Halkymyz sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Türkmen asylzadalygy, ynsanperwerligi, edep-ekramy müňlerçe ýylyň dowamynda kämilleşip, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzda we milli ýol-ýörelgelerimizde halkymyzyň ynsan gatnaşyklary bilen bagly belent adamkärçilik sypatlary açylyp görkezilýär. Toý däpleriniň halkymyzyň göwnaçyklygyny, jomartlygyny, şahandazlygyny, maşgala dessurlarynyň bolsa, lebzihalallygyny, agraslygyny örän aýdyň görkezişi ýaly, türkmeniň salamlaşmak bilen bagly edep kadalary hem il-günümiziň milli medeniýetini, baý mirasyny, mähirliligini, açyklygyny äşgär edýär.
Salamlaşmak özboluşly sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen özüne mahsus ýörelgeleri, däpleri bar.