"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Watanymyzyň daşary syýasy ugry täze belentliklere göterilýär

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maksada okgunlylyk ähli işleriň düýp özeninde bolmalydyr

8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Täzelikler

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Gurluşygy daşary ýurtly meşhur kompaniýalaryň gatnaşmaklarynda milli hünärmenlerimiz alyp barýarlar. Bu desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň esasy çeşmeleriniň birisi elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasynyň ýeterli ätiýaçlyk gorlary hem döredildi. Hut Lebap welaýatynda hem elektrik desgalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy, täze elektrik stansiýalary we beketler işe girizildi, ýene-de möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzdaky döwrebap elektrik desgalary eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň artmagyna hem uly goşant goşýar. Gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berlen elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýene-de güýçlenmegine ýardam berer.* * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda «Müň däne» hususy kärhanasynda ýaş hususyýetçiler bilen duşuşyk maslahaty geçirildi.

Oba milli maksatnamasy — eşrediň, bagtyň özeni

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna girişen döwründe: «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip yglan etmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalplaryna joşgun berdi, nurly ertirlere bolan ynamyny artdyrdy. Belent mertebe we çäksiz ynam bilen aýdylan bu sözler sanlyja ýyllaryň içinde iş ýüzünde özüniň anyk beýanyny hem tapdy. Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanmak bilen, onuň bähbidine gönükdirip amala aşyrýan işleri örän giň gerimli we uly möçberlidir. Hawa, Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatlary halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogup, onuň ykbalyny bagtyýarlyga besledi. Bitirilen bimöçber işleriň netijesinde ata Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi, oba-kentlerimiz, şäherçelerimiz we şäherlerimiz ýaşamak, döretmek üçin has amatly boldy. Şeýle haýran galdyryjy özgerişlikleriň amala aşyrylmagynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda işlenilip düzülen we üstünlikli amala aşyrylan Oba milli maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu maksatnama ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde ýaşaýşyň täze hil derejesini gazanmaga ýardam etdi. 2008-nji ýyldan başlap, häzirki döwre çenli welaýatymyzda bu babatda möhüm işleriň uly toplumy üstünlikli ýerine ýetirildi. Has takygy, Oba milli maksatnamasyna we hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda gürrüňi edilýän döwürde:

Döwletlilik taglymaty dünýä nusgalyk

Jemgyýetiň ösüşindäki demokratik ýörelgeler milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürüldi. Munuň özi bu ugurdaky düýpli özgertmeleriň esasyny goýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasy işini ykdysady özgertmeleriň we medeni-durmuş ulgamynyň ösüşleriniň esaslaryny goýýan kanunlary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge gönükdirdi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda täze kanunlar kabul edildi, öňden hereket edýänleriniň üsti üýtgetmeler we goşmaçalar bilen doldurylyp duruldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda gazanylan oňyn netijeler ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynyň barha kämilleşýändigine anyk subutnamadyr.

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär

Hormatly Prezidentimiz öz belent wezipesini ýerine ýetirmäge girişen ilkinji günlerinden döwleti dolandyrmakda ata-baba ýörelgelerinden pugta goldanyp, ösüşleriň, öňe gitmegiň milli ýolunyň nusgasyny işläp düzdi. Bu bolsa tutuş ykdysadyýetiň hem ösüşlerini kesgitledi. Döwletimiziň syýasatynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň berk binýadynyň goýulmagy il-ýurduň ykbalynyň barha ýokary göterilmegine getirdi. Döwletimiziň geljek döwürdäki syýasatynda hem bu ugurlara berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipe hasap edilýär. Munuň özi döwletiň uzakmöhletli strategiýasy hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini tassyklaýar. Türkmenistan ösüşiň özüni ödän, ata-baba ýörelgelerinden ugur alýan döwletlilik ýörelgesi bilen ynamly öňe gidip, halkyny ýaşaýşyň has kämil hem-de eşretli derejelerine ýetirmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyryp başlan gününden Oguz ýörelgelerini dowam etdirmegi, halka daýanyp, halk bilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip başlamagy il-ýurduň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny buşlady.

Alkyş size Arkadag!

Bitarap, parahat, eziz DiýarymMeniň şatlygymdyr gursagymdaky.Bu gün taryplaýar dilleň hünäri:«Watan ýüregmizde ýaşaýar baky»Ýurdumyz parahat, ilim bagtyýar,Alkyş size, şöhrat size Arkadag! Ak guşlaryň ýaýan ganatlarynda,Abadan ýaşaýşyň ýaňy duýulýar.Uzak menzillerden salam getirenGökde durnalaryň heňi duýulýar.Dünýä uzan ýollarymyz ýagtylýar,Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

Eksport — telekeçiligiň möhüm ugry

Ýakynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz degişli düzümleriň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri goýdy we haryt bolçulygyny döretmekde, ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde hususy kärhanalaryň, telekeçileriň ornunyň uludygyny nygtady. Häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime barabardyr we bu görkeziji ýubileý ýylynda ýene-de artdyrylmalydyr. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň aňyrsynda milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrundaky yzygiderli aladalarynyň durandygyny biz gowy bilýäris. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri üçin döredilýän giň mümkinçilikler olaryň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli işlemekleri üçin oňyn şertleri döredýär. Muny oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda edilýän aladalarda hem aýdyň görýäris. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleri yzygiderli bölünip berilýär. Bu bolsa daş

Halkyň saglygynyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işlerini beýan edýän «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýen ajaýyp jümle bar. Ol ynsan saglygy barada çuňňur garaýyşlary özünde jemlemek bilen dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň many-mazmunyny doly açyp görkezýär. Bu ýörelge döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipe bolmak bilen, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny gazanmaklyga gönükdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan uly üstünlik bolsa, biziň bilşimiz ýaly, ilatyň kesellemeginiň we ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakdyr. Hut şu maksat bilen Ýer ýüzünde häzirki wagtda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, täze wirusyň döredýän ýiti ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän öňüni alyş çäreleri we işleri ýokary depginde dowam edýär. Dünýäde adamzadyň saglygyna uly täsir edýän bu ýiti ýokanç keseliniň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda gyssagly degişli çäreler görüldi. Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda bu keseli döredýän ýokanjyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, ö

Wasp eýleýip bagtyýarlyk döwrüni

Gahryman Arkadagymyz ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günlerinden bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzda beýik özgertmeler gazanyldy, ozal görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüş depgini saklanylýar, jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň-ýylyna artdyrylýar. Bu türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny kepillendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji günleri hem eýýämden üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp zähmet ýeňişleri, il agzybirligi, asuda, abadan durmuşymyz welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň döredýän naýbaşy eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Ynha, golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk konserti hem turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabara welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Yz çalmagyň inçe syrlary

Ýodalary yzlap, ýola ýetmegi nesillere pent edip ýaşaýan halkymyzyň arasynda yzçylyk sungaty aýratyn orny tutupdyr. Türkmen dessanlarynda we ertekilerinde bir kişiniň aýak yzyny yzarlap, onuň ýoldan haçan geçendigini, näme iýip-içendigini bilýän adamlaryň ugurtapyjylygy beýan edilýär. «Görogly» şadessanyndaky: «Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly!» diýlen setirler türkmeniň yzçylyk sungatynyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýanlygyna güwä geçýär. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» eseri esasynda surata düşürilen çeper film tomaşaçylara hödürlenilenden soň, köpler yzçynyň keşbini döreden Akmyrat Bäşimowyň hakyky adyny tutman, oňa «yzçy» diýip ýüzlenipdirler. Sebäbi belli artist bu keşbi döretmek üçin olaryň hereketlerini, özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenipdir.

Mirasymyzyň nepis nusgasy

Türkmeniň ak öýüniň duluny bezän gadymy horjunlar häzirki wagtda muzeý gymmatlyklarynyň hataryna girýär. Şol gymmatlyklary bir ýere jemlemek, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin adamzat muzeý diýilýän täsin dünýäni döredipdir. Ine, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerdäki gymmatlyklary synlasak, geçen müňýyllyklara syýahat eden ýaly bolýarys. Şeýdip asyrlaryň ýaňyna gulak asyp ýörşümize, etnografiýa bölüminde has üýtgeşik ýakymly duýgular kalbymyza dolýar. Sebäbi bu ýerdäki gymmatlyklaryň hersi — giden bir hazyna. Şolaryň hatarynda gadymy horjunlar hem ünsümizi özüne çekýär. Bu medeniýet ojagynda horjunlaryň öýdüme görnüşi hem bar. Öýdüme horjunlar «gylyç» diýlip atlandyrylan gural bilen dokalypdyr. Olaryň nagşy, ýüpi beýleki horjunlaryňkydan ýogynrak bolýar.

Timar berse saçlaryna

Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna şamar saçlaryna timar bermek bilen bagly asylly ýörelgeleri we däp-dessurlary miras galdyrypdyrlar. Daralanda düşen saçlaryny salyp goýar ýaly «saçbukja» tikip beripdirler. Gyzlar akja mata ýazyp, saçlaryny darapdyrlar. Sähetli gün saçlaryny tuduň düýbüne gömüpdirler. Saçlar çem gelen ýere zyňlyp goýberilmändir. Şonuň üçinem nusgawy şahyrlarymyzyň wasp edişi ýaly, şana degende zülpleriň her tary başga-başga bolupdyr. Gyzlara saçbagy bilen saçlaryny örmek öwredilipdir. Saçbag saçyň tozman, ykjam saklanmagyna oňaýly täsir edipdir we gyzlaryň görküne görk goşupdyr.

Gopuzyň owazy şirin

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky geçmiş taryhynda 70-den gowrak dürli saz gurallaryny döredipdir. Şeýle saz gurallarynyň biri bolan gopuzy örän arassa, saýlama demirden ýasapdyrlar. Etrabymyzyň Esgi geňeşliginiň ýaşaýjysy demirçi ussa Nurgeldi Joraýewiň aýtmagyna görä, eger gopuzy ýasap, onuň dilini gije daksaň, owazsyz, gündiz daksaň, goh-galmagally, daňdan — guşlaryň saýraýan säher çaglarynda daksaň, saýrak guş ýaly owazly bolarmyş. Gopuz belli bir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bar. Möçberlerine görä, olaryň sesleri belentli-pesli bolýar. Bu saz guraly eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanylýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary çalmagyň hötdesinden gelip bilýär.

«Goçak» nagşy

Ajaýyp, milli nagyşlar arkama-arka, nesilme-nesil geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Şol nagyşlaryň hersiniň özboluşly taryhy bar. Men hem gadymy türkmen nagyşlary, keşdeleri bilen çagalygymdan bäri gyzyklanýaryn. Mamamyň, ejemiň gadymy nagyşlar baradaky gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňleýärdim. Gadymy türkmen nagyşlaryna zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, nepisligi, arzuw-hyýallary, söýgüsi, wepasy, halallygy siňipdir. Ene-mamalarymyzyň on barmagyň hünärinden dörän ol nagyşlar jadylaýjy gözellige öwrülipdir. Ajaýyp nagyşlar körpelerden başlap, ýaşululara çenli boýdan-başa bezeg beripdir. Diňe munuň bilenem çäklenmän, eýsem, nagyşlar öý goşlaryna, halylara, palaslara, keçelere, joraplara, elliklere we zergärçilik önümlerine-de salnypdyr. Şeýle nagyşlaryň biri-de goçak nagşydyr. Türkmenlerde tamdyrlaryň daşyna hem bu nagşy salmak irki döwürlerden adat bolup galypdyr.

Milli medeniýetimiziň gymmatlyklary özgertmeleriň many-mazmunyna siňdirilmelidir

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Tutumly işleriň depginini çaltlandyrmak ugrunda

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip aýtdy we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi.

Ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerini işjeňleşdirmek — şu günüň wajyp wezipesi

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 10347-nji Kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 3-4-nji ýygyndysynyň 209-njy maddasy) birinji böleginiň Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparynyň düzümini tassyklamak baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly

Oguzhandan gelýän döwletli ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny sowgat etmegi geçen ýylyň iň ýakymly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz ençeme müňýyllyklaryñ dowamynda kemala gelen türkmeniň dünýä nusgalyk ajaýyp sypatlary barada edebi-filosofik mazmunda çuňňur manyly söhbet edýär. Eseriň eýýäm daşary ýurt dillerine hem terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine hödürlenilmegi onuň ähmiýetiniň juda uludygyny tassyklaýar. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan her bir adamyň bu eseri okap, tutuş adamzadyň ösüş taryhynda öçmejek yz goýan halkyň milli gymmatlyklary hakynda giňişleýin düşünje alýandygy düşnüklidir. Okyjylaryň uly söýgüsine eýe bolan kitapda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle sazlaşyklylykda eseriň gymmatyny has beýgeldýän ýene bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. Ýagny halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallarydyr. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy eseri has-da baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eserinde tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünje hem dürli wakalaryň ü