Maksadymyz ― döwrebap hyzmat

8 sagat öň
11

Baş Kanunymyzda görkezilişi ýaly, adam ― ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy. Şeýle bolansoň, raýatlarymyza kanunçylyk tarapyndan döwrebap derejede hyzmat etmek biziň hemişelik aladamyz.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly başlangyçlary netijesinde ildeşlerimiz bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşaýarlar. Täze jaýlary edinýän, satyn alýan, jaý toýlaryny tutýan ildeşlerimiziň sany bolsa barha artýar. Bölümimiz tarapyndan täze jaýlaryň eýesi bolan ildeşlerimize resminamalary doly we dogry düzetmekde ýardamçy bolmak üçin elimizden gelen kömegi gaýgyrmaýarys. Resminamalaryň milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam edýäris.

Aziz SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň Saýat etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.