"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglygymyz — baýlygymyz

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içiň! Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň!

Goňşuçylyk ýörelgeleriniň täze derejesiniň aýdyň sahypasy

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Olimpiýa şäherçesi halkara ýaryşlaryna gapylaryny açýar

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

«Dostluk» ― türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda taryhy waka

Mundan bir hepde çemesi ozal Owganystan bilen halkara taslamalaryň täze toplumyna badalga beren Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy baýdak edinen ýylyň ilkinji aýynda halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimi ätdi. Özi-de ýene bir goňşusy ― Azerbaýjan bilen. Ýakynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki goňşy döwletiň Hökümetleriniň arasynda Ähtnama gol çekilmegi taryhyň çuňluklaryndan geçip gelýän türkmen-azerbaýjan dostlugynyň döwrebap röwüşdäki dowamyna öwrüldi. Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji daşary ýurtly myhmanlarynyň biri boldy. Dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul eden milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyr. Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işler öz netijesini berdi. Hazaryň jümmüşindäki «Dostluk» ýatagy şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.

Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilip, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ilatyň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

Buýsançly pursatlaryň beýany

Ýakynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan hoşallyk maslahatyny geçirdik. Oňa «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň, «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň, «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň we «Lebapgazüpjünçilik» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki saparynyň şanly wakalara beslenýändigini, ýakynda Lebap topragynda bolmagynyň hem ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan açylyşlara utgaşandygyny buýsanç bilen bellediler. Owganystanda işe girizilen demir ýol böleginiň, Kerkiden Şibirgana çenli çekilen elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy desganyň ulanylmaga tabşyrylmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Aýratyn hem Owganystandaky işe girizilen desgalaryň goňşy ýurduň ykdysadyýetini dikeltmäge, parahatçylygy üpjün etmäge uly itergi berjekdigi barada çykyşlarda bellenildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Häzirki wagtda ýurdumyz halkara geçelgeleriniň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Şolaryň birisi goňşy Owganystan döwleti bilen dostlukly hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam berýän Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýoludyr. Bu demir ýoluň ugrunda türkmen gurluşykçylary köprülerdir beketler, nebit önümlerini kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga niýetlenilen terminal ýaly möhüm gurluşyklary hem amala aşyrdylar. Milli hünärmenlerimiziň ýerine ýetiren işleri öz aýratynlyklary bilen haýran galdyrýar. Ýakynda bu ajaýyp desgalardyr binalarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tejribe okuwlaryny geçdiler. Geljekde ýurdumyzyň binagärçilik taýdan ösüşlerine goşant goşmak hyjuwy bilen joşýan ýaş talyplar iki günüň dowamynda bu ýerde bolup, binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny öwrendiler we gurluşyklaryň ýerine ýetiriliş usullary, olaryň biri-birine utgaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Ymamnazar demirýol menziliniň binasy olarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ýer sylasa, il sylaýar

Ene topraga örküni baglan adamlaryň bir gowy edähedi bar: olar wagta çäk goýman işleýärler. Gijemi, gündizmi, dynç alyş günümi, parhy ýok, bar aladalary toprak bilen, ekin bilen. Ekiniňden garaşýan gowy netijäňi aljak bolsaň, toprak bilen, ekin bilen höwrükmeseň boljagam däl. Telekeçi Zafar Joraýew bu hakykata basym göz ýetirdi. Ol hormatly Prezidentimiziň döwrebap ýyladyşhanalary döretmek üçin işewürlere ýer böleklerini bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda ilkinjileriň biri bolup ýer bölegini edindi. 2015-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy esasynda oňa Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde 0,5 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Telekeçiniň buýurmasy esasynda şol ýer böleginde «Dowamly gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary döwrebap ýyladyşhanany gurup berdiler. Iş toparynyň 2017-nji ýylyň maý aýynyň 31-indäki delilnamasy esasynda ýyladyşhana kabul edilip, dessine-de işe girizildi. Şol ýyl hem ekilen pomidordan gowy hasyl alnyp, ilatyň saçagyna ýetirildi. Ýyladyşhanalaryň 14-sinde ýetişdirilen hasyl yhlas bilen zähmet çekseň, ýetilmejek sepgidiň ýokdugyny görkezdi.

Mukaddes borja wepalylyk

Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk sergisi açyldy. «Watany goramak mukaddes borjumyzdyr» atly bu wagtlaýyn sergini muzeýiň işgärleri we welaýatymyzyň harby bölümleriniň wekilleri bilelikde guradylar. Birnäçe günläp dowam etjek bu sergide hormatly Prezidentimiziň watançylyk mowzugyndaky kitaplaryna, Watan goragçylary we harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlaryna aýratyn orun berildi. Bulardan başga-da ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmakda we Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Goşunymyzy pugtalandyrmakda alnyp barlan işlere degişli maglumatlaryň uly toplumy ýerleşdirildi. Watanymyzyň şöhratly taryhyna, syýasy we harby durmuşyna degişli özgertmeleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň serhetçileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň işlemekleri we bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilýän şertleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, şeýle-de mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür we söweş ýoluny beýan edýän dürli görnüşli suratlar we ýazgylar hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Sergide görkezilen harby gullukçylaryň irki döwürlerde ulanan harby esbaplary, geýen egin-eşikleri, Watan Gahrymanlarynyň döşüni bezän orden-medallar, olar bilen baglanyşykly maglumatlar ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende galdyrdy.

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Ähli işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk guralýar

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewi we B.Öwezowy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Merjen paýtagtymyz nusgalyk binagärlik keşbine eýe bolýar

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Täzelikler

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň guramaklarynda Çärjew, Farap, Dänew Darganata etraplarynda etrap bilim bölümleriniň işgärleriniň, çagalar baglarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda ýörite okuw maslahaty geçirildi. Onda körpeleriň arasynda arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, sagdyn iýmitlenmegi guramak boýunça olaryň ene-atalary bilen düşündiriş işlerini yzygiderli ýola goýmak dogrusynda gürrüňdeşlik geçirildi. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekligiň körpeleriň maşgala agzalarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigi düşündirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan şu mowzukdan taýýarlanylan gollanmalaryň 3-si, şeýle-de ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça ýörite düzgünnama hem paýlanyldy.

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şatlykly wakalar, hoş habarlar bilen utgaşmagy dowam edýär. Ynha, hepdäniň duşenbe güni gelen hoş habar hem bulara aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Şol gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasynyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwletdir. Şeýlelikde, ýurdumyz bu sanjymy hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi. Mahlasy, bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmeklige hem-de köptaraplaýyn lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen nobatdaky ädimdir. Gahryman Arkadagymyz halkyň saglygyny birjik-de ünsden düşürmän, bu ugurda halkara başlangyçlary öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen hemişe işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky tagallalary her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam basan Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muňa aýdyň nyşandyr. Bu maksatnamada milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, milli däp-dussurlarymyza söýgi döretmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek, ýaşlar syýasaty boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýaly meseleler ilkinji orunda görkezilýär. Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan güneşli Diýarymyzda bu ugurda milli Liderimiz tarapyndan ýaşlary ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmek, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmak,

Pyragynyň arzuwlan zamany geldi

Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Nusgawy şahyrlarymyza uly sarpa goýýan milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem ýokary baha berýär. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde hem akyldar şahyryň dana setirlerine uly orun berilýär. Akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin eserleri döredip, türkmen jemgyýetiniň we nusgawy edebiýatynyň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip ýerlikli belleýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Dünýä belli gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy

Taryhy wakalara bagyşlandy

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň barşynda birnäçe halkara taslamalara badalga berildi. Olaryň arasynda Akina — Andhoý demir ýoly, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi we «Malaý» gaz käninde açylan kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr gaz gysyjy desga bar. Dünýä ýaň salan bu taryhy wakalar halklaryň parahatçylygyna, birek-birege ynanyşmagyna gönükdirilip, ähli watandaşlarymyza uly şatlyk, buýsanç duýgularyny paýlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi Türkmenabat şäherinde «Arkadagyň sapary ― halklaryň parahatçylygy» atly hoşallyk maslahatyny geçirdiler. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Parlak geljegimiziň ýoly

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Bu şanly sene mähriban Watanymyzyň ýyl-ýyldan gülläp ösýändigini, kuwwatly, abraýly döwlete öwrülýändigini äşgär edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlar hakynda oýlananyňda, ilki bilen gurlan belent-belent binalar, desgalar göz öňüňe gelýär. Elbetde, olar biziň durmuşymyzy, ýaşaýyş şertlerimizi ýokary derejelere ýetiren ägirt uly ösüşleriň anyk netijeleridir. Ýurtbaştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, uzak bolmadyk möhletde tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bu gün obalarymyzyň, şäherlerimiziň ajaýyp keşbi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär we göwünleri galkyndyrýar. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň öz halkynyň arzuw- islegini, bähbitlerini ähli zatdan ileri tutup alyp barýan syýasatydyr.

Bugdaýym bol — çöregim bol

Ýurdumyzda her ýyl bugdaýyň bol hasyly ýygnalýar. Azyklyk bugdaýyň bolçulygyny döretmekde, bu önümiň daşary ýurtlara hem eksport edilmegini gazanmakda Amyderýa jülgesiniň edermen gallaçylary-da ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hem welaýat boýunça 310 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Däneli ekinleriň iň esasy görnüşi bugdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda alymlarymyz bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşlerini önümçilige girizmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bugdaý esasy azyk önümlerini berýän ekinleriň hataryna girýär. Onuň azyk gymmatlylygy düzüminde ýaşaýyş üçin esasy orny tutýan örän möhüm beloklary, şeýle-de suwda eremeýän sozulgyç, çişme häsiýetli özlülik belogyny — kleýkowinany saklaýanlygy bilen uly ähmiýete eýedir. Umumy belogyň saklanylyşy bugdaý dänesinde 16—24 göterime çenli ýetýär. Özlülik belogy hamyryň çişmegi, içiniň öýjük-öýjükli bolmagy üçin ähmiýetlidir. Şeýle-de ol çöregiň tagamyny, ýokumlylygyny artdyrýar.

Köpetdag — täsinliklere baý mekan

Türkmen — Horasan daglarynyň demirgazyk şahasy bolan Köpetdagyň özboluşly ösümlik dünýäsi bar. Dagyň eňňitlerinde we jülgelerinde ösümlikleriň 1500-e golaý görnüşi ösüp, olardan 300-si diňe şu ýerlerde duş gelýär. Olar barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow şeýle gürrüň berýär: — Gojaman Köpetdag tebigy özboluşlylygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň köp bölegi gurak subtropiki howa zolagynda ýerleşýär. Dagyň landşafty, esasan, daşly dag ulgamyndan, meýdanynyň ujypsyz bölegi bolsa toýunsow dag pesliginden ybaratdyr. Sebitdäki uzynlygy we çuňlugy dürli-dürli bolan dag jülgeleriniň köpüsinde ýylboýy akýan suw akabalary bar. Bu bolsa ýerli ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitleýär.