Wajyp wezipelerden ugur alýarys

17 Fewral 2021
1075

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň kararynyň esasynda welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary we maslahatlar geçirilýär. Olarda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň we zähmetkeşler toparlarynyň ähli agzalaryny ýurdumyzda ýokary depginlerde alnyp barylýan uly möçberli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Biz pudaklaýyn edara-kärhanalarda hasabat we saýlaw ýygnaklaryny, maslahatlary geçirmek bilen, oňa gatnaşyjylary işgärleriň iş we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, arkalaşyklaryň agzalarynyň, esasan hem, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýe-sport, medeni-köpçülik çärelerini, hünär bäsleşiklerini geçirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek bilen bagly işlere işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys. Her bir ilkinji guramada hasabat-saýlaw ýygnaklary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guralyp, olaryň barşynda köp ýyllaryň dowamynda jemgyýetçilik borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirip, zähmetkeşler köpçüliginde uly abraýdan peýdalanýan, ýaşlaryň arasynda halypaçylyk edip, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän göreldeli işgärlere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys. Pudaklaýyn edara-kärhanalaryň gündelik işlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamasynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine, demokratik ýörelgeleriň giňden ornaşdyrylyşyna, maslahatlarda, ýygnaklarda agzalarymyzyň bähbitleriniň, olaryň öz garaýyşlaryny düşündirmäge bolan hukuklarynyň hormatlanylmagyna ýardam etmegi özümiziň ilkinji borjumyz hasaplaýarys.

Gunça ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.