Körpeler degişýärler

22 Fewral 2021
1164

Dermanhanada.
― Jigim üçin witamin gerek.
― Haýsysyndan gerek? «A», «B» bar ýa-da «C» gerekmi?
― Haýsy bolsa-da tapawudy ýok. Jigim entek harplary tananok.
 * * *
― Eje, bular balygyň nämesi?
― Teňňeleri, oglum!
― Baý, bu balyklary! Olar teňňelerini gapjyga salman, köýnek edinip geýýän ekenler-ow!
 * * *
― Oglum, sapaklaryňa haçan taýýarlanjak?
― Kinodan soň.
― Kinodan soň giç bolmazmy, balam?
― Okamak üçin hiç wagtam giç däldir, eje!
 * * *
― Sen ejeňe kömekleşýärmiň?
― Elbetde. Düýn men oňa oýunjaklarymy ýygnaşmaga kömekleşdim.
 * * *
― Siziň üzümiňiz bişdimi?
― Biz üzüm bişiremzok, çorba bişirdik.
* * *
Söhbet:
― Mekan, näme üçin geografiýa mugallymy seni sapakdan soň alyp galdy?
Mekan:
― Kartadan Ufany tapyp ber! ― diýdi. Men tapyp bilmedim.
Söhbet:
― Nirede goýanyňy ýadyňdan çykaran bolaýma!