"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy has-da pugtalandy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Köpasyrlyk tejribä, medeni ýakynlyga esaslanyp, biziň ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmegi, goňşy ýaşaýan halklaryň taryhy ykballarynyň bitewiligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri dünýä döwletleri bilen bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda biziň diplomatik wekilhanalarymyz Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Wajyp wezipelerden ugur alýarys

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kararynyň esasynda welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary we maslahatlar geçirilýär. Olarda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we zähmetkeşler toparlarynyň ähli agzalaryny ýurdumyzda ýokary depginlerde alnyp barylýan uly möçberli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Biz pudaklaýyn edara-kärhanalarda hasabat we saýlaw ýygnaklaryny, maslahatlary geçirmek bilen, oňa gatnaşyjylary işgärleriň iş we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, arkalaşyklaryň agzalarynyň, esasan hem, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe-sport, medeni-köpçülik çärelerini, hünär bäsleşiklerini geçirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek bilen bagly işlere işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys. Her bir ilkinji guramada hasabat-saýlaw ýygnaklary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guralyp, olaryň barşynda köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçilik borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirip, zähmetkeşler köpçüliginde uly abraýdan peýdalanýan, ýaşlaryň arasynda halypaçylyk edip, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän göreldeli işgärlere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys. Pudaklaýyn edara-kärhanalaryň gündelik işlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler ark

Berkarar döwletiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň düzgünleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimiziň esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlary özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky ündewleri, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine siňdiren ýürek arzuwlary bu gün öz beýanyny tapýar. Döwrüň badyna, ýurtda gazanylýan ösüşleriň depginine laýyklykda Baş Kanun hem, onuň esasynda kabul edilýän hukuk resminamalary hem yzygiderli özgerdilýär, kämilleşdirilýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň Konstitusion gurluşy kämilleşdirildi hem-de milli Parlamentimiz iki palataly ulgama geçirildi. Şuňa laýyklykda güneşli Diýarymyzy ösdürmek we hemmetaraplaýyn öňe alyp gitmek, şeýle hem jemgyýetimizi kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi. Bu kanunçylyk özgertmeleri ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ýokary belentliklere çykarmak boýun

Türkmen bagtyýarlygynyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we howpsuzlyk taglymatynyň rowaç almagy bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirkizaman diplomatiýasy barha kämilleşýär. Bu günki gün biziň döwletimiziň diplomatiýasy, sözüň doly manysynda, sebit we ählumumy derejede hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, parahatçylyk medeniýetini döretmegiň we özara ynamy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýär. Hut şu mynasybetli şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uly ruhubelentlige beslenýär. Bu baýramçylyk senesi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzyň gülläp ösýändigini, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Zenan mertebesine mynasyp sarpa

Zenan mertebesine, onuň maşgaladaky we jemgyýetdäki ornuna taryhyň gadymy döwürlerinden bäri çäksiz hormat goýulýar. Häzirki eşretli zamanamyzda — hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli gözelligi we mähremligi özünde jemleýän zenan maşgalalaryň sylag-sarpasy has-da belent tutulýar. Milli Liderimiziň zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna, önümçilige işjeň gatnaşyp, ukyp-başarnygy, nusga alarlyk görüm-göreldesi bilen güneşli Diýarymyzyň düýpli özgermegine goşýan goşantlaryna ýokary baha bermegi, şeýle hem hemmetaraplaýyn goldamagy olaryň göwünlerini ganatlandyryp, kalplaryny joşdurýar. Muňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda aýdyň göz ýetirdik. Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige ähli etrapdyr şäherlerden gelen gelin-gyzlaryň 20-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertine görä ýedi ugur boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Sahypamyzyň myhmanlary

Deňiz pyşdyly tennisiň topy ýaly ululykdaky ýumurtgadan çykanyndan soňra, çägelikdäki hininden çykyp, deňze tarap süýşüp başlaýar. Ol suwa ýetýänçä, guş, leňňeç ýaly duşmanlaryndan goranmaga, tolkunlara özüni atanyndan soňra bolsa, beýleki deňiz jandarlaryndan gaçmaga mejbur bolýar. Olar ýumurtgadan çykan ugruna näme etmelidigini we haýsy tarapa ýöremelidigini gowy bilýärler.

Tebigat — bereket hazynasy

Türkmen topragynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu meselelerde dünýä nusgalyk ýörelgä eýerýär we degişli edara-kärhanalaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Olara laýyklykda möhüm resminamalar kabul edilýär. Şeýle resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy hem bar. Bu iri göwrümli maksatnama laýyklykda ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle-de howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan ýaramaz täsirleri kemeltmek bilen, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şeýle ählihalk işine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Biziň goraghananyň direktory Garýagdy Setdarow bilen söhbetdeşligimiz hem şeýle il-ýurt bähbitli işler hakynda boldy. — Garýagdy Setdarowiç, goraghananyň biodürlüligi turuwbaşdan hemmeleri gyzyklandyrýan sowal...

Suwy şypaly gowak

Köwata gowagy Aşgabatdan 100 kilometr günbatarda ýerleşýär. Gowagyň içindäki uly köl suwy suwa düşmek üçin ýaramlydyr. Köwata gowagynyň kölüniň uzynlygy 80 metre, ini 14 metrden 23 metre çenli bolup, iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Onuň suwunyň temperaturasy mydama 33—38 gradus ýylylykda saklanýar. Onuň suwy ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Irki döwürlerden bäri adamlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini bilipdirler hem-de deri we iç kesellerini bejermäge gelipdirler. Onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorod, bejeriş häsiýeti ýokary bolan mikro we makroelementleriň onlarçasy bardyr. Has takygy, onuň suwunda 38 görnüşli himiki elementiň bardygy anyklanyldy. Olar içki we deri kesellerinden başga-da, guragyryny we merkezi degna ulgamyny bejermekde peýdalydyr. Ýöne ýürek gan-damar keselleri bolan we gan basyşy kadaly bolmadyk adamlar gowaga girmekden saklanmalydyrlar. Halk arasynda Köwata hakynda birnäçe rowaýatlar bar. Ýerasty gowagyň we kölüň bardygy baradaky ilkinji ylmy maglumat 1856-njy ýylda peýda boldy. Şondan bäri bu ýer adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda ol bütindünýä jahankeşdeleriniň üns merkezindedir.

Toprak hem-de ýer hakda

Gaty gatlak, Garagaty — sürülýän gatlagyň astyndaky dykyz gaty gatlak. Bu gatlak ýeriň çuň sürülmezliginiň netijesinde emele gelýär. Däneli ekinleriň we pagtanyň 70-80 göterime çemesi gaty gatlagy deşip ösüp bilmeýär. Netijede ösümlikleriň oňat ösüp bilmeýänligi üçin hasyllylygy-da pes bolýar. Gaýyr ýer — derýanyň ada taşlan ýerindäki ekerançylyk ýer. Onuň topragy küpürçäp duran ýumşak bolýar. Derýanyň ýakyndan akýanlygy üçin toprakdan yzgar çykyp durýar. Şonuň üçin oňa düme gawun-garpyz ekilýär.

Gyzylgum — gyzylly hum

Gyrkylyk yzly bu çöl hakynda oýlananyňda, seriňe hut şeýle pikir gelýär. Hakykatdan-da, Gyzylgumuň topragynyň asty-da, üsti-de baýlyklardan doly. Indi birnäçe ýyldan bäri çölümiziň göwsünden «mawy ýangyç» we «gara altyn» gazylyp alynýar. Türkmen tebigy gazy bolsa alysdaky Hytaýa akdyrylýar. Çölümiziň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän owadan we dürli-dürlüdir. Hawa, Gyzylgum çöl däldir, ol behişdiň bir parçasydyr. Onda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri bar. Olar hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Şol sebäpli adamlar Gyzylgumy tebigy dermanhana hasaplap, onda ösýän şol ösümliklerden dertlerine dowa tapýarlar.

Çal möjekler

Möjekleriň agajet, syrdam, dykyz göwresi, inçe aýaklary bardyr. Inçeden gelen uzyn ýüzi, gyýak ýerleşen hyrsyz gözleri, ýere biraz ýetmän duran guýrugy, mydama diýen ýaly dik durýan gulaklary olary itlerden tapawutlandyrýar. Daşdan göräýmäge, olaryň hemmesi birmeňzeş çal bolup görünse-de, olaryň hersiniň ýaşaýan ýerlerine we ýylyň her paslyna baglylykda reňkleriniň, tüýleriniň uzynlygynyň tapawudy bolýar. Ýumşak, agymtyl tüýleriniň arasynda gara, ýogyn gyllaryň bolmagy ähli möjeklere mahsusdyr. Şonuň üçin olara çal möjekler diýilýär. Möjekler çöllerde, baýyrlarda, daglyk ýerlerde ýaşaýarlar, adamlardan gaça durýarlar. Olar çaýlaryň, jarlaryň içinde, urpak ýerlerde, daglyklarda özlerine süren edinýärler. Möjekler tomsuna ýeke, kähalatlarda iki-üç bolup, güýzüne we gyşyna bolsa tutuş maşgalalary bilen orda bolup aw edýärler. Aw awlanlarynda ordanyň ähli agzalary sazlaşykly hereket edýärler. Ýaş möjekler oljany dürli taraplaryndan ürküzip, belli bir ugra tarap gaçmaga mejbur edýärler. Uly möjekler bolsa gerek ýerinde bukulyp, çemine gelende, bat bilen oljanyň üstüne böküp, bokurdagyndan ýapyşýarlar we ony ýere ýykmak bilen bolýarlar.

Bulduraşar şaý-sepinde gaşlary

Almaz daşy adama güýç berýär.Aý daşy dartgynlylygy köşeşdirýär, arzuwçyllygy oýarýar, gahar-gazapdan saplaýar we ylhamyň joşmagyna täsir edýär.Zümerret daşy gözüň görejini ýiteldýär.Pöwrize daşy bagt getirýär.Hakyk şatlyk getirýän daşdyr.Sadap ömrüňi uzaldýar.Ýantar göz degmekden goraýar.Ýakut (lagl) söýgi getirýär.Sapfir wepadarlygy berkidýär.Ametist ýüzüňe ýygyrt düşürmeýär.Nefrit ýyldyrym urmakdan goraýar.Hrizopraz eýesine gaýrat we çydamlylyk berýär.

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin

Keseliň aglabasy agyz boşlugy, dişler bilen bagly bolup durýar. Haçan-da dişlere kadaly ideg edilende, hem-ä olar sagdyn, owadan bolarlar, hem-de birnäçe ýokanç kesellerden goranyp bileris. Elbetde, dişlerimize kadaly ideg etmek öz elimizde bolup, onuň üznüksiz bolmagyny gazanmak gerek. Dişleri agşam ýatmazdan ozal, hökman arassalap ýatmaly. Diş ýuwlandan soň hiç zat iýmeli däl. Sebäbi gije dişde galan iýmit bölekleri çüýräp biler. Irden bolsa, ilki agzyňy suw bilen çaýkap, ertirlikden soňra diş ýuwulsa, has peýdaly bolar. Çünki şeýtmek bilen biz dişleriň arasyndaky iýmit galyndylaryny aýrarys. Dişler ýuwlanda, çotkany aşaky dişlerde aşakdan ýokary, ýokarky dişlerde ýokardan aşak hereketlendirmeli. Azy dişleri gapdallary, üstleri bilen ýuwmaly. Ýörite serişde bilen dişasty etleri hem ýuwmagy ýatdan çykarmaly däl.

Arkadagly Watanda

Her kim bagtyny görýärArkadagly Watanymda.Asudalyk höküm sürýärArkadagly Watanymda. At-owazy Arşa galýar,Bedew batly öňe barýar,Barha işler rowaçlanýarArkadagly Watanymda.

Tämizligiň saglyga täsiri

Eziz Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, olaryň geljekde bilimli-sowatly, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerindäki döwrebap mekdeplerde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynda tejribeli bilim işgärleri zähmet çekýärler. Ata-babalarymyzyň: «Bar zadyň sakasy — saglyk» diýip belleýişleri ýaly, biz hem her günki guraýan okuw sapaklarymyzda çagalarda ýaşlykdan arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek endiklerini kemala getirmäge aýratyn üns berýäris, olara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň hökmanydygyny düşündirýäris. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny düşündirmek bilen birlikde okuwçylara saglygyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky dürdäne nakyllardyr atalar sözlerinden peýdalanýarys. Bu kitapdaky «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Saglyk — baýlyk», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly pähimler bilen okuwçylary tanyşdyryp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, arassaçylyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmegiň möhümdigini aýdýarys. Şeýle-de ellerini ýygy-ýygydan ýuwup durmalydyklaryny, saçlaryny arassa saklamalydyklaryny, dyrnaklaryny wagtly-wagtynda aýyrmalydyklaryny,

Döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwaty netijeli ösdürilýär

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ir bilen «Oguz han» köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine:

Maksat — özgertmeler ýoly bilen öňe gitmek

Ýyllar ýyllardan zyýada. Sebäbi tamamlanýan her bir ýyl halkymyzyň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde gazanylýan uly-uly ösüşlere, düýpli özgerişliklere, ýatda galyjy taryhy wakalara beslenýär. Şonuň netijesinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we eşretli durmuşda ýaşaýan ýurt hökmünde giňden ykrar edilýär. Olar barada geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jikme-jik durlup geçildi. Onda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda geçen ýylda ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Halkymyzyň tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde milli ykdysadyýetde tamamlanan ýylda düýpli ilerlemeler üpjün edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime barabar boldy. Oňyn ösüşler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolup geçdi. Şeýle guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy.

Internet ulgamynyň elýeter nyrhnamalary

Hormatly Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2020—2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu maslahatda maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenilýän Internet we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alýan «Türkmentelekom» we Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) aragatnaşyk kärhanalary müşderileri üçin internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli arzanlatdy. Bu barada kompaniýalaryň resmi web sahypalarynda maglumatlar ýerleşdirildi. Şeýle hem aragatnaşyk kompaniýalary Türkmenistanyň guramalary, kärhanalary we bilim edaralary üçin bahalary hem has elýeter etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýar

Baglar gülledi

Golaýda gazetimiz bilen ýygy aragatnaşyk saklaýan kerkili bilim işgäri Ödegeldi Kulyýew redaksiýa jaň edip, etrapda baglaryň gülläp başlandygyny we tebigatyň täze keşbini surata düşürendigini habar berdi. Ol öňki ýyllarda, adatça, badamyň ir gülleýändigini, ýöne şu ýyl ilkinji bolup erigiň gülländigini hem sözüniň üstüne goşdy. Bu habar bereketli türkmen topragyna şahandaz bahar paslynyň golaýlap gelýändigine şaýatlyk edýär. Gyşyň soňky aýynda howanyň ýyly gelmegi tebigatyň ir janlanmagyna getirdi. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa halk senenamamyz boýunça çarwa gyşy tamamlanyp, hut döwri başlanýar. Ol 21-nji fewraldan 22-nji marta çenli dowam eder. Bu döwür daýhanlaryň ýaz-meýdan işlerine gyssanmaly döwrüdir. Welaýatymyzyň babadaýhanlary häzirki günlerde ýeralmadyr beýleki gök ekinleriň ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Baglaryň güllemegi bolsa sygyr ýylynyň bereketli boljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr.