Zeminiň zynaty

3 Fewral 2021
1607

Gürrüňiň bag we bagbançylyk barada boljakdygyny meşhur nakylyň bir böleginden ybarat sözbaşydan hem aňansyňyz. Hakykatdan-da, «Bag ― zeminiň zynaty». Şonuň üçin goýry baglygyň deňinden ýylyň hiç bir paslynda-da biparh geçip bolanok. Ululary kiçilerini, kiçilerem topragy penalap duran baglar kalbyňda söze sygmaz duýgulary oýarýar.

Şu gezek hem şeýle boldy. Aslynda, ümzügimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigine sarydy. Ýöne fotohabarçymyzyň: «Ine, saňa ýene bir makalalyk sebäp. Bu baglary synla!» diýen sözi özüm ulagyň içinde bolsamam, nirädir bir ýerlere sumat bolan pikirlerimi yzyna dolap getirdi. Hakykatdanam, «Jeýhundan» «Watana» sary uzan ýoluň sag kenary durşuna baglyk bolup durdy. Özem «eýesiniň gözünden suw içýän» baglyk. Ähli zat tertipli, ähli zat endigan, garaz, işlenilýäni daşyndan hem bildirip dur.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.