Suwy şypaly gowak

17 Fewral 2021
2042

Köwata gowagy Aşgabatdan 100 kilometr günbatarda ýerleşýär. Gowagyň içindäki uly köl suwy suwa düşmek üçin ýaramlydyr. Köwata gowagynyň kölüniň uzynlygy 80 metre, ini 14 metrden 23 metre çenli bolup, iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Onuň suwunyň temperaturasy mydama 33—38 gradus ýylylykda saklanýar. Onuň suwy ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Irki döwürlerden bäri adamlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini bilipdirler hem-de deri we iç kesellerini bejermäge gelipdirler. Onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorod, bejeriş häsiýeti ýokary bolan mikro we makroelementleriň onlarçasy bardyr. Has takygy, onuň suwunda 38 görnüşli himiki elementiň bardygy anyklanyldy. Olar içki we deri kesellerinden başga-da, guragyryny we merkezi degna ulgamyny bejermekde peýdalydyr. Ýöne ýürek gan-damar keselleri bolan we gan basyşy kadaly bolmadyk adamlar gowaga girmekden saklanmalydyrlar. Halk arasynda Köwata hakynda birnäçe rowaýatlar bar.

Ýerasty gowagyň we kölüň bardygy baradaky ilkinji ylmy maglumat 1856-njy ýylda peýda boldy. Şondan bäri bu ýer adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda ol bütindünýä jahankeşdeleriniň üns merkezindedir.

Nurulla TÄÇNAZAROW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň işgäri.