"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ak alkyşlar mukam bolup ýaňlanýar

Milli Liderimiziň ýaş nesliň heniz mekdep okuwçysyka belli bir hünäriň başyny tutmagy, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak bilen bagly bildirýän talaplary welaýatymyzyň Döwletli etrabynda hem netijeli durmuşa geçirilýär. Etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisinde jemi 24 bölüm hereket edip, olarda çagalaryň 260-a golaýy sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýar. Etrap merkezindäki çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň 103-sine bilim berilýär. Bu mekdepde 10 bölüm hereket edip, onda çagalar dutar, gargy tüýdük ýaly milli saz gurallarymyz bilen birlikde klarnet, fleýta, plektrli dutar, fortepiano ýaly saz gurallaryny, şeýle-de sungatyň bagşyçylyk, nakgaşçylyk ýaly görnüşlerini özleşdirýärler. Sungat mekdebinde olara 20-den gowrak mugallym bilim berýär. Mugallymlaryň arasynda hemişelik şu mekdeplerde işleýänleri hem, başga mekdeplerden gelýän utgaşdyryjy mugallymlar hem bar. Bu ýerde tejribe ýüki ýetik halypalaryň hem, ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini ýakynda tamamlan ýaşlaryň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýeri gelende aýtsak, etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisiniň hem ýaş mugallymlary bu mekdepleriň ozalky uçurymlarydyr. Bu gün sungat ýoluna ilkinji gadam goýan mekdeplerinde işlemek, ýaş nesliň sungata bolan söýgüsini artdyrmak olar üçin belent mertebe.

Ynsan saglygyna melhem şypahana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen açylyp, ulanylmaga berlen şypahanamyzda-da raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda uly işler alnyp barylýar. Jeýhunyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýän bu ajaýyp şypahananyň tebigy suwunyň bejeriş täsiri 1958-nji ýyldan bäri mälimdir. Ol şol ýerde geologiýa-barlag ekspedisiýasy tarapyndan gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýynyň ýatagy açylmagy sebäpli ýüze çykaryldy. Mineral suwuň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda 39 gradus bolup, onuň düzüminde 32-den gowrak elementiň bardygy anyklanyldy. Suwuň adam bedenine şypaly täsir edýändigi ylmy esasda tassyklanyldy.

Tebigat geýinip akja köýnegin, ýyly garşylady gözellik bilen

Tebigatyň ähli pasly biri-birinden owadan. Hamala, olar biri-biri bilen owadanlykda bäsleşýän ýaly. Edil şu günler bolsa gözel tebigatymyz has-da owadanlyga beslenipdir. Dogrusy, ol geýinip akja köýnegin, ýyly garşylapdyr gözellik bilen. Gar reňkli ulagymyz günorta gitdigiçe, görýän gözelligiňe aklyň haýran galýar. Ulagy saklap, tebigat bilen gaýybana gürleşesiň, onuň goýnunda surata düşesiň gelýär. Tebigat saýlap-saýlap, şeýle bir owadan köýnegini geýipdir welin, edil durmuşa çykjak gyzy ýadyňa salýar. Onuň akja köýneginde ýiti ýylpyldylar öwşün atyp, çar ýana şöhle saçýar.

Saglygymyz — baýlygymyz

Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň!

Jümle-jahan habarlary

«A-68» aýsbergi ikä bölündi Ýewropanyň kosmiki gullugy (EKA) dünýäniň iň uly «A-68» aýsberginiň ikä bölünendigini habar berdi. Indi alymlar äpet buz bölekleriniň hereketini yzarlamaly bolarlar. Aýsbergiň ikä bölünmeginiň sebäbi heniz belli däl. Emma alymlar onuň Günorta Georgiýanyň kenarynyň onlarça kilometrlik ýalpaklygyna tarap ýüzmegi zerarly bu ýagdaýa gelendigini çaklaýarlar. Aýsbergiň ýalpaklyga golaýlaşmagy we onuň ummanyň düýbüne degmegi zerarly bu äpet buz böleginiň bölünmegine alymlar öňräkden bäri garaşýardylar. Şeýle hem olar soňky birnäçe günüň dowamynda «A-68-iň» sagat diliniň ugruna hereket edip aýlanandygyny-da belleýärler. Umumy meýdany 4200 inedördül kilometr bolan bu buz bölegi indi ep-esli kiçeldi. Onuň bölünip aýrylan bölegi 175 inedördül kilometre barabardyr. Alymlar «A-68-iň» ýuwaş-ýuwaşdan has kiçi böleklere-de bölünmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Emma munuň üçin ýene ençeme ýyllaryň gerek boljakdygy hem anyk.

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Inden hat gelip gowuşdy. Onda: «Jenap Şin Sung-çuly Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belleýändigimi Siziň Alyhezretiňize hormat bilen habar berýärin. Jenap Şin Sung-çuluň özüniň belent abraýy hem-de ýokary ukyplylygy bilen biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy mundan beýläk-de berkitmek we özara bähbitleri ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär. * * *

Täzelikler

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary üçin örän şowly ýyllaryň biri boldy. Olar önümçilik meýilnamasyny möhletinden öň artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýylyň soňuna çenli bu görkeziji has ýokary boldy. Fabrik boýunça meýilnamada görkezilen 35 million 506 müň 179 manatlyga derek 46 million 597 müň 409 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamadan daşary onlarça million manatlykdan hem gowrak önümiň artyk öndürilendigini aňladýar. Fabrigiň zähmetsöýer adamlary bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz öndürýän önümleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny subut etdiler. Buýurmalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümleriň hyrydarlarynyň göwünlerinden turýar. Fabrikde, esasan, harbylar üçin geýimleriň uly topary, şol sanda ulular we çagalar üçin eşikler tikilýär. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda ozal daşary ýurtlardan getirilýän mekdep okuwçylarynyň goşhaltalarynyň 1500-siniň, agyz-burun örtükleriniň 464 müňden gowragynyň öndürilmegi önümçiligiň giňändiginden habar berýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda hem zähmet gadamlary batlanýar.

Goňşy döwlete dostana goldaw

Halkymyz goňşuçylyk gatnaşyklaryna, şeýle gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Bu jedelsiz hakykata gulluk edýän eždatlarymyz ajaýyp nakyllaryň we atalar sözleriniň köpsanlysyny döredipdirler. «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşynyň haky — Taňrynyň haky», «Goňşy — goňşynyň bazary», «Goňşy ýykylsa, söýget ber»... Ata-babalarymyz diňe bir duldegşir goňşulary bilen däl, eýsem, ýakyndaky we alysdaky ülkeler bilen hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, parahatçylykda, asudalykda ýaşaşmagyň nusgalyk ýörelgesini döredipdirler. Şeýle röwşen ýol-ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we barha çuňlaşdyrylýar. Bu babatda goňşy Owganystan döwletine berilýän goldaw-hemaýat hem-de ýola goýlan gatnaşyklar aýratyn orunda durýar. Türkmenistan Owganystana köptaraplaýyn goldaw bermek arkaly bu ýurtda ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Soňky ýyllarda elektroenergetika ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Türkmenistandan indi köp ýyldan bäri goňşy ýurda elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde üznüksiz ugradylýar. Bu möhüm işe welaýatymyzyň elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işgärleri hem ýakyndan gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Kerkidäki elektrik bekedinden Owganystana 110 kilowoltlyk geçiriji arkaly elektrik energiýasy iberilýär.

Parahatlyk — ýürek baýdagy

Eziz Arkadagymyzyň: «Parahatlyk — ýürek baýdagy, Älem-jahan — mähir mukamy» diýen şahyrana setirleri biziň her birimiziň ruhy ganatymyza, rowaçlyklara höweslendirýän baş şygarymyza öwrüldi. Zeminiň abadançylygyny, asmanyň asudalygyny ýaşaýşynyň ebediligine, durmuşynyň manysyna deňeýän halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk arkaly gazanylýan şanly ösüşleriň eşret-hözirini görýär, erkana ýaşaýar we ýüreginde beslän maksadyna sary ynamly gadam urýar.

Söýgüsi ― il, serpaýy ― alkyş

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan Berkarar zaman obasy diňe bir döwrebap keşbi bilen däl, eýsem, biri-birine barha ysnyşýan ýaşaýjylarynyň agzybirligi, ýürekdeşligi bilen hem göwnüňi göterýär. Ýaşaýjylaryň hersi bir ýerden göçüp gelen hem bolsalar, olar gysga wagtyň içinde ýürekdeş goňşulara, mähirli obadaşlara öwrülip gitdiler. Bu gün biri-biriniň toý-märekesinde hemmeleriň bilek çyzgap, hyzmat edip ýörenini göreniňde, göwnüň guş bolup uçýar. Men — eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu döwrebap obanyň ýaşaýjysy. Oba ilatynyň arasynda agzybirligi, jebisligi, ýaşlaryň arasynda edep-terbiýäni wagyz etmekde oba geňeşliginiň wekilleriniň hem uly paýy bar diýip düşünýärin. Ýaşulular bilen her gezek Geňeşligiň jaýyna baranymyzda, onuň hünärmenleriniň il-günüň aladasyna gurşalanlygyny görüp has guwanýarsyň. Gysga wagtyň içinde il-günüň ýüreginde ýer edip bilen hünärmenleriň biri-de Maýa Akyýewadyr.

Döwre buýsanç işjeňligi artdyrýar

Uly üstünliklere beslenen 2020-nji ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz täze ― 2021-nji ýyl üçin ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiz hususy pudagyň işini mundan beýläk-de ilerletmek, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmelerden habarly bolmagyny gazanmak ugrunda-da degişli tabşyryklary berdi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, esasy işi merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybarat bolan bu düzümler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Zerhal  NARMAMEDOWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji:

Gül Watanyň goýnunda

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleriniň joşguny bagtyýar çagalaryň kalbyna ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi. Çagalaryň şadyýan gülkülerine şaýat bolanyňda olaryň bagtyýar döwrüň bagtly balalarydygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen eziz Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ady dünýä dolan ýurdumyzda ýaş nesiller üns-alada bilen gurşalýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sporta, sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi-de uly ähmiýete eýedir. Düýn Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan okuwda, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Olaryň ählisi hem mekdepde göreldeli okamak bilen birlikde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşant goşýan zehinli çagalardyr. Biziň welaýatymyzdan hem bagtyýar çagalaryň ýedisi bu baýraga mynasyp boldy. Olaryň eziz Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyş sözleri bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Ýylymyzyň ady — ýolumyza çyrag

Ata Watanymyz parahatçylyk ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine, şanly üstünliklere barýar. Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny päk niýetler, ýagşy arzuwlar bilen garşy aldyk. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň ýyly bolar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarydyr halypa mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýylyň nyşany, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, haly önümleri, dutar, gyjak, deprek ýaly milli saz gurallarymyz ýerleşdirilipdir. Şeýle-de keramika, mis küýzeleri we arheologiýa tapyndylar sergä özboluşly gözellik berip, bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi.

Saglyk size ýaran bolsun!

Agyz-burun örtügini dakynmaly. Bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmaly. Howanyň sowamagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly.

Özgertmeler abadan durmuşyň bähbidine gönükdirilýär

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Täzelikler

Golaýda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu ajaýyp kitap milli Liderimiziň beýleki gymmatly eserleri ýaly uly ähmiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiz öz kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri barada parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, il-günüň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetine uly üns berýär. * * *Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli dabara geçirildi.

Dünýä dursun Parahat!

Ykbaly göterilen halkymyza Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik sepgide, ösüşe, rowaçlyga we halkara derejesindäki mynasyp mertebä eýe bolmak bagty miýesser etdi. Gojaman taryh üçin örän gysga döwürde döwletimiz durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň täze belentliklerine tarap iňňän okgunly we netijeli ýoly geçmegi, halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde öz mynasyp ornuny eýelemegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine esaslanýan parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, abraý-mertebesi has-da beýgeldi. Türkmenistanyň halkara guramalarynyň derejesinde yzygiderli gazanýan oňyn netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkara syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapmagy dünýä döwletleriniň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleginiň has-da artmagyna getirdi. Häzirki wagtda ata Watanymyz bilen diplomatik hem-de hyzmatdaşlygyň giň we köptaraply ugurlary boýunça gatnaşyklary ýola goýýan döwletleriň sany yzygiderli artýar. Eziz Watanymyzyň bu günki ýeten belent sepgitlerine buýsanjyň püre-pürlenip, Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpaň barha joşýar.

Gurýan döwlet gurpludyr

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly başlandy. Ýylyň şygaryndan, şeýle hem ilkinji günlerden meseleleriň çözgüdine berk ynam bilen çemeleşilip başlanyşyndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda öňki ösüşlere itergi berjek giň gerimli işler ýene-de täze güýç bilen ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz täze — 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy, bu boýunça möhüm tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň möhümdigini we geljeginiň uludygyny aýratyn nygtady. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda welaýatymyzda «Malaý» gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina — Andhoý demirýol şahasy, Ymamnazar — Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy mysal getirildi. Mälim

Öňde möhüm maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýýan anyk maksatlary we wezipeleri düzümlerde tertipnamalaýyn işleri kämilleşdirmekde, täze iş usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň aýagynda döwlet Baştutanymyz bu meseleler bilen baglanyşykly geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri güýçlendirmek, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek, ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, zähmeti goramak, howpsuz iş şertlerini döretmek, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri, okuw maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmekligi aýratyn nygtady. Bular boýunça eýýäm welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz öňlerinde möhüm maksatlaryň birnäçesini kesgitlediler. Jumagül  AÇYLOWA,Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi: