Döwrebap ösüşler we şowly üstünlikler

27 Ýanwar 2021
1287

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe boldy. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary ösen innowasion tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilýär, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşýarlar. Şol sanda biziň mekdebimiziň okuwçylary hem dürli ýyllarda halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, öňdeligi eýelediler. Hususan-da, 2020-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Erudit» halkara internet bäsleşiginde Ogulgerek Seýilhanowa we Aýlar Abdurasulowa dagy ýeňiji bolup, altyn medala we birinji derejeli diploma eýe boldular. Şonuň ýaly-da mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýna Haýdarowa geçen ýylyň aprel aýynda «Enjoy English» atly halkara internet olimpiadasynda birinji orny eýeledi we diplom bilen sylaglanyldy. Mekdep okuwçylaryndan şeýle guwandyryjy üstünliklere üstümizdäki ýylda hem garaşýarys.

Merjen ABDULLAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.