"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça meýilleşdirilen çäreler, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçil

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler

Welaýatymyzda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli maldarçylyk hojalyklarynyň tejribeli dowardarlary ene mallardan sagdyn owlak-guzy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Welaýatymyz boýunça maldarçylyk hojalyklarynyň 8-si bolup, olarda ene mallaryň 84,4 müňe golaýy bakylýar. Olardan şu möwsümde owlak-guzularyň 76,6 müňden gowragyny almak meýilleşdirilýär. Jemgyýetçilik mallarynyň orta we ýokary semizlikde gyşladylmagy, möwsüme taýýarlykly girişilmegi gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň buý­sanç­ly ga­dam­la­ry

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak aja­ýyp gym­mat­lyk­dyr. Döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne gö­te­ri­len bu be­ýik gym­mat­ly­gy mi­ze­mez­li­giň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr. Hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gyn­da ― mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň er­kin, pa­ra­hat, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­mak ba­ra­da­ky süý­ji ar­zuw­la­ry, be­lent mak­sat­la­ry, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly taryhy, şu gü­ni hem-de be­ýik gel­je­gi jem­le­nen­dir. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edi­le­ni­ne şu ýyl te­ge­lek 30 ýyl bol­ýar. Bu ta­ryh üçin on­çak­ly uzak bol­ma­dyk möh­let bol­sa-da, türk­men hal­ky üçin ägirt uly öz­ge­riş­likle­riň, öz­gert­me­le­riň, röw­şen gel­je­gi gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň, ag­zy­bir hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň gül­läp ösen döw­rü­dir. Ge­çen bu gys­ga döw­rüň için­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bol­sa sa­nar­dan kän­dir. Häzirki bagtyýarlyk döwrü­mizde türk­men döw­le­ti­niň şan-şöh­ra­ty dün­ýä ýa­ýy­lyp, hal­ky­my­zyň mer­te­be­si has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li ýö­red­ýän döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­ýan hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si­niň göz­ba­şyn­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­

Yl­my özgertmelere sal­dam­ly go­şant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Dünýä ylmyndaky iň täze gazanylanlar, döwrebap tehnologiýalar ylym-bilim edaralarynyň işine giň gerimde ornaşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýulýan wajyp wezipeleri amala aşyrmak üçin ýaşlary döwrebap okatmak, kesbine kämil hünärmenleri ýetişdirmek işini barha kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Bu ugurda birnäçe döwlet resminamalary taýýarlanylýar we amalyýete ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanylan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda bu ugurdaky dersleri okatmagyň usullary jikme-jik beýan edilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ylmynyň we döwrüň ýokary tizlikdäki ösüşinden ugur alyp, matematikany okatmagyň usulyýeti, ylmy-derňew işleriň esaslary, matematikanyň taryhy ýaly dersleriň okuw maksatnamalaryna özgertmeleri girizmek wajypdyr. S

Ar­ka­dag gur­dur­dy kuw­wat­ly des­ga

Şu ýy­lyň 15-nji ýan­wa­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ma­laý» gaz kä­nin­de bo­lup, bu ýer­de gur­lan gaz gy­sy­jy des­ga­nyň işi­ne ak pa­ta ber­di. Bu ta­ry­hy wa­ka my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra gat­naş­mak ma­ňa-da mi­ýes­ser et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da tä­ze gu­rul­ýan des­ga­lar­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň ta­lap­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Kuw­wat­ly des­ga­nyň bu ba­bat­da­ky ka­da­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da des­ga­da zäh­met çek­ýän­ler üçin amat­ly iş we dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Kuw­wat­ly des­ga­nyň kä­mil komp­ýu­ter­le­riň we aw­to­ma­ti­ki en­jam­la­ryň üs­ti bi­len do­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa iş­le­mek üçin goş­ma­ça amat­ly­lyk­la­ry dö­red­ýär. Te­bi­gy gaz ýur­du­my­zyň uly baý­ly­gy bo­lup, ol ösüş­le­re, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ila­tyň ýa­şaý­şy­ny aba­dan­çy­ly­ga bes­le­mä­ge hyz­mat ed­ýär. Ma­laý­dan türk­men ga­zy­nyň alys­da­ky Hy­taý döw­le­ti­ne bök­denç­siz ak­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da­ky äh­mi­ýet­li işe dür­li hü­när­li iş­gär­le­ri­miz ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar. Olar kuw­wat­ly des­ga­da iş­le­riň saz­la­şyk­ly git­me­gi­ni, «ma­wy ýan­gy­jyň» aky­my­nyň üz­nük­siz bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da t

Şan­ly ýyl şöh­rat ge­tir­ýär

2021-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy. Bu şy­gar hal­ky­my­zyň hoş­ni­ýet­li­lik, dost-do­gan­lyk, bi­rek-bi­re­ge he­ma­ýat et­mek, ar­ka­laş­mak ýaly asylly ýö­rel­ge­le­ri­niň mynasyp dowam etdirilýändigini ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len açyp gör­kez­ýär. Ýur­du­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­syz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň aja­ýyp şy­ga­ry bu mak­sat­la­ryň, asyl­ly iş­le­riň be­lent bin­ýa­dy­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş pel­se­pe­si­niň öze­ni­ni düz­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ber­kit­mek hal­ky­my­zyň Oguz han Türkmeniň za­ma­nyn­dan bä­ri yg­rar­ly ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýö­rel­ge hä­zir­ki gün­de za­ma­na­bap maz­mun­da Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni hiç bir ba­bat­da üns­den dü­şür­me­ýän yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­dyr. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­li

Zäh­met gatnaşyklarynyň hukuk kadalary

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy mak­sa­dy ýur­duň gül­läp ös­me­gi üçin yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy top­la­nan tej­ri­be­ler we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry esa­syn­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ada­myň zäh­met çek­mä­ge, öz is­le­gi­ne gö­rä hü­när, kär we iş ýe­ri­ni saý­lap al­ma­ga, sag­dyn hem howp­suz zäh­met şert­le­ri­ne bo­lan hu­ku­gy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hu­kuk ka­da­la­ry yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we zäh­me­ti go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, onuň esa­syn­da zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, döw­re­bap zäh­met ba­za­ry­ny, iş bi­len üp­jün­çi­li­giň dur­muş ke­pil­len­dir­me­le­ri ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­mek ba­ra­da­ky çä­re­le­riň giň top­lu­my­ny göz öňün­de tut­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­kyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da ila­tyň

Maksadalaýyk işler ýola goýulýar

Şu gün­ler kär­ha­na­myz­da ge­çen ýylyň dowamynda ýyg­na­lan pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Kär­ha­na­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri işiň bök­denç­siz al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny ga­zan­ýar­lar. Pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­ni­le­nin­den soň on­dan alyn­ýan önüm­ler ýur­du­my­zyň dür­li kär­ha­na­la­ry­na ibe­ril­ýär. Ol önüm­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni pag­ta sü­ýü­mi tut­ýar. Onuň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy, ka­bul edi­len ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­gi bu önü­me bo­lan is­le­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Kär­ha­na­myz­da ön­dü­ri­len pag­ta sü­ýü­mi­ne di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem uly is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi bi­zi gu­wan­dyr­ýar. Çün­ki biz se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­nilen çig ma­lyň hi­li­niň önüm­le­riň hi­li­ne-de gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýän­di­gi­ne go­wy dü­şün­ýä­ris. Kär­ha­na­myz­da pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­ni­lip alyn­ýan önüm­le­riň ýe­ne-de bi­ri go­wa­ça çi­gi­di­dir. Biz et­ra­by­my­zyň daý­han bir­le­şik­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün ed­ýä­ris. Ýag­ny to­hum­lyk go­wa­ça ekil­jek daý­han bir­le­şik­le­ri bi­len ir­gö­zin­den de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ze­rur bo­lan to­hum­lyk çi­git taý­ýar­la­ny­lan­dan soň hü­när­men­le­ri­miz ola­ryň gö­ge­ri­şe ukyp­ly ýag­daý­da sak­la­nyl­ma­gy üçin ala­da­lan­ýar­lar. Ç

Zehinli ýaş­la­ryň şowly ga­dam­la­ry

Bir ge­zek akyl­dar­la­ryň bi­rin­den yly­ma kes­git­le­me ber­me­gi­ni so­rap­dy­lar. Şon­da ol: «Ylym ― ha­sy­ly­ny çöp­läp bol­ýan ekin, ho­şa­sy­ny ýyg­nap bol­ýan gal­la, mi­we­si­ni dadyp bol­ýan da­ragt­dyr, em­ma ol peý­wag­ty­na ös­ýän dü­me eki­ni däl­dir. Ylym ― deňziň düý­bün­dä­ki dür, çölüň as­tyn­da­ky ha­zy­na, dagyň gur­sa­gyn­da­ky göw­her­dir, ýö­ne ol aň­sat ga­za­nyl­ýan genç däl­dir. Ylym ― be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýän bas­gan­çak, mak­sa­da ýa­kyn­laş­dyr­ýan müm­kin­çi­lik, men­zil­le­re ýetirýän ýodadyr, ýö­ne ol ýa­daw­syz ötül­ýän ýol däl­dir» di­ýip jo­gap be­rip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ylym-bilim edaralarynyň işini kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler oňyn mi­we­le­ri­ni ber­ýär. Bi­lim dün­ýä­sin­de ga­nat ýa­ýyp, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ylym-bi­li­me sarp ed­ýän ýaş­la­ry gö­re­niň­de, ola­ra bo­lan buý­san­jyň art­ýar. Şeý­le ze­hin­li, bi­lim­li ýaş­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­niň mun­dan beý­läk-de beý­ge gö­te­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant­ goş­jak­dyklary­na bo­lan yna­myň pug­ta­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da yl­ymy we bi­li­mi ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň aja­ýyp mi­we­si­ni eçil­ýän­digi­ türk­men ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän ders, tas­la­ma bäs­le­şik­le­rin­de ga­zan­ýa

Bag­la­ra ide­g edil­ýär

Ha­lal iş­läp, ha­lal ba­ýa­mak döw­let­li­lik­den ny­şandyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz «Çek­seň zäh­met — ýa­gar rähnet» di­ýip ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem ga­dy­my Le­bap top­ra­gy­nyň ba­ba­daý­han­la­ry­nyň-da hä­zir­ki wagt­da äh­li üns-ala­da­la­ry, ba­şar­nyklary, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti saçak­la­ry­my­zyň rys­gal-be­re­ke­di­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Gyş gün­le­ri bag­la­ra ideg et­mek olar­dan bol mi­we al­ma­gyň ala­da­sy­dyr. Bag­lar — bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi. Ola­ra öz wag­tyn­da we göw­ne­jaý ideg edil­me­gi hem esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu işe us­sat­lyk bi­len höt­de gel­ýän bag­ban­la­ryň bi­ri hem Ha­laç et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň 3-nji kä­ren­de­çi­ler to­pa­ry­nyň bag­ba­ny An­na­gel­di Gal­ka­now­dyr. Bu kä­ren­de­çi­ler topa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Al­la­be­ren Abdy­we­li­ýew, baş ag­ro­no­my Mer­dan Ça­ry­ýew da­gy bag­ban An­na­gel­di aga­nyň ba­ga ber­ýän ide­gin­den ju­da ho­şal. An­na­gel­di Gal­ka­now hä­zir­ki wagt­da 1,6 gek­tar ýer­de ýer­leş­ýän ba­gy­na ideg ed­ýär.

«Ker­ki-500» — döw­re­bap elekt­rik bekedi

Şu ýy­lyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aki­na — And­hoý men­zil­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­luň, Ker­ki — Şi­bir­gan ug­ry bo­ýun­ça güý­je­nme­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, şeý­le hem Ymam­na­zar — Aki­na hem-de Ser­heta­bat — Tur­gun­dy op­ti­ki-sü­ýüm­li hal­ka­ra ul­ga­myň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­di. Şeý­le des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ow­ga­nys­ta­nyň se­na­gat we dur­muş-üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi­ne, ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Ýur­du­myz­da elekt­rik to­gu­ny art­dyr­mak ba­ra­da uly we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar we ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da goň­şy Ow­ga­nys­tan döw­le­ti­ne ibe­ril­ýän kö­mek — elekt­rik to­gy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Öň ow­gan hal­ky­na 110 ki­lo­wolt­lyk ge­çi­ri­ji ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy ibe­ril­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len kuw­wat­ly­ly­gy ba­bat­da se­bit­de ýe­ke-täk ha­sap­la­nyl­ýan «Ker­ki-500» elekt­rik be­ke­di Ow­ga­nys­ta­na 220 ki­lo­wolt­lyk elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ber­ýär.

Maşgala

Ol ülkäniň meşhur suratçylaryndan hasaplanylýardy. Emma onuň öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Ol bir gün has gowy eseri döretmegi ýüregine düwdi. Ýöne birnäçe günläp oýlansa-da, aklyna üýtgeşik pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan: ― Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma anyk bir zady saýlap bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? ― diýip sorapdyr.

Ýeňişli ýollara badalga

Şol gün etrapdaky Dostluk bagynyň meýdançasynyň daş-töweregi toý lybasyna beslenipdi. Güneşiň çogy, howanyň hoştaplygy bu ýere üýşen adamlaryň meňzine mähir, kalbyna şatlyk çaýýardy. Meýdançanyň bir ýerinde sungat ussatlarynyň aýdymdyr sazlarynyň owazy alyslara ýaň salsa, ýene bir ýerinde wäşileriň gülküli degişme sahnalary mähelläniň göwnüni göterýärdi. Doganlar Guwançdyr Batyr hem deň-duşlary bilen bilelikde bu ýere gelipdiler. Türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilip duran ýerindäki şowhunly sesler olaryň ünsüni özüne çekdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlar öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar mynasyp baýraklar bilen sylaglanylýardy. Tälimçi şol wagt ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini teklip etdi. Guwanç deň-duşlarynyň arasynda güýjüni synap görmek üçin ilkinjileriň biri bolup meýdança çykypdy. Şol gün garşydaşyny ýeňmegi başaran ýaş ýigidi tomaşaçylaryň «Berekella, pälwan ýigit, berekella!» diýip, şowhun bilen garşylamagy diýseň ruhlandyrypdy. Guwanja bu ýeňşi üçin ýadygärlik sowgady hem gowşurylypdy. Şeýdibem ol sportuň bu görnüşine imrinip gidipdi. Ol Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, mekdebiň halypa tälimçisi Narmämet Gur

Körpeler degişýärler

Dermanhanada.― Jigim üçin witamin gerek.― Haýsysyndan gerek? «A», «B» bar ýa-da «C» gerekmi?― Haýsy bolsa-da tapawudy ýok. Jigim entek harplary tananok. * * *― Eje, bular balygyň nämesi?― Teňňeleri, oglum!― Baý, bu balyklary! Olar teňňelerini gapjyga salman, köýnek edinip geýýän ekenler-ow! * * *― Oglum, sapaklaryňa haçan taýýarlanjak?― Kinodan soň.― Kinodan soň giç bolmazmy, balam?― Okamak üçin hiç wagtam giç däldir, eje! * * *― Sen ejeňe kömekleşýärmiň?― Elbetde. Düýn men oňa oýunjaklarymy ýygnaşmaga kömekleşdim. * * *― Siziň üzümiňiz bişdimi?― Biz üzüm bişiremzok, çorba bişirdik.* * *Söhbet:― Mekan, näme üçin geografiýa mugallymy seni sapakdan soň alyp galdy?Mekan:― Kartadan Ufany tapyp ber! ― diýdi. Men tapyp bilmedim.Söhbet:― Nirede goýanyňy ýadyňdan çykaran bolaýma!

Döwletli ojagyň enesi

Arada öýümizde çaý başyndaky söhbetdeşlik kärende ýerimiz bilen baglanyşykly gürrüňlerden başlandy. Kakamyň öz çagalyk ýyllaryny ýatlap, mamama beren sowaly meni-de gyzyklandyrdy. Mamam: «Kakaň pahyr şol döwürde daýhan birleşigiň mirabydy. Ondan maslahat sorap gelýänleriň yzy üzülmezdi. Daýhan birleşigine synpdaşyň Tahyryň ejesi Rozyhal ýolbaşçylyk edýärdi. Ýaş gelin-gyzlar bolup üýşüp, işe giderdik. Ýyl-on iki aý günümiz atyz-pellerde geçerdi. Ýadamany-ýaltanmany bilmän işlärdik. Şeýdibem daýhan birleşik atly hojalyga öwrülipdi. Rozyhala asylly zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen at berlen ýyllary hem şol döwürlere gabat gelýär» diýip, gürrüň berdi. Şol gün hepdäniň dynç günüdi. Men bu gyzykly gürrüňleriň täsirini gaçyrman, çaýdan soň Rozyhal enä duşup, gürrüňdeş bolmaga howlukdym. Biz bir köçäniň ugrunda ýaşaýarys. Aramyz o diýen daş hem däl. Rozyhal ene bilen söhbetdeş bolmak üçin berjek sowallarym barada oýlanyp barşyma, olaryň öýüniň deňine ýetenimi duýman galypdyryn. Ol ýerde biraz sägindim. Giň howlynyň daş-töwereginde ýetişdirilen miweli agaçlardyr dürli görnüşli güllere syn edip durşuma öz ýanymdan: «Baglara gowy ideg edilişinde enäniň maslahaty uly bolmaly» diýip, içimi gepletdim.

Çagalaryň söý­gü­li mult­fil­mi

Ça­ga­la­ryň uly hö­wes bi­len to­ma­şa edýän «Dur, ba­ka­ly!» mult­fil­mi­niň dö­re­di­le­ni­ne 51 ýyl dol­sa-da, ol iň söý­gü­li mult­film­le­riň ha­ta­ryn­dadyr. Mult­film 1969-njy ýyl­da «So­ýuz­mult­film» stu­di­ýa­sy­nyň re­žiss­ýo­ry Gen­na­diý So­kolsk ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Ol il­kibaş­da 3 sa­ny gys­ga sýu­žet­den yba­rat bo­lup­dyr. Mult­film­de mö­je­giň tow­şan­jy­gy yzar­laý­şy we her ge­ze­gem bir şow­suz­ly­gyň üs­tün­den bar­şy gy­zyk­ly wa­ka­la­r arkaly su­rat­lan­dy­rylýar. Je­mi 20 bö­lüm­den yba­rat bo­lan bu mult­fil­miň bö­lüm­le­ri dür­li ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­dir. Her bö­lü­miň dür­li-dür­li ýer­ler­de, me­se­lem dü­kan­da, mu­zeý­de, se­ýil­gäh­de, sta­dion­da, met­ro­da, sirk­de su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi mult­fil­mi özü­ne çe­ki­ji ed­ýär. Onuň gy­şyň gar­ly gün­le­ri­ni su­rat­lan­dyr­ýan we tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan bö­lüm­le­ri has-da gy­zyk­ly. Tä­ze ýyl ag­şa­my bel­le­nil­ýän bö­lü­min­de mö­je­giň we tow­şan­jy­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Aýaz­ba­ba­nyň we Gar­pa­my­gyň» aý­dy­my ýö­ri­te şu mult­film üçin ýa­zy­lyp­dyr. Gah­ry­man­la­ra bel­li akt­ýor­lar Ana­to­liý Pa­pa­now we Kla­ra Rum­ýa­no­wa ses be­rip­dir­ler.

Hünäre höwes, geljege ynam

Bu gojaman dünýäde her ynsan öňünde maksat goýýar we oňa ýetmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Ýüreginde beslän arzuwlarynyň wysal tapmagy ugrunda göreşýär. Özüne hünär saýlaýar, kem-kemden kämilleşýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, çaganyň şol döwürde öýde ene-atalar, çagalar bagynda terbiýeçiler, mekdepde mugallymlar tarapyndan mähir, üns-alada bilen gurşalyp alynmagy gerek. Şeýle bolanda, ol öz ukyp-başarnygyny doly açyp görkezmegi, özüne hünär saýlamagy başarýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň çagalygyndan göwün söýen kesp-käri bilen gyzyklanmaklaryny artdyrmak we okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen mekdepden daşary bilim edaralary hereket edýär. Olaryň biri-de Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüdir. Indi otuz bäş ýyldan bäri işläp gelýän bu döredijilik ojagynyň bilim işgärleriniň esasy wezipesi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormat-sarpany kemala getirmek, edep-ekramly, bilim-sowatly, ukyp-başarnykly, zehinli hem başarjaň ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Bu ýerde ýaşlara halyçylyk, keşdeçilik — milli nagyş, biçimçi-tikinçi, aýdym-saz, tans, milli miras, çeper eller, ýaş tebigaty söýüjiler, ýaş aşpezler, ýaş suratçylar ýaly ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde hem-de etrabyň çägindäki orta mekdeplerde bu ugurl

Dertlere derman geçi süýdi

Garry enem çagalary ýaş wagtlary geçi sagar eken. Olar sürüden ýeke dogan, uly geçileriň ona golaýyny saýlap alypdyrlar. Ertir irden sürä goşmazdan öň, meýdanda owlaklary emmez ýaly geçilere ýelinse geýdirip, örä goýberipdirler. Meýdandan gelenden soň olary sagypdyrlar. Geçi süýdi has ýokumly we örän peýdalydyr. Geçi süýdüni içýän çagalar sagdyn bolýarlar. Nähoşlan çagalara geçi süýdüni içirseň, tiz sagalýar. Sebäbi geçi süýdüniň kesele garşy göreşijiligi örän ýokarydyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, onda belogyň mukdary 4-5 göterime deň. Sygyr süýdünden tapawutlylykda onda demir, magniý, kalsiý, marganes, mis, sink, fosfor, kaliý ýaly maddalar birnäçe esse köp. Onuň esasy aýratynlygy bolsa örän çalt siňýänligindedir. Aşa semizlikden ejir çekýän adamlara hem geçi süýdüni içmeklik maslahat berilýär. Ol esasan, ýüregiň urşuny kadalaşdyrýar.

Jümle-jahan habarlary

Antilopa jülgesi