Ylham ýaýlasy

3 Fewral 2021
977

Obam bilen hyýaly söhbet
Ýaýlasyna kürsäp girip ýaşlygyň,
Eýýäm çagalygmy ýitirdim, obam!
Şol ýitgimi tapmak üçin goýnuňdan
Geçmişi hakyda getirdim, obam!

Duýgularmy kebelek deý ga:ýdyran,
Şemallar çalyp ýör çagalyk heňim.
Köçeleriň gursagyna seretsem,
Aýak yzlarymam bar eken meniň.

Zergül YLÝASOWA,
Dänew etraby.