Täzelikler

6 Ýanwar 2021
1942

Golaýda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu ajaýyp kitap milli Liderimiziň beýleki gymmatly eserleri ýaly uly ähmiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiz öz kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri barada parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, il-günüň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetine uly üns berýär.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli dabara geçirildi.