"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Möhüm möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görülýär

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlygy yzygiderli artdyrylmalydyr

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. * * *

Harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

1-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Wakanyň bolan ýerinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary garşyladylar.

MIlli Demokratiýa rowaç alýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy we ýiti öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzda hukuk ulgamyny, aýratyn-da milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize we ösen dünýä tejribesine laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Parlamenti iki palataly ulgama geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyndan ugur alnyp, ýurdumyzda täze döredilen palatanyň, ýagny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda birinji saýlawlary geçirilýär. Öňde duran saýlawlara häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu möhüm ähmiýetli syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Parahatçylygyň gözbaşy

Bedew batly Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň abadançylygynyň, ählumumy howpsuzlygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Hut şu nukdaýnazardan Bitarap Türkmenistan indi diňe bir parahatçylyksöýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, ony berkidiji we muňa dünýä döwletlerini çekiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär. Soňky 30 ýyla golaý taryhy döwrüň içinde eziz Diýarymyz ylalaşdyryjy merkez hökmünde sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy goldamakda, goňşy Owganystanda abadan durmuşyň höküm sürmegine ynsanperwer we doganlyk kömegini bermekde dünýä nusgalyk işleri bitirdi. Dünýä jemgyýetçiliginde milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän ählumumy we umumadamzat başlangyçlaryna ýokary baha berilse, ýurdumyzyň alyp barýan açyk we aýdyň syýasaty bolsa beýleki döwletleriň bize ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyna esas döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi-de ählumumy parahatçylyga daýanýan özboluşly daşary syýasatymyzyň ornuny we ähmiýetini has hem berkitdi.

Durmuş-ykdysady ösüşlere giň gerim berilýär

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýat edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki günlerde welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk çärelerine giň gerim bermek barada kesgitlän wezipelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Toprak berekede beslener

Ene ýere eýelik edýän janypkeş daýhanlarymyz üçin gyzgalaňly günler başlandy. Olar kemsiz ideg edilip, ekişe taýýar edilen topraga ilimiziň desterhanlaryna naz-nygmat, rysgal bolup doljak bereket tohumlaryny ekmäge girişýärler. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, lebaply babadaýhanlar hem häzirki pursatda aýratyn ruhubelentlik ýagdaýyny başdan geçirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan welaýatlar boýunça üstümizdäki ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasynda bellenilenleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli wajyp işe saldamly goşant goşmak hyjuwy bilen joşýarlar. Hormatly Prezidentimiz döwlet berkararlygynyň, ýurt abadançylygynyň sarsmaz sütünleriniň biri bolan azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmek meselesine ilkinji derejeli ähmiýet bermek bilen, oba hojalyk işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen birlikde öňden bellenilenleri abraý bilen berjaý etmek üçin önüm öndürijilere giň goldawyň berilýändigini, olaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şeýle goldaw-hemaýaty ene ýere hyzmat edýän, oňa ukyp-başarnygyny, mähir-yhlasyny bagyş edýän adamlar ýakyndan duýýarlar. Şol sebäpli olar uly höwe

Zeminiň zynaty

Gürrüňiň bag we bagbançylyk barada boljakdygyny meşhur nakylyň bir böleginden ybarat sözbaşydan hem aňansyňyz. Hakykatdan-da, «Bag ― zeminiň zynaty». Şonuň üçin goýry baglygyň deňinden ýylyň hiç bir paslynda-da biparh geçip bolanok. Ululary kiçilerini, kiçilerem topragy penalap duran baglar kalbyňda söze sygmaz duýgulary oýarýar. Şu gezek hem şeýle boldy. Aslynda, ümzügimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigine sarydy. Ýöne fotohabarçymyzyň: «Ine, saňa ýene bir makalalyk sebäp. Bu baglary synla!» diýen sözi özüm ulagyň içinde bolsamam, nirädir bir ýerlere sumat bolan pikirlerimi yzyna dolap getirdi. Hakykatdanam, «Jeýhundan» «Watana» sary uzan ýoluň sag kenary durşuna baglyk bolup durdy. Özem «eýesiniň gözünden suw içýän» baglyk. Ähli zat tertipli, ähli zat endigan, garaz, işlenilýäni daşyndan hem bildirip dur.

Şirin owazly aýdymçy

«Akja kepderiOýna erkana.Päk asmanymdaÝaýna erkana» diýen setirler bilen başlanýan bu aýdym hemmämiziň ýadymyzda bolsa gerek. Heniz çagalar bagyna gatnaýarkak, bu şadyýan aýdymy aýdym-saz mugallymymyzyň öwretmeginde ýerine ýetirip, ata-enemiziň öwgüli sözlerini eşidýärdik. Körpeler bilen söhbetdeş b olanymyzda, çagalygyň şeýle ýakymly ýatlamalaryna az wagtlyk bolsa-da, gaýybana syýahata gidýäris. Madina hem ilkinji gezek çagalar bagynda «Akja kepderini» aýdyp, körpeleriň arasynda geçirilýän şadyýan bäsleşikde deň-duşlaryndan saýlanmagy başarýar. Gürrüňini etjek bolýan gyzymyz Madina Saidowa häzir Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýar. Biz onuň bilen redaksiýamyzda söhbetdeş bolduk. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly Madina üçin begençli habar bilen başlandy. Ol özi ýaly deň-duşlary bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglanyldy. Hawa, Madina körpeliginden aýdym-saza höwesekdi. Onda sungata daýysy Bahtyýar Saidow höwes döretdi. Madina daýysynyň aýdýan aýdymlaryny höwes bilen diňlärdi. Ol çagalar bagyna baranynda aýdym-saz mugallymy Myrat Karaýewden sungatyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar.

Ykbala öwrülen güýmenje

ýa-da häzirkizaman türkmen animasiýasynyň bir wekili bilen söhbet Esasy işimizden daşary meşgullanýan zatlarymyza «güýmenje» diýýäris. Ýöne güýmenje ykbala-da öwrülip biljek eken. Ynha, Hanmyrat Şamyradow hem güýmenjesini ykbalyna öwrenlerden. Ýöne onuň güýmenjesi biziňkä, siziňkä meňzeş däl. Ykbala öwreniňe degýän güýmenje.

Ruhy ahwalatlar — sanlarda

Türkmen halky öz durmuşyndaky ynançlaryny diňe sözüň däl-de, eýsem, sanlaryň üsti bilen hem beýan edipdir. Pederlerimiz käbir sanlary keremli san hökmünde ulanypdyrlar. Hiç wagt öz çuňňur manysyny, gadyr-gymmatyny ýitirmeýän sanlar bilen baglanyşykly nakyllar, atalar sözleri, ruhy ahwalatlar gündelik durmuşymyzda bize ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Esasan hem üç, bäş, ýedi dokuz, on, kyrk ýaly sanlar köp duş gelýänligi bilen tapawutlanýar. Üçlük sanlar köp halklaryň durmuşynda örän uly orny tutýar. Biziň ata-babalarymyz hem üçlükleri ruhy ahwalat hökmünde göz öňüne getirip, olary şeýle kesgitläpdirler:

Hüşgärligi elden bermäň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlaryny ýyly saklamak üçin gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar ulanylýar. Ýaşaýyş jaýlarynda gaz enjamlary ulanylanda, bu enjamlary ulanmaga bildirilýän talaplary gyşarnyksyz berjaý etmek gerek. Gaz bilen işleýän enjamlaryň oturdylan otagynyň penjiresinde howa çalyşmak üçin açylýan bölegi bolmalydyr hem-de köp gatly ýaşaýyş jaýlary howa çalşyjy ulgam bilen üpjün edilmelidir. Gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak gadagan edilýär. Gaz enjamlarynyň tüsse çykarlaryny penjireden ýa-da diwardan daşyna çykaryp goýmak, örän howpludyr. Sebäbi tüsseçykaryň ujy aşak bolanda, onuň howa çekijilik ukyby örän pes bolýar. Şol sebäpden tüsseçykarlary üçegiň gyra deňinden 0,5 metr ýokary çykarmaly. Gaz enjamlaryna gaz hökmany suratda polat, demir geçirijiler arkaly geçirilmelidir.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz!

Nar. Halk lukmançylygynda naryň gabygy, gülleri, miwesi hem-de tohumy sarygetirmede, suwly çişlerde, üsgülewükde, ganazlykda, kellagyryda, diş etiniň ganamasynda, içgeçmede, gaz ýa-da kömür tutmada we gurçuklara garşy serişde hökmünde giňden peýdalanylýar. Naryň miwesini ganazlykda ulanýarlar. Tohumynyň ary baly bilen garylyp taýýarlanylan melhemi howply başly ýaralarda, dişagyryda, burun we gulak kesellerinde haýyrlydyr. Injir. Bu miwe gan lagtalanmasynda juda nepli. Ýapragyny, miwesini siňňile ýapgy etseň, basym aýrylýar. Miwesiniň düýbüni arpa ununa garyp, dömmä ýapsaň, tiz ýumşadýar. Guradylan miwesini süýtde gaýnadyp içseň, gökbogmany dep edýär.

Bedewim — uçar ganatym

Gülden gözel görki bar,Synmaz edep, erki bar,Synlamaga göz gerek,Bedew münse Arkadag. Bedewleriň soltany,Pederleriň goldany,Bütindünýä meşhurdyrArkadagyň Akhany.

Ylham ýaýlasy

WatanymDoýma ýokdur paýhas siňen görküňden,Parahatlyk daň şapagy atanym.Alaňlary kalba owaz namaly,Arkadagly, adyl ýolly Watanym. Erkin guş biz, ýaýylandyr ganatlar,Bagta sary bat alandyr ak atlar.Dostlar dogan boldy, dost boldy ýatlar,Arkadagly, adyl ýolly Watanym.

Ylham ýaýlasy

Yşk heseriÝap boýunda ösüp barýan ak derekSen juda owadan Aýyň yşgyna.Şemal huzuryňa seni soraglap,Gelipdir, düşüp seniň yşkyňa. Maksat tutup saňa sary,Içki syryn ýaňadandanDiýmäge gelipdir ol.Kürekläp yşkyň heserin,Waraklap yşkyň eserin,Diwana bolupdyr ol.

Ylham ýaýlasy

Obam bilen hyýaly söhbetÝaýlasyna kürsäp girip ýaşlygyň,Eýýäm çagalygmy ýitirdim, obam!Şol ýitgimi tapmak üçin goýnuňdanGeçmişi hakyda getirdim, obam! Duýgularmy kebelek deý ga:ýdyran,Şemallar çalyp ýör çagalyk heňim.Köçeleriň gursagyna seretsem,Aýak yzlarymam bar eken meniň.

Yllham ýaýlasy

Garly goşgyGoşgy ýazdy ýigit ojak başyndaGyş güni günuzyn öýde oturyp.Ak gar ýaly ak alkymly ak gyzyGarpamyk deý göz öňüne getirip. Gyzyň kamatyna gyş bilen gardanMeňzetme gözledi agyrdyp başyn.Ýaňaklarny nar deý gyzartjak bolupSowurdy ýüzüne şemalyn gyşyň.

Ylham ýaýlasy

Gyşyň ak gary Gyş sowuk bolsa-da öz ýakymy bar,Şat çagalar buzda typyp oýnaýar.Göwnümi göterýär gyşyň görnüşiGözüm ak garlary synlap doýmaýar.