Bugdaýym bol — çöregim bol

20 Ýanwar 2021
1617

Ýurdumyzda her ýyl bugdaýyň bol hasyly ýygnalýar. Azyklyk bugdaýyň bolçulygyny döretmekde, bu önümiň daşary ýurtlara hem eksport edilmegini gazanmakda Amyderýa jülgesiniň edermen gallaçylary-da ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hem welaýat boýunça 310 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy.

Däneli ekinleriň iň esasy görnüşi bugdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda alymlarymyz bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşlerini önümçilige girizmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bugdaý esasy azyk önümlerini berýän ekinleriň hataryna girýär. Onuň azyk gymmatlylygy düzüminde ýaşaýyş üçin esasy orny tutýan örän möhüm beloklary, şeýle-de suwda eremeýän sozulgyç, çişme häsiýetli özlülik belogyny — kleýkowinany saklaýanlygy bilen uly ähmiýete eýedir. Umumy belogyň saklanylyşy bugdaý dänesinde 16—24 göterime çenli ýetýär. Özlülik belogy hamyryň çişmegi, içiniň öýjük-öýjükli bolmagy üçin ähmiýetlidir. Şeýle-de ol çöregiň tagamyny, ýokumlylygyny artdyrýar.

Zakirjan KERIMBERDIÝEW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.