Arkadagly Gahryman Serdarly ýeňişli ýollar

1 gün öň
21

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň çuňňur bähbidine ýugrulan mukaddes taglymatyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde okgunly ösüşlere eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyna, medeni-durmuş ulgamyna ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak döwlet syýasatynyň esasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bilen utgaşyp, halk bilen Watanyň birligini, bitewiligini emele getirdi. Ýurdumyzyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bolsa sebitiň, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýol açdy.

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz.