Baş baýram — göwünleriň tugy

1 gün öň
36

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Annaoraz HÜMMEDOW,
welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.