Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

13 Ýanwar 2021
1917

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar hem-de sport desgalary guruldy we bu ugurda ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň sakasynda saglyk durýar. Saglyk bu biziň elýetmez baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşaýşyň sakasynda saglygyň durandygyny nygtap, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni durmuşa geçirmekde düýpli özgertmelere badalga berýär. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilip, welaýatymyzda hem dünýä nusgalyk iri hassahanalar, saglygy goraýyş merkezleri hem-de saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýat merkezimizde sebitde iň uly köpugurly hassahana işleýär. Ähli mümkinçilikleri bolan bu iri saglygy goraýyş merkezinde çylşyrymly operasiýalaryň onlarçasy üstünlikli geçirildi. Merkeziň lukmanlary ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki kärdeşleri bilen onlaýn maslahatlaryny geçirip, bilelikdäki kämilleşigi ýola goýdular.

Laçyn NOWRUZOWA,
welaýat köpugurly hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.