamlar çal hem-de goňrumtyl reňkli, sütügi o diýen ösgün bolmadyk gaba telpekleri, ýaşulular ak, garamtyl-goňur ýa-da şar gara, tüýüniň buýralary seçelenip duran telpekleri geýýärler.

Ik başynda işli gelin

Türkmen gelin-gyzlarynyň elinden çykan dünýä belli halylarymyzyň nepis bolmagy üçin inçeden sünnälenilip egrilen ýüň ýüplükler gerek. Halkymyzyň arasynda «Ik aýlanar her ýana, ýumak dolar bir ýana» diýen nakyl bar. Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginiň ýaşaýjysy, çeper elli gelin Gülşen Jumaýewanyň ýüň saýmak, ik egirmek bilen baglanyşykly şu söhbedini size ýetirmegi makul bildik: — Ýaşlygymda ulular bir iş etse, meniňem şony öwrenesim gelerdi. Şonuň üçin gulpagymy tasadyp ýören döwrümde maňa kiçiräk ik ýasap beripdiler. Mamam Şeker Babaýewanyň ik okuna ikbaşyň dakylyşy, pişge ýüňüniň ik gözüne berkidilişi barada öwredenleri maňa häzirki günlerde uly goltgy bolýar.

Dokapdyrlar mahmal, zerbap, ýüpegi...

Dünýäde iň oňat matalaryň Merwde, Nusaýda dokalandygy barada taryhçylar hem ýazypdyrlar. Halkymyz ýüňden, kenepden, ýüpekden we pagta süýüminden dokalan matalary giňden ulanypdyr. Ýunan taryhçysy Menandr türkmenlerde ýüpekden edilen çadyrlaryň bardygyny we olaryň her hili reňkli ýüpek matalary öndürýändiklerini belläpdir. V-VI asyrlarda Merwde «tiraž» atly öz döwrüniň iň gymmat bahaly matasy dokalypdyr. Dürli görnüşli matalardan gyrmyzy don, çäkmen we zerli don taýýarlanylypdyr. Irki döwürlerde şeýle matalary nah, zygyr, ýüň we zer ýüplükler garyşdyryp ulanmak arkaly dokapdyrlar. Araplar Horasanyň ähli syk dokalan matalaryna «merw», şol ýerde öndürilýän lybaslara «şahyjany» diýipdirler.