Şu günler kärhanamyzda geçen ýylyň dowamynda ýygnalan pagta hasyly gaýtadan işlenilýär. Kärhananyň garamagyndaky pagta kabul ediş harmanhanalarynyň hünärmenleri işiň bökdençsiz alnyp barylmagyny gazanýarlar. Pagta hasyly gaýtadan işlenileninden soň ondan alynýan önümler ýurdumyzyň dürli kärhanalaryna iberilýär. Ol önümleriň esasy bölegini pagta süýümi tutýar. Onuň ýokary hilli bolmagy, kabul edilen kadalara laýyk gelmegi bu önüme bolan islegiň ýokary bolmagyny şertlendirýär. Kärhanamyzda öndürilen pagta süýümine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýändigi bizi guwandyrýar. Çünki biz senagat taýdan gaýtadan işlenilen çig malyň hiliniň önümleriň hiline-de gönüden-göni täsir edýändigine gowy düşünýäris.
Kärhanamyzda pagta hasyly gaýtadan işlenilip alynýan önümleriň ýene-de biri gowaça çigididir. Biz etrabymyzyň daýhan birleşiklerini ýokary hilli tohum bilen üpjün edýäris. Ýagny tohumlyk gowaça ekiljek daýhan birleşikleri bilen irgözinden degişli işler alnyp barylýar. Zerur bolan tohumlyk çigit taýýarlanylandan soň hünärmenlerimiz olaryň gögerişe ukyply ýagdaýda saklanylmagy üçin aladalanýarlar. Çigit saklanylýan ammarlar wagtynda talabalaýyk ýagdaýa getirilýär we zyýankeşlere garşy serişdeler bilen dermanlanylýar. Ammarlaryň içinde gerekli ýylylyk we çyglylyk üpjün edilýär. Häzir daýhan birleşiklerine iberiljek tohumlar taýýar edildi.