"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi olaryň bellenen işgär sanyny üýtgetmezden ýapyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Özgertmeler durnukly ösüşiň kuwwatly binýadydyr

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Häkimler, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli sebitlere gözegçilik edýän orunbasarlary milli Liderimize häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde 2021-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy habar berildi.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilýär

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgüne — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerine geldi. Dabaralara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem gatnaşdy.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Toýly günleriň, şanly seneleriň ýakymy ýüregimizden hiç haçan çykmaýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza şu gezekki sapary hem millionlarça ýürekde şeýle ýakymy oýardy. Bu saparyň çägindäki taryhy wakalara şaýat bolanlaryň ýürek joşgunyny diňlemek bolsa has-da ýakymly. Şonuň üçin hem gazetimiziň şu sanynda kalby joşgunly watandaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny paýlaşýarys. Kalandar KLYÇÝEW,Türkmenabat Halkara howa menziliniň dispetçeri:

Hoş habarlaryň ganatynda

Hökümetiň welaýat merkezimizdäki «Ruhyýet» köşgünde geçirilen göçme mejlisi Jeýhun ýakasynda ýaşaýan watandaşlarymyza hoş habarlaryň birnäçesini buşlady. Himiýa zawodynda täze önümçilik

Türkmenabadyň toýly günleriniň şanly wakalary

Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli teleköpri arkaly birleşdirilen dabaralaryň yzysüre şäheriň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşan ýene-de bir dabara bolup geçdi. Şäheriň Alty Garlyýew köçesiniň ugrunda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň täze, döwrebap binalar toplumy ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu köçäniň ugrunda dolandyryş-edara jaýlarynyň döwrebap binalarynyň giden bir hatary ýerleşýär: ýangyn howpsuzlygy gullugynyň edara jaýy olaryň sazlaşykly hatarynyň üstüni ýetirdi.

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly! Elleriňizi hapa

Dostlukly gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy açylýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ynsanperwer goňşuçylyk gatnaşyklaryna ýugrulan halkara hyzmatdaşlyklary netijesinde gazanylýan üstünlikler hem halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagynyň, halklar arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy ýoly hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Milli Liderimiziň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer syýasatlarynyň netijesinde Türkmenistan goňşy Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. 2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serheta

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki pamyk egriji fabrigiň işçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp zähmet goşantlaryny goşdular. Geçen ýylda fabrigiň öndüren ýokary hilli nah ýüplükleriniň 80 göterimi Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksporta ugradyldy. Bu ýerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Kämil tilsimatlar ornaşdyrylan önümçilikde işleýänleriň iş şertleri öňküsinden has gowulandy. Üç çalşykda işleýänleriň ulaglarda gatnadylmagy kadaly ýola goýuldy, işçileriň saglygyna lukmançylyk gözegçiligi amala aşyrylýar, iş arakesmelerinde dynç almak we naharlanmak üçin ähli amatlylyklar döredildi. Bu bolsa zähmet görkezijileriniň ýokarlanmagyna-da täsirini ýetirýär. Kärhananyň ýolbaşçysy Nargül Abdyýewa 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilendigini aýdyp, täze ýyla ruhubelent gadamlar bilen girişendiklerini aýdýar.

Älem içre adyň belent

Biz hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýyly päk umyt-arzuwlar, belent maksatlar bilen garşy aldyk. Ýylymyzyň şygaryny ýoluna çyrag edinen ildeşlerimiziň her biri häzirki günlerde eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere saldamly goşant goşmak hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda täze zähmet üstünliklerine galkynýar. Öňňin welaýat häkimliginde Täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat we döredijilik işgärleri çykyş edip, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Biz olaryň birnäçesiniň ýürek owazyny ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazy alysdaky ýurda üznüksiz akdyrylýar

«Altyn bürgüt» döwrüň belentliginde

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky sargytlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu işe ýurdumyzyň işewürleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça azyklyk önümleri öndürmek maksady bilen hususy kärhanalaryň 100-den gowragy 356 gektar meýdanda ýyladyşhanalarda ilatyň saçagyna hödürlenilýän önümleri ýetişdirýärler. Tizden ýene-de 1300 gektar meýdanda ýyladyşhanalar toplumlarynyň 150-sini gurmak meýilleşdirilýär. Iri we döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynyň birisiniň eýesi «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Bu at diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşaryda-da meşhurdyr, ýyladyşhanalar toplumyny işe girizeninden soň-a Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň çäginde hem giňden tanalyp ugrady. Biz «Altyn bürgüdi» ýurdumyzyň çäginde ädip başlan ilkinji ädimlerinden bäri tanaýarys. Hususy kärhana döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga goldaw berýän ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda suw arassalaýjy desgalardyr medeni ojaklaryň birtoparynyň bardygyny ýatlap geçeliň. Farabyň bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň kub metre çenli tämizläp berýän suwunyň eşretini görýän zähmetsöýer ilaty hususy kärhananyň işgärlerine h

Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun Arkadag!

Zamananyň zynaty, ýürekleriň senasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag!Göwünleriň ganaty, rahatlygyň penasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag,Ýörelgäňiz geljege rowan bolsun, Arkadag! Dost-doganlyk — dünýäniň, yklymlaryň ykbaly,Beýik tutumlaryňyzyň ýer ýüzünde ykrary,Baky Berkarar Watan halkymyzyň mähraby,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag,Ýörelgäňiz geljege rowan bolsun, Arkadag!

Baky bagtyň mekany

Biz döwlet ygtyýarlylygyna eýe bolan asuda, parahat ýurtda, erkanalygyň goýnunda ýaşaýan bagtly ynsanlardyrys. Bu beýik bagta nädip buýsanmajak, nädip guwanmajak, eýsem, ynsan üçin özbaşdak, abadan döwletiň bagty çüwen raýatlary bolmakdan uly bagt barmyka?! Bu özbaşdak döwletlilige teşne bolan pederlerimiziň hem ençeme asyrlap ýetip bilmedik arzuw-hyýaly, erk-islegi ahyryn. Ynha, indi laýyk 30 ýyldan bäri öz Garaşsyzlygynyň maksatly menzilleri, rowaç tutumlary bilen halkymyz bagtyýarlygyň, bagtyň hözirini görýär. Bu döwürde parasatly pederlerimiziň parahatçylygy hem-de milletiň bitewiligini gorap saklamak we dowam etdirmek ýaly ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ýurdumyzyň ýeten derejeleri eýýäm alyslara ýaň salýar. Bu hakykat halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgerişlikleriň, halkyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalaryň mysalynda hem aýdyň görünýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz milliligine, kökleri uzak asyrlara uzaýan maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga we ösdürmäge giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa özüňi beýik millet hökmünde dünýä tanatmak, ykrar etdirmek, yklymda dost-doganlyk ýollaryny gurmak üçin esasy möhüm şertleriň biridir. Şeýle hem bu ugurda döwlet derejesinde ýola goýlan giň gerimli işler türkmen milletini has hem jebisleşdirdi, täze galkynyşa ruhlandyrdy, halky bagtyýarlyga ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýiti öň

Milli medeniýetiň parlak kuýaşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Döwrebap bilim — mizemez binýat

Her bir jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň gözbaşynda ylym-bilim durýar. Ýer ýüzüniň islendik ösen ýurdunyň ýeten belent derejesiniň, gazanan üstünliginiň syry bilen gyzyklananyňda, şübhesiz şu hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Munuň özi bu ulgama berilýän ünsüň, bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň düýp manysyny açyp görkezýär. Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzy belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler bilim işgärlerini has jogapkärli işlemeklige borçly edýär. Şu hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmäge, şonuň netijesinde ýaş nesli sagdyn, sowatly, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli edip ýetişdirmek bilen bagly möhüm meselä uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanym

Türkmenistanym Mukaddesdir maňa gysym topragyň,Bahasyz baýlygym, jigerim-janym.Galkynan ruhuň hem şöhratyň-şanyňWatanydyr meniň Türkmenistanym.

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar hem-de sport desgalary guruldy we bu ugurda ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň sakasynda saglyk durýar. Saglyk bu biziň elýetmez baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşaýşyň sakasynda saglygyň durandygyny nygtap, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni durmuşa geçirmekde düýpli özgertmelere badalga berýär. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilip, welaýatymyzda hem dünýä nusgalyk iri hassahanalar, saglygy goraýyş merkezleri hem-de saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýat merkezimizde sebitde iň uly köpugurly hassahana işleýär. Ähli mümkinçilikleri bolan bu iri saglygy goraýyş merkezinde çylşyrymly operasiýalaryň onlarçasy üstünlikli geçirildi. Merkeziň lukmanlary ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki kärdeşleri bilen onlaýn maslahatlaryny geçirip, bilelikdäki kämilleşigi ýola goýdular.

Baýrakly basgançaklarda

Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri şatlykly, buýsançly wakalara beslenýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň birnäçesine Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy. Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýlar Semenderowa hem şu baýraga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Aýlar küşt oýnamagy gowy görýär. Ol orta mekdepde-de derslerine gowy ýetişýär, sportuň bu görnüşi bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Olaryň tutuş maşgalasy küştüň muşdaklary.