Geňeşli salamat bolar

1 gün öň
20

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek gününe bäş gün galdy. Nesip bolsa, gazetimiziň indiki sanynda taryhy mejlisden gelip çykýan netijeler bilen bagly makalalary dykgatyňyza hödürläris. Şeýle bolansoň, şu günler taryhy pursatlaryň bosagasynda durandygymyzy aýdyp bileris.

Möhüm meseleleri köpçülik bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar we şondan ugur alýar.

Türkmen gündogary.