Baky berkararlygyň bagty

1 gün öň
23

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sargyt edişi ýaly, biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan işler hem-de gazanylýan üstünlikler ulus-ilimiziň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döredýär.

Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrülýär we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň häzirki döwründe ata Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna tutumly işler durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen döwletli ýörelgesine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyna laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.