Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy maksady ýurduň gülläp ösmegi üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy toplanan tejribeler we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary esasynda kämilleşdirilýär. Adamyň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine bolan hukugyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen hukuk kadalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak we zähmeti goramak boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, onuň esasynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, döwrebap zähmet bazaryny, iş bilen üpjünçiligiň durmuş kepillendirmeleri ulgamyny emele getirmek baradaky çäreleriň giň toplumyny göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz halkyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda ilatyň ýaş boýunça düzüminiň köp bölegini zähmete ukyply ýaşdaky adamlar tutýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde raýatlaryň erkin zähmet çekmeklerine, islegine görä kär we iş ýerini saýlap almaklaryna, öz çeken zähmetiniň möçberine hem hiline laýyk hak almaklaryna, şeýle-de iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenilmegine, her ýylky tölegli zähmet rugsatlaryna, her hepdede dynç günleriniň berilmegine bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekligi göz öňünde tutulýar. Kodeksiň toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, jemgyýetçilik-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, kämilleşdirilen kadalaryň birnäçesiniň bir hukuk resminamasynda jemlenilendigi üçin onuň ähmiýeti has uludyr. Raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemek, zähmetiň amatly şertlerini döretmek, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak kodeksiň esasy maksatlary bolup durýar. Bu kodeks 21 bölümden 410 maddadan ybarat bolup, öňki hereket eden Kodeksden has köpugurlydygy bilen tapawutlanýar.