Dertlere derman geçi süýdi

22 Fewral 2021
1407

Garry enem çagalary ýaş wagtlary geçi sagar eken. Olar sürüden ýeke dogan, uly geçileriň ona golaýyny saýlap alypdyrlar. Ertir irden sürä goşmazdan öň, meýdanda owlaklary emmez ýaly geçilere ýelinse geýdirip, örä goýberipdirler. Meýdandan gelenden soň olary sagypdyrlar. Geçi süýdi has ýokumly we örän peýdalydyr. Geçi süýdüni içýän çagalar sagdyn bolýarlar. Nähoşlan çagalara geçi süýdüni içirseň, tiz sagalýar. Sebäbi geçi süýdüniň kesele garşy göreşijiligi örän ýokarydyr.

Alymlaryň aýtmaklaryna görä, onda belogyň mukdary 4-5 göterime deň. Sygyr süýdünden tapawutlylykda onda demir, magniý, kalsiý, marganes, mis, sink, fosfor, kaliý ýaly maddalar birnäçe esse köp. Onuň esasy aýratynlygy bolsa örän çalt siňýänligindedir. Aşa semizlikden ejir çekýän adamlara hem geçi süýdüni içmeklik maslahat berilýär. Ol esasan, ýüregiň urşuny kadalaşdyrýar.

Gözel GYLYJOWA.